GELIŇ, ÖZÜMIZ BARADA SÖHBET EDELIŇ!


-Гость Siz kim?

Men kim? Meň esasy aýratynlyklarym bilesigeliji, käte gaharly biri, çalt gaharlanyp bilýän. Örän merhemetli ynsan, bolmaýan zatlara gynanýan, ýardamsöýer. Iň söýýän zadym ýazmak, emma ýazmakdan köp ynsanlary söýýän. Men ynsanyň hijem milletine, dini-ynanjyna görä baha bermedim. Bir ynsan ak bolsa-da şol ynsan gara bolsa-da şol ynsan meň üçin. Adamlaryň biri-biri bilen pikirleriniň, ynançlarynyň, milletleriniň tapawut edýänligi sebäpli biri-biriniň göwünlerine degmegi meni gynandyrýar. Eşdijilik ukyby bolmadyk bir ynsana ker diýilmegi, görme kemçiligi bolan ynsana kör diýilmegi ýa bolmasa elsiz, aýaksyz ynsanlara nalaçedeýin gözi bilen seredilmegi, agramy agyr bolanlara çişik, agramy az bolanlara arryk diýilmegi…we ş.m ýagdaýlar meni birahat edýär. Özüme degişli zatlary wagtyň geçmegi bilen hem taşlamok, zyňamok. Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur. Olar meň durmuşymyň bir parçasy. Men şolary zyňmaga dözemok. Sebäbi meniň barlygymyň bir bölegi olar. Rahatlygy, sessizligi gowy görýän. Men özüm bilen bagtly bolup bilýän biri.

-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?

-Bir tarapdan gaty açyk, bir tarapdan bolsa ýapyk biri men.
Durmuş maňa hemişe diňlemegi öwretdi. Meň durmuşdaky rolum, birini diňlemek, oňa düşünmek , ony rahatlandyrmak, göwünlik bermek boldy.
Men indi näçe ýyllardyr daş-töweregimdäkilere bir zatlar düşündirmegi, derdimi dökmegi unutdym. Emma käte içimdäkiler içime sygmadyk wagty men ýazga geçirýän. Şolardan käbirini belki size ýetirendirin. Men öz-özüm bilen gürleşmegi öwrenenimden bäri, özümi ýalňyz duýamok. Içimdäki ses bilen dialogym bar hemişe.


-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
Ýeke galmak isleýän.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Uludan dem alýan.
-Utananyňyzda?
Ýüzüm gyzarýar, ýere seredýän, jübümden telefonymy çykaryp sagada seredýän.
-Gaharlananyňyzda?
Dymýan we uludan dem alýan.
-Birini ýigreneniňizde?
Şol adamdan uzaklaşýan. Men birini ýigrensem ýigrenýändigimi özüme ýatladyp gezemok. Şol adam meň göwnümden we aklymdan ýitýär.

-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Zyba.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Balam.
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Bir wideo görüpdim. Bir geliniň öz durmuşy barada. Çagasyndan jyda düşürilişi barada… ana şony görüp aglapdym.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
2
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
1
Harplykdaky harpyňyz?
E
Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Gaýgysyz Ballyýew aýdymlary.


-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Гость nähili çagady?

Öz çagalyk halyma seredemde gynanýanam, begenýänem. Men 1 ýaşanymdan soň dogan adyny aldym. Jigim doguldy. Ejemem ir durmuşa çykypdyr, menem maşgaladaky birinji çaga. Ejemem-kakamam işleýändikleri sebäpli 3 ýaşymdan soň üstüme birnäçe jogapkärçilik aldym. Ejem bilen kakam işe giden wagty, men 3 ýaşly Nirvana bolup 2 ýaşly jigime seredýärdim. Şony göterýärdim, ýatyrýardym. Hatda bir gün bir goňşymyz toý edipdi. Ýagyş ýagypdy. Jigim ýöränokdy. Men şony göterip toýa alyp gidipdim. Çünki, meniň toý göresim gelýärdi. Jigim aglan wagtyndaky çäresizliklerimi diýjekmi…oýun oýnasym gelen wagty oýnap bilmedim. Men dogry-dürs multifilm görmedim. Men çagalygymy çaga bolup ýaşamadym. Men çagakam uly gyzdym. Men durmuşa şol ýaşlarymda düşünip başladym. Agyr jogapkärçilikleri men çagalygymda aldym. Maňa ol jogapkärçilikler zor bilen berilmedi. Emma ynsan maşgalasyna kömek etmek üçin, käte-de olar meni söýsün diýip göreşýär. Meni ejem-kakam şeýlebir söýýärdiler. Häzirem şeýle. Ýöne ol ýaşlarda aňym goýalmadygy üçin, olar işe gideninde, bizi söýmedigi üçin taşlap gidýän ýaly. Öýlän gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Şol jogapkärçilikleri ýerine ýetirjek bolup men, kiçilikde dil öwrenmek üçin kursa gatnamadym. Çagalygyň lezzetini doly duýup bilmedigim üçindir belki, häzir özümi aram-aram çaga ýaly alyp barýandygym. Meň pikirimçe, her bir çaga çagalygyny çaga ýaly ýaşamaly. Oýun oýnamaly, tans oýnamaly…


-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?

Ejeme men hemişe seniň ýanyňda, seni söýýän. Kakamjan men seni söýýän.


-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?

Kakamyň maňa agşamlyk harplyk kitabyny okadyp, öwredýäni, ejemiň çaý demläp durany…



-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?

Çagalygym. Sebäbi men köplenç ejeme kömekçi roluny ýerine ýetirýärdim…


-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?

Meň içimdäki haýwan Pişik. Käte jana ýakyn myrlap adamlara ýakyn, käte-de adamlary dyrnap olardan uzak. Hany pişikler guýrugyny oýnasaň halanok, soň öýkeläp gaharlanyp gidýär, soňra birnäçe wagtdan soň özi saňa süýkenip gelýändir. Menem şeýle gowy görýän ynsanlarymdan öýkeläp, öýkäm ýazylanyndan soň ýene öňkim ýaly düşünşip gidýän.

-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?

Meň durmuşymy içgysgynç hasaplaýan adamlara ýüzlenýän. Daşardan seredeniňizde içiňizi gysdyrýan durmuşy görýänem bolsaňyz, meňem içimdäki durmuşymda, kellämde dürli reňkli hyýallarym bar. Meň başdan geçirmedik zatlarym, hyýaly güýjümi kämilleşdirdi.
Duýguçyl diýýän ynsanlar! Siz öz dünýäňize serediň. Siziň dünýäňizde hiç duýgy ýokmy? Men her bir duýgyny bolşy ýaly başdan geçirmek isleýän. Gorkymy, gynanjymy, küýsegimi gizläp saklasym gelenok.



Sizem özüňiz barada her soraga aýratyn jogap beräýiň. Goý, bu söhbetdeşlik bize azajygam bolsa terapiýa ýaly bolsun. Her kim aýtmak isläp, aýdyp bilmeýän zatlaryny şu blogda aýdyp biler. Hiç kimiň sizi şu blogda durmuşyňyz bilen ýazgarmajagyna söz berýän.
21 лайков 1 422 просмотров
64комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Melike
06 июл 2022, 00:42
Lilia dp mana yuzlendinizmi ?
DonMaxx
06 июл 2022, 00:47
-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Guljemal
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Gochum
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Icen wagtym.agyr gecen cagalyk...
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
In sonuraklarda
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
tapan yerimde
Harplykdaky harpyňyz?
W
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
S.T Aman dj
Şamuhammet
06 июл 2022, 00:48
Lilia,

Her agzaň öz ady ýazylýar eken awtomatiçeskiý :)
Şamuhammet
06 июл 2022, 00:49
Senagul,

Men-ä Gündeligi okuwy gutaranymdan soň tutunyp başladym... Başdan geçirmelerimi ýatlama ýaly ýazdymdanym, galanynam gündelige düzdüm...
Melike
06 июл 2022, 00:57
-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Begenc
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Bilemok, :((
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Edil yanyja
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
21
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Ortada
Harplykdaky harpyňyz?
L
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Yadyma dusenok,koprak toylaaryn diskini gormegi halayan
Harmony
06 июл 2022, 01:05
Siz kim?
Terkidünýä.
Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
Ýok. Tersine ýapyk.
Örän gynananyňyzda?
Ýeke galyp, gowy görýän zadymy iýmek isleýän.
Gaty erbet gorkanyňyzda?
Okan zatlarym boýunça, bu duýgyny yzarlamak gyzykly.
Utananyňyzda?
Maskamy ýapýadym bar wagty, bu günlerem öýde.
Gaharlananyňyzda?
Öýdäki we işdäki agyrrak zatlary (mebelleri) süýşürişdirip oýnaýan ýa-da kagyz dograýan.
Birini ýigreneniňizde?
Beýle güýçli duýgyny hiç kime rowa göremok.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Omar
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Akjam (şu wagtam)
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Häli nahar edemde sogan dogradym.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
17
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Duramokdym, göni klasa girýädim.
Harplykdaky harpyňyz?
A
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Disk ýokdy. Kasetalar bardy.

Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Granger nähili çagady?
Güň we çümhörek.

Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
Eje, petir köke alyp ber - diýäýmesem, bilmedim.

Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar
Dutar öwrenen we surat çeken wagtlarym.
Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Kemçilik ýok meň pikirimçe.
Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Betnyşan ördejige.
Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan? Aždarha. (mifiki bolsa-da)
Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?
Tamamlap bilmejek heýkeliňiziň başyny başlamaň.
Harmony
06 июл 2022, 01:08
Granger nähili çagady?* bolmalydyr.
Melike
06 июл 2022, 01:09
Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
Gaygyly aydym dinleyan we aglayan. Yone hic kime gorkezman
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Name etjegimi bilman donup galyan
-Utananyňyzda?
Yuzum gyzya, gacmak bn bolyan.
-Gaharlananyňyzda?
Yeke galmak isleyan, heme zady agdarasym gelya welin, bolmaya, hyyalymda seytyan onson
-Birini ýigreneniňizde?
Menin ucin yok shol, unudyan agyr bolsa-da, yone yadyma dushse gynanyan
Melike
06 июл 2022, 01:14
Men nm ucindir aydasym gelyan zady adamlara aydyp bilemok, icimden pikirlenyan oylanyan, icimden aytyan, yone hic dasha cykaryp bilemok, name ucinka ?? :(((
Perman Izakow
06 июл 2022, 01:48
-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
Hekaya sona menzes zatlary okayan.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Suw icyan
-Utananyňyzda?
Sacymy elleyan.
-Gaharlananyňyzda?
Hic zat gurlamok
-Birini ýigreneniňizde?
Sol adam bn gecen gowy gunler yada dusenok.Dine erbet yatlamalar yada dusip yigrenjimi hasam artdyryar.

-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Soýün
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
oglum
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Yakyn dostumyn kakasy aradan cykanda.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
13
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
3
Harplykdaky harpyňyz?
Z
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Blade" kino
DonMaxx
06 июл 2022, 03:22
Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
yeke ozim dasarda otyryp icyan
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Cilim cekyan
-Utananyňyzda?
yere seretyan
-Gaharlananyňyzda?
Bir zady dowyan
-Birini ýigreneniňizde?
Yigrensemem ozine bildiremok
www.bilgirje.com
06 июл 2022, 03:41
-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Bägül
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Şekalat oglum - marmalat oglum.
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Ýaňja düýşime dossum girdi we oýandym. Soň dossumy ýatlap agladym (wägirip aglamok, gamgyn oturdym we gözüm ýaşardy), soňam ünsimi sowaýyn diýip şutaýyk giripdim.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
17
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
1-nji (klasskomdym)
Harplykdaky harpyňyz?
S (eger harplyk baýramdaky bolan harpymy soraýan bolsaňyz) aýtmasa goşgymam ýadymda?
"Säherlermiz serginli,
Sähralarymyz sapaly,
Serdar atam sagbolsun,
Sagdyn nesil sarpaly"
-Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Sabrina malenkaýa wedma we zaçerowannye (o döwür disk dälde, wideo kassetady)
www.bilgirje.com
06 июл 2022, 03:45
-Örän gynananyňyzda?
Ýeke aýlanmana gidýän we şadyýan aýdymlary diňläp aýlanýan.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Gorkuzanyň ýedi arkasyny sanap ýatlap çykýan? we suw içýän.
-Utananyňyzda?
Gawyr wolsonaý war diýip otagyma girip ýeke özüm oturýan))
-Gaharlananyňyzda?
Ýylgyrýan we gözümi ýumup wot eta da diýýän.
-Birini ýigreneniňizde?
Adam ýigrenip göremok entäk, şondanam bilemok.
www.bilgirje.com
06 июл 2022, 03:48
We içimdäki haýwan "syçan" bolsa gerek. Sebäbi hinimi (öýümi) gaty gowy görýän, mydama gerek bolsada gerek bolmasada elmydama öýe ony muny daşap ýörendirin. Uborka edilse zat zyňasym gelenok, buda gerek, bulam bir gün gerek bolar diýip diňe çaňy süpürilýär we parýätkalap çykylýar?
Margarita
06 июл 2022, 07:22
1.Bilesigelijilik häsýetim bar. Çagakam öýdäkiler "poçemuha" diýibem lakam goýupdylar.
2. Öýde artykmaç zat dursa halamaýan. Köne bolsa zyňmana, täze bolsa gerek adama berip goýbermäne gynanmaýan.
3.Rahatlygy, sessizligi gowy görýän.
4.Bir tarapdan gaty açyk, bir tarapdan bolsa ýapyk biri men.
Durmuş maňa hemişe diňlemegi öwretdi. Meň durmuşdaky rolum, birini diňlemek, oňa düşünmek , ony rahatlandyrmak, göwünlik bermek boldy.
5. Islendik bir zada gynansam, gözüme ýaş gelýä. Ýeke galanymy gowy görýän.
6.Gorkmagym gorkuzylşyna bagly. Duýman durkam gelip "Wäh" diýseler, "Wäää" diýip çirkin ses bilen gygyryp, gorkuzanyň özüni gorkuzýan. ))
7.Gaharlansamam aglaýan, utansamam. (namys edip aglaýan utansam).
Margarita
06 июл 2022, 07:35
8.Birinji synpdaky partadaşymyň ady Şirindi. Şol Şirin bilen syrdaş jora bolup galdyk soň.
9. Ejem "doça" dp, söýgüleýädi köplenç.
10. Şirin joramy ýitiremde, henize çenli aglaýan.
Esma
06 июл 2022, 08:26
Siz kim?
Aşa duýguçyl, hiç kimi ýigrenip bilmeýän, çagalary üçin şeýle bir hamrak "eje".
Onsaňam men hakynda başgalar gowy bilýändirler diýäýmesem. Özüm hakynda özümem bilesim gelýär.
Dogrudanam men kim?

Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
Ýok-la.
Örän gynananyňyzda?
Aglaýan.
Gaty erbet gorkanyňyzda?
Bilýän dogalarymy gaýtalaýan.
Utananyňyzda?
Aljyraýan.
Gaharlananyňyzda?
Dymýan diňe.
Birini ýigreneniňizde?
Hiç kimi ýigerenip bilemok. Şol ukybym 1-2 ýyllykda ýitiripdirin.

1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
- Bibigül.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
- Läligim, Läläm
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
- Jigim gulkukdan gelende. Begenjime...
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
- 11.
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Iň yzyndan 2-nji.
Harplykdaky harpyňyz?
B
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Disk ýokdy ýöne kaseta bardy.


Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Esma nähili çagady?
Diýseň özdiýenli, hemme zatda birinji bolmagy halaýan çagady.

Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
"Kaka, maňa janly gurjak alyp beräý..." diýäýmesem. :)


Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar.
Ejeme öý işlerine kömekleýşim, jigilerime seredişim, ejem ýok wagty nahar bişirjek boluşym. Soňam gowy bolmaz öýdip alada edişim. Ejem ýaraman, bolnisа gidende ýogalar öýdüp gorkuşym. Goňşy çagalary üýşürip mugallym boluşym. Dutar çalmany öwrenişim. Ýatlasam kän-le.

Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Hudaýjana köp şükür, iki sany mähriban ynsanlaryň mährine baý bolup ýaşadym.
Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz?
Kiçijek pişige meňzedýän.
Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
Kapasadaky saýrasy gelýän bilbil.
Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?
"Men ýaşaýyşdan bir zatlar-a gözleýän..."

( Ýazasym gelýän zatkarym kändi welin, wagtym ýok-da)
wordless
06 июл 2022, 08:47
Ýatlasymam gelenok çagalygymy ?
Çaga wagtym her günümiz "iññäñ üstünde" geçerdi..
Telwas
Автор 06 июл 2022, 09:21
Bakygeldi_
Nirvana,
Gyzyklanyanmy men durmusym barada yada name sebapden.


Ýaşajyk oglan ekeniňiz. Söýgi ajysam agyr prosesdir welin, birazajyk güýçli boljak boluň. Şol gyzyň sizden gitmegi siziň bähbidiňizedir. Gülmäge sebäp kändir daş-töweregiňize gowja seretseňiz. Umuman mert boluň. Entek görjegiňiz öňüňizde.
#динара.
06 июл 2022, 09:24
Nirvana,
sxu wagt biraz ishlirakdim.:)Sonrak jogaplaryn
Pegas
06 июл 2022, 10:53
Elif, Kakamyrat agaly mowzugyňy näme üçin pozduň? Meň ýazan teswirim üçinmi?)
#динара.
06 июл 2022, 10:54
1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Kakajan
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Häzirem kiçi wagtymam gyzym diyya
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Iñ soñky gezek Bad Boy&Subxan Studio&Sxahnoza/20kunlik hayot drammasi-aýdymy eşidip aglapdym.Eger õzbek diline düşünýäniñiz bolsa diñläp gõrmegiñizi maslahat berýän.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
6
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Iñ soñdan 2nji;)))

Harplykdaky harpyňyz?
Ç
-Çemenzarly Watanym
Çeşme çaýlar owadan
Çõli,bakjaly bagy
Çenden aşa owadan:)
-Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Наверно 6 ýaşymda wagtym Маша и медведьiñ disk'ini aldyrypdym.
#динара.
06 июл 2022, 11:02
Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Miss_minnosh nähili çagady?
Menem Nirvana siz ýaly 1 ýaşymda dogan boldum.Ýõne ejem kakam işe gidende biz mamalarda bolyadyk.Men uly agtyk bolanymamy nämemi maña kän geplänokdylar.A jigime birzat diýseler derrew aglaýadym.Meni kõşeşdirjek bolup bay gowy sõzleri aýtýadylar?
Pegas
06 июл 2022, 11:12
Elif
Pegas,
Ak Welsaparowyn yogalanyndanam habarsyzdym. Gowy daldi yogalanyn bir wagtky gurrunini gozgap oturmak mana, direm bolsa gelisjek zat dal

Diri ol.
Bakygeldi
06 июл 2022, 11:15
Nirvana,
SAGJA BOLUN GOLDAWYNYZ UCUN ELDEN GELENI BOLAR MANLAYA YAZYLANY CEKMELI
Pegas
06 июл 2022, 11:25
Elif
Pegas,
Ayy virusdan yogalypdyr diydiler'da tazeje eshitdim'a

Ýalan maglumat.
#динара.
06 июл 2022, 11:57
Bor sen aytdyn hokman yazarys))) Piolo,
Myrat
06 июл 2022, 12:18
ay şoo mennaraý
Harmony
06 июл 2022, 13:11
Çyra sönende daýzam pelteli çyraň ýagtysyna Hemra Şiriň "Jadygöýüň ýolkasy" kitabyny okap bererdi...
Pegas
06 июл 2022, 15:33
Granger
Çyra sönende daýzam pelteli çyraň ýagtysyna Hemra Şiriň "Jadygöýüň ýolkasy" kitabyny okap bererdi...

Siz tarapda çyra nädip ýürek edip sönüp bilýär?)