ÝEKIRILEN DÜNÝÄŇE (Nirvanan arhiwinden oýlanmalar)

Ýekirilen dünýäňe
Ondan-mundan…
Bolmasyz zatlar bolar. Gutarmaly däl zatlar gutarar. Gitmeli däller gider. Gelmegine mätäçlik duýulan bolsa, hiç gelen däldir. Bularyň arasynda käwagt mätäç ýaly duýýan ýekeje zadymyz, radioda iň gowy görýän aýdymymyzyň aýdylmagydyr. Olam bolmaz.
Söýýän diýerler, söýmek aňyrda dursyn, söýgä degişli kiçijek bir duýgam saklamazlar içlerinde. Gitjek däl diýselerem ilki bilen senden giderler. Dogrylary ynsana ýalan diýip ýuwutdurarlar. Bar bolan zatlar ýok ediler, ýok bolanlar bolsa bar…
Ynsanyň içinde göterýän duýgulary bar wagty, nirede bolanynyň kän bir zerurlygy ýok. Esasy zat duýgularynyň hakykat paýy.
Ynsanlaryň söýmese-de, manyly sözlemler bilen sözlerini owadanlamasy, söýýän ýaly görünmegi gaharymy getirmänem duranok.Söýmesede “Söýýänler” agza sakgyç bolupdyr. Herkim biri-birine uzyn-uzyn sözlemler ýazýarlar. Her kim biri-birini söýýänini aýtýar. Söýgi duýulýarmy, duýdurylýarmy, hiç kim bu barada pikir edenok. Adamlar gör nähili gowy görýär, söýgüni sözde ýaşamagy. Uzak aralyklarda bolsalaram, bilet satyn alyp söýýän ynsanynyň ýanyna gitmäge ýaltanýanlar, häzirki wagtyň iň aşyk ynsanlary. Her näçe päsgelçilik ýaly bolup görünýänem bolsa, käbir uzak aralyklar, käbir yşklaryň ajalydyr.
Aralyklar ynsanyň gözünde ulaldyşy ýalydyr. Ynsanyň yşga bolan duýgulary güneş ýalydyr. Käte gara bulutlar günüň şöhleleriniň öňüňe geçip, ynsanlary, ýeri şöhlelendirmegine päsgel berýän bolsa, duýgularam şolar ýalydyr.
Ýazmak üçin ýaşamak, ýaşamak üçin ýazmak gerek däl. Her ýazylan başdan geçirilen hasaplanmaz.
Agyzdan çykýan her “Seni gowy görýän” söz hakyky däldir. Bu söz ýürekden aýdylmasa, söýmegiňem, söýýän diýmegiňem manysy bolmaz. Duýgular ýok bolsa, näme diýseňem şol zat ýüze çykmaz.
Gör, nähili hezildi, çaga wagtymyz oýun oýnanymyzda gowy görýän dostumyzy, joramyzy bilgeşleýin eşşi etmedik günlerimiz. Yzyňa, geçmişe garaýaň welin, iň gowy günleriň yzda galandagyny duýan wagtyň bir boşlyga düşýäň. Duýgulandyrýar…
Meniň ýazanlarymyň, öz durmuşymmy, başymdan geçenmi ýa geçýändigi gyzykly bolup biler. Men duýgyçyl adam. Käbir zatlardan aňsatlyk bilen täsirlenip bilýän. Şu sebäpli köp ynsanda has ýygy-ýygydan gabat gelýän duýgylary siz bilen paýlaşmagy gowy görýän.
Men egoist ynsan däl. Egoistler söýgi we sarpany özleri bilen paýlaşmazlar. Paýlaşsalaram garşysyndaky ynsanlara belli etmezler. Şu duýgyçyllyk sebäpli, ynsan köplenç ýitirýär. Duýgymyzy aýan edenimizde haýsymyz gazandyk diýsene.
Ýazmak üçin başdan geçirmek hökman däl. Geçmişiňi bir kino lentasy ýaly gözöňünden geçiren wagtyň, bir film ýüze çykýar. Bu filmde baş roldaky artist sensiň. Başdan geçirenlerimizden, başdan geçirmek isleýänlerimizden, syn eden zatlarymyzdan hem ugur alyp ýazyp bileris.
Men hem başdan geçirdim, hem başdan geçirmek isledim. Hemem başdan geçirmediklerimi ýazdym. Düşüner ýaly däl gerek?
Durmyşymyza hemişe gadyrsyzlary alýas. Bir ädim öňe gidip bilemzok. Şeýle-de, gitmek bize görä däl. Çünki, biziň kitabymyzda gitmek barada ýazylmadyk. Diňe “sen meniň ýaşamak isleýän, iň gowy günlerim” diýip ýazylan.
Kiçijek zada öýkeleýän göwnümde harasat turanok hoşlaşyk üçin. Diňe dymýan. Bolup geçýän zatlary synlamak bilen çäklenýän. Dymýan her sekundym üçin meni güýçsiz hasaplaýan bolmaklary ähtimal, emma, men güýsiz däl, bolan zatlara ýekeje sözlem ýazmajak derejede güýçli. Energiýamy ýalan we degmejek zatlar üçin sarp etmegem islämok. Öňem aýdyşym ýaly, öldürmeýän agyry, ynsany has güýçlendirýär.
4 лайков 192 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
Автор 09 фев 2023, 13:58
Her gezek bir zat diýýän, käwagt özüme, käwagt ýakynlaryma kä meselede wadalar berýän, sebäbi dogrusy şol, bolmalysy şol, başga zady gözöňüme hem getirip bilemok, başga zat mümkin hem däl. Ýöne biraz wagt geçýä, durmuşyň ajy hakykady şu bolsa gerek, “hiç haçan etmerin” diýen zadymy edýän, başga biri etse geň görýän we aýyplan zatlarymy özüm edýän. Özümi günäli duýýan, wada beren kişilerime garşy, jogapkärçiliklerime garşy, özüme garşy günäli. Iň erbet tarapy bolsa, bu günäli duýmak duýgynyň meni togtatmaýandygy.. biraz wagt geçýä welin, öz wyždanymy köşeşdirmek üçin bahanalar gözläp başlaýan, erksizligimiň günäsini başga birine ýükleýän, bir salym şuň bilen kanagat edýän ýöne gije yassyga kellämi goýanymda ökünýän we özümi ýigrenýän.
Adamdan umydyny alsak, onda näme galar? Aslynda hiç zat. Umydy ýitirmek adamlary depressiýa iterýär. Sebäbi umydymyz ýok bolsa, gelejek biziň üçin doly bulam-bujarlykdyr. Munuň bilen alada we gorky gelýär. Aslynda depressiýa realdyr. Geljek hakda arzuw etmegiň dygyny öňe sürülýär. Bir tarapdan dogry, ýöne biz adam. Biz hyýallar dünýäsinde ýaşaýarys. Diňe materialistik we realistik jandarlary gözleýän bolsaňyz, robotlar size kömek eder. Biz adam, hem bar hem ýok. Hem kämil hem kämil däl jandarlar…

Umydyň düýp manysy hyýal diýip bileris. Adamy lapykeç etmek, şol adamy öldürmekdir. Özüniň arassa we owadan dünýäsinde umyt bilen geljege seredýän adamy göz öňüne getiriň. Örän bagtly we asuda. Şeýle-de bolsa, kimdir biri gelip, arzuwlarynyň dygyny we amala aşmagynyň mümkin däldigini aýdýar. Soň bolsa umytdan doly dostumyz pikirlenýär we onuň aýdanlaryny dogry diýip kabul edýär. Sebäbi onuň aýdanlary gaty manyly. Ondaky lapykeçligi göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ynanýan zatlarynyň hemmesi bada-bat ýok edildi. Birden depressiýa keýpine girer. Soň bolsa içi ýanyp olam başgalaryň umytlaryny öçürer. Şonuň üçin depressiýa jemgyýetde çalt ýaýraýar.

(arhiwinden)
Retro
Retro
09 фев 2023, 22:43
Salam. Paýlaşyp dur. Nirvananyň paýlaşanlaryndan mendede 70-e golaýy bar :)