GELIŇ, ÖZÜMIZ BARADA SÖHBET EDELIŇ!


-Гость Siz kim?

Men kim? Meň esasy aýratynlyklarym bilesigeliji, käte gaharly biri, çalt gaharlanyp bilýän. Örän merhemetli ynsan, bolmaýan zatlara gynanýan, ýardamsöýer. Iň söýýän zadym ýazmak, emma ýazmakdan köp ynsanlary söýýän. Men ynsanyň hijem milletine, dini-ynanjyna görä baha bermedim. Bir ynsan ak bolsa-da şol ynsan gara bolsa-da şol ynsan meň üçin. Adamlaryň biri-biri bilen pikirleriniň, ynançlarynyň, milletleriniň tapawut edýänligi sebäpli biri-biriniň göwünlerine degmegi meni gynandyrýar. Eşdijilik ukyby bolmadyk bir ynsana ker diýilmegi, görme kemçiligi bolan ynsana kör diýilmegi ýa bolmasa elsiz, aýaksyz ynsanlara nalaçedeýin gözi bilen seredilmegi, agramy agyr bolanlara çişik, agramy az bolanlara arryk diýilmegi…we ş.m ýagdaýlar meni birahat edýär. Özüme degişli zatlary wagtyň geçmegi bilen hem taşlamok, zyňamok. Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur. Olar meň durmuşymyň bir parçasy. Men şolary zyňmaga dözemok. Sebäbi meniň barlygymyň bir bölegi olar. Rahatlygy, sessizligi gowy görýän. Men özüm bilen bagtly bolup bilýän biri.

-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?

-Bir tarapdan gaty açyk, bir tarapdan bolsa ýapyk biri men.
Durmuş maňa hemişe diňlemegi öwretdi. Meň durmuşdaky rolum, birini diňlemek, oňa düşünmek , ony rahatlandyrmak, göwünlik bermek boldy.
Men indi näçe ýyllardyr daş-töweregimdäkilere bir zatlar düşündirmegi, derdimi dökmegi unutdym. Emma käte içimdäkiler içime sygmadyk wagty men ýazga geçirýän. Şolardan käbirini belki size ýetirendirin. Men öz-özüm bilen gürleşmegi öwrenenimden bäri, özümi ýalňyz duýamok. Içimdäki ses bilen dialogym bar hemişe.


-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
Ýeke galmak isleýän.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Uludan dem alýan.
-Utananyňyzda?
Ýüzüm gyzarýar, ýere seredýän, jübümden telefonymy çykaryp sagada seredýän.
-Gaharlananyňyzda?
Dymýan we uludan dem alýan.
-Birini ýigreneniňizde?
Şol adamdan uzaklaşýan. Men birini ýigrensem ýigrenýändigimi özüme ýatladyp gezemok. Şol adam meň göwnümden we aklymdan ýitýär.

-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Zyba.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Balam.
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Bir wideo görüpdim. Bir geliniň öz durmuşy barada. Çagasyndan jyda düşürilişi barada… ana şony görüp aglapdym.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
2
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
1
Harplykdaky harpyňyz?
E
Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Gaýgysyz Ballyýew aýdymlary.


-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Гость nähili çagady?

Öz çagalyk halyma seredemde gynanýanam, begenýänem. Men 1 ýaşanymdan soň dogan adyny aldym. Jigim doguldy. Ejemem ir durmuşa çykypdyr, menem maşgaladaky birinji çaga. Ejemem-kakamam işleýändikleri sebäpli 3 ýaşymdan soň üstüme birnäçe jogapkärçilik aldym. Ejem bilen kakam işe giden wagty, men 3 ýaşly Nirvana bolup 2 ýaşly jigime seredýärdim. Şony göterýärdim, ýatyrýardym. Hatda bir gün bir goňşymyz toý edipdi. Ýagyş ýagypdy. Jigim ýöränokdy. Men şony göterip toýa alyp gidipdim. Çünki, meniň toý göresim gelýärdi. Jigim aglan wagtyndaky çäresizliklerimi diýjekmi…oýun oýnasym gelen wagty oýnap bilmedim. Men dogry-dürs multifilm görmedim. Men çagalygymy çaga bolup ýaşamadym. Men çagakam uly gyzdym. Men durmuşa şol ýaşlarymda düşünip başladym. Agyr jogapkärçilikleri men çagalygymda aldym. Maňa ol jogapkärçilikler zor bilen berilmedi. Emma ynsan maşgalasyna kömek etmek üçin, käte-de olar meni söýsün diýip göreşýär. Meni ejem-kakam şeýlebir söýýärdiler. Häzirem şeýle. Ýöne ol ýaşlarda aňym goýalmadygy üçin, olar işe gideninde, bizi söýmedigi üçin taşlap gidýän ýaly. Öýlän gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Şol jogapkärçilikleri ýerine ýetirjek bolup men, kiçilikde dil öwrenmek üçin kursa gatnamadym. Çagalygyň lezzetini doly duýup bilmedigim üçindir belki, häzir özümi aram-aram çaga ýaly alyp barýandygym. Meň pikirimçe, her bir çaga çagalygyny çaga ýaly ýaşamaly. Oýun oýnamaly, tans oýnamaly…


-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?

Ejeme men hemişe seniň ýanyňda, seni söýýän. Kakamjan men seni söýýän.


-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?

Kakamyň maňa agşamlyk harplyk kitabyny okadyp, öwredýäni, ejemiň çaý demläp durany…



-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?

Çagalygym. Sebäbi men köplenç ejeme kömekçi roluny ýerine ýetirýärdim…


-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?

Meň içimdäki haýwan Pişik. Käte jana ýakyn myrlap adamlara ýakyn, käte-de adamlary dyrnap olardan uzak. Hany pişikler guýrugyny oýnasaň halanok, soň öýkeläp gaharlanyp gidýär, soňra birnäçe wagtdan soň özi saňa süýkenip gelýändir. Menem şeýle gowy görýän ynsanlarymdan öýkeläp, öýkäm ýazylanyndan soň ýene öňkim ýaly düşünşip gidýän.

-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?

Meň durmuşymy içgysgynç hasaplaýan adamlara ýüzlenýän. Daşardan seredeniňizde içiňizi gysdyrýan durmuşy görýänem bolsaňyz, meňem içimdäki durmuşymda, kellämde dürli reňkli hyýallarym bar. Meň başdan geçirmedik zatlarym, hyýaly güýjümi kämilleşdirdi.
Duýguçyl diýýän ynsanlar! Siz öz dünýäňize serediň. Siziň dünýäňizde hiç duýgy ýokmy? Men her bir duýgyny bolşy ýaly başdan geçirmek isleýän. Gorkymy, gynanjymy, küýsegimi gizläp saklasym gelenok.



Sizem özüňiz barada her soraga aýratyn jogap beräýiň. Goý, bu söhbetdeşlik bize azajygam bolsa terapiýa ýaly bolsun. Her kim aýtmak isläp, aýdyp bilmeýän zatlaryny şu blogda aýdyp biler. Hiç kimiň sizi şu blogda durmuşyňyz bilen ýazgarmajagyna söz berýän.
21 лайков 1 422 просмотров
64комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mahremcynar
06 июл 2022, 18:02
Men sähel zady gønime alyan derew gyzmak bn bolyan gaharjaň men men Ejemiň 5ji gyzy az bolsada doganlam ba diyip olara arkalanyadym .birine KOMEK etmegi gowy gøryän ähli ynsan nähili bolsa bolubersin baryn gowy gøryän .men men yeke galamda weli kendim bilen køpleç dertleşyän sebäbi gowy gøryän .okuwda Ç harpy düşdi žurnalda bolsa 4jilik yazylgy adym haçan mugalym sapaga geçirerkä diyip gorkup otyrmaly .menin gowy gøryän disigim Paliwan men gorkamda Allany çagryan gaharlanamda weli ağlayan ? yylgyramda gülüp otyryan .meňzeş haywan at ?.çagalyk barada az gürlemegi gowy gøryän kopcilik yerlerde men utanaryn.
Hiayress
06 июл 2022, 18:13
Siz kim?
Beýleki adamlar ýaly adaty adam.
Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
Dertleşýän däl-de, öz özüm bilen ýüzleşýän ynsan.
Örän gynananyňyzda?
Haýsy hem bolsa bir zada gynanýan wagtlarym köp bolýar, ýöne örän gynanan mahalym ýadyma düşenok.
Gaty erbet gorkanyňyzda?
Erbet gorky käwagt düýşümde bassyrgananymda bolýar. Olam oýanamsoň gorkanyma gaharym gelýär.
Utananyňyzda?
Utananymy bildirmezlige çalyşýan.
Gaharlananyňyzda?
Gaty gaharym gelse, söz ýa-da hereket üsti bilen (haýsy şol ýagdaýa amatly bolsa) reaksiýa görkezýärin.
Birini ýigreneniňizde?
Özüme hiç kimi ýigrenmäne hakymyň ýokdugyny ýatlatýan.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Hiç ýadyma düşenok.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Oglum (eger şuny hoş söz diýip kabul etseň).
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Kiçi wagtlarym bolmasa aglanym ýadyma düşenok. Ýöne käbir zatlardan duýgulanyp gözüme ýaş aýlanýar. Olam iň soňky sapar birki günlükde Ukrainaly iki çaganyň (gyz 15 ýaşlarynda we oglan jigisi 8 ýaşlarynda) ejesi-kakasy harby bolansoň birki aýlykda Mariupoldaky söweşde ruslaryň eline düşýär we birki günlükde-de harby tussaglary çalyşanlarynda boşap gelýärler. Boşanlaryň içinde ýaňky ikisiniň ejesi bilen kakasy hem bar. Şolaryň duşuşygy hem duýgulandyryp, gözüme ýaş inipdi.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
15
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Boý boýunça başda 11, soň (7-nji klasdan soň) 3-nji bolup.
Harplykdaky harpyňyz?
Ýalňyşmasam "T"
Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
Men kiçikäm kaseta bardy. Özüm almasamam kakam getirýärdi. Çak Noris, Žan Klod Wandamyň kinolary, Matrissa, Wan Helsing we şuňa meňzeş užas kinolar. Köp görýänim Çak Norisdi.
Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Hiayress nähili çagady?
Bezzatdy.
Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
Eje, petir köke alyp ber - diýäýmesem, bilmedim.

5 ýaşymda öýe ajygamda gelýärdim. Şoň üçinem: "Hany nahar iýemzokmy?" diýäýmesem.
Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Kim bilýär.
Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz?
Ite.
Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
It.
Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?
Kim bilýär. Bir gezek ýaşaýanyňyzy ýatlatmak bolaýmasa.
Harmony
06 июл 2022, 18:51
Pegas
Granger
Çyra sönende daýzam pelteli çyraň ýagtysyna Hemra Şiriň "Jadygöýüň ýolkasy" kitabyny okap bererdi...

Siz tarapda çyra nädip ýürek edip sönüp bilýär?)

Biz kiçikäk köp sönýädi)
Bu wagt hiç sönenok. Diňe uçoçjyk kakyny tutaýmasa.
Pegas
06 июл 2022, 18:58
Granger
Pegas
Granger
Çyra sönende daýzam pelteli çyraň ýagtysyna Hemra Şiriň "Jadygöýüň ýolkasy" kitabyny okap bererdi...

Siz tarapda çyra nädip ýürek edip sönüp bilýär?)

Biz kiçikäk köp sönýädi)
Bu wagt hiç sönenok. Diňe uçoçjyk kakyny tutaýmasa.

O wagtlar jadygöý dälmidiň?)
Babahanowa_g
06 июл 2022, 19:04
1.ozumi tanamok
2.yok dertlesmeyanem birini derdini dinlemeyanem
3.gynanan wagtym aglayan
4.garankyda gorkanymda oz ozume samranyan unsumi bolmek un
5.elim bn gozumi yapyan
6.nam bolsada bir zat tapyp depip goyberesim gelya yone basarmayan
7.ozumden basgany yigrenemok
8.Umyt haywan elimi dowupdi
9.Gulay
10.su gun nahar bisirende nejis sogan aglatdy
11.4 yada 5 bolmaly
12.sonrakda bolmaly
13.E
14. Маша и медьведь
15.aglak
16.hacan parka akityanizay
17.hic zat
18.koala bolaymasa
Yasasagam olyas yasamasagam,durmusdan lezzet alyp yasalyn!!???
Harmony
06 июл 2022, 19:34
Pegas
Granger
Pegas
Granger
Çyra sönende daýzam pelteli çyraň ýagtysyna Hemra Şiriň "Jadygöýüň ýolkasy" kitabyny okap bererdi...

Siz tarapda çyra nädip ýürek edip sönüp bilýär?)

Biz kiçikäk köp sönýädi)
Bu wagt hiç sönenok. Diňe uçoçjyk kakyny tutaýmasa.

O wagtlar jadygöý dälmidiň?)

Öwrenýädim))
Dipso
06 июл 2022, 20:43
Dushunmedim name uchindir
Apples
06 июл 2022, 22:00
Gowy zatlar dine men yokkam bolya
Удачливая
06 июл 2022, 22:15
Siz kim?
Mähirli. Bilesigeliji. Rehimdar.

  

-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
Da!


-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.
Düşünmedim.

-Örän gynananyňyzda?
Aglaýan.

-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Titreýän. Ýüregim çalt urýa.

-Utananyňyzda?
Ýüzümi sowýan.

-Gaharlananyňyzda?
Aýtmaýyn.))

-Birini ýigreneniňizde?
Şol adamdan daşda saklaýan özümi.


-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Döwran

-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Doçam.

-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Agam ýogalanda.

-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
Bilemok.

Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
Islän hatarymda.

Harplykdaky harpyňyz?
Ü

Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Dj.Begga


-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Удачливая nähili çagady?
Ýuwaş , ümsüm.

     
-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
Bilemok.

-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?
Mekdebe gidip barýanym.?

-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Hiç zat.

-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
Bilemok.

-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?

Her bir zadyñ gadryny biliñ , şol zat sizde bar wagty. Bu günüñüze şükür ediñ.
Messirgemäñ.
XYIVENIA
07 июл 2022, 17:49
-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?

Ýagdaýa görä ýöne köplenç içimdäkileri birine aýtmasam bolmaýan ýaly realdaky adamlara dälde wertualdaky adama içimi döküp ýeñleýän.

Örän gynananyňyzda?
Ýeke galyp aglaýan

-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Hiç hili ses çykarman dymyp otyrýan

-Utananyňyzda?
Ýere seredip ünsümi başga zatlara sowjak bolýan

-Gaharlananyňyzda?
Gaharlansam aglasym gelýär aglaýan gaharymy başgadan çykarýan.

-Birini ýigreneniňizde?
Aram üzýän
XYIVENIA
07 июл 2022, 18:01
-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Leýli

-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Kyzymka


-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Meniñ diýenimi diñlemedikleri ùçin agladym düýnjik :)

-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
29

Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
4

Harplykdaky harpyňyz?
T harp

Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Мишка Гами multifilimi

-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. XYIVENIA nähili çagady?
Cagalygymy goz onume getirsem inim bilen oýnap gyz jigime seretmän onuñ kellesiniñ yarylany yadyma dusyar. Ylgap baryp göterip öye aglap ylgapdym seretman öldürüp goydyk diyip Hudaya sukur hic zat bolmady. Diñe oynayadym ejem ozi cagyrýança oýnaýadym.
XYIVENIA
07 июл 2022, 18:03
Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur. 


Menem edil siz ýaly 2nji synpdan 11nji synp gundeliklerim bar. Hatda garlama depderlerim, surat albomlarymam bar hemmesini üýşürüp bir ýere jemläp goýdum
XYIVENIA
07 июл 2022, 18:19
-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
Eje kaka men öz öýümizden mekdebe gidesim gelýar diyerdim



-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?
Gara açki(äýnek) bardy bir göziniñ aýnasy döwülen şony dakyp elimi galdyryp surata düsenim yadyma dusyar.


-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Hic zat kemçilik edenok cagalygym gowy gecdi yone mekdebe gatnap baslanymdan son name kemcilik etdi diyseniz ejem kakamyñ mähri


Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
Pişik. Pişigi halaýanam kä wagtlar pişik bolmaly ekenim diýýänem


-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?
Meni pahyr, ümsüm, añkow, sadaja görýän, bilýän adamlar men hijem olar ýaly däl belki şolar ýalydyr yone men ozumi olar yaly saýamok. Meñ içki dünýämi icimdaki hic kime aytman gezen zatlarymy bilseñiz garagol icden bişen diýjeklerini bilýän :)
Ähliñize saglyk arzuw edýän, söýýän adamyñyza durmuşa cykmagy we almagy dileýän
XYIVENIA
07 июл 2022, 18:24
XYIVENIA nähili çagady?
Ümsüm, boýanmagy halaýan ýanymda hemişe sumkamda pomada bolmasa bolanokdy
1870
09 июл 2022, 08:18
Men barada bu mowzyk
Ejegyz.
10 июл 2022, 23:32
Men hakda yazylypdyr yegipt
Ötegçi
15 июл 2022, 10:51
Ötegçi Siz kim? 

Ýönekeý bir geldi geçer. Otagyma -iş ýerime- kompýuterime- garderobyma-tabagyma- sözümiñ arasyna- aýakgabyma- durmuşyma özümden bidin girseler, dörjeleseler dällireýän.

-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy? 

Utanamda dertleşemok. Galanynda käte bolup bilýär.

-Örän gynananyňyzda?

Äjir-bijir şadyýan sazlary bar güýjüne açýan. Ýagdaýymy şonda maşgalamdanam 1je kişi bilýär. Galany bilenok.

-Gaty erbet gorkanyňyzda?

Gorkaklyk hakynda sözleri ýatlajak bolýan.

-Utananyňyzda? 

Agzymy eýlä-beýlä gyşardýan. Ýeñsämi sypaýan. Ýüzümi sowýan.

-Birini ýigreneniňizde? 

Bu duýgyny hiç kime dözemok heniz.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady? 

Seýit(ölup-ölüp ýadyma düşdi)

-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?

Tokgam, balam, oglum, alym oglum (garazam ejesi tarapyndan taýaklanmadyk çaga men, kän hoş sozler aýdardy ejem)


-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?

Inimi ýitende. Eli öçük. Dostlarnyñ hiç birem görmändir. Maşyn kakdymy, dogtara düşdimi näbelli. Kelläñde 1000dürli zat geliberýär, agtaranyñ uzak tapdyrmasa. It aýagny iýeniñ zarýady öçüp galyp, täze tanşynyñ maşyny bn bir ýaña gidipdir. Özi geldi öýe. Diri eken dp gözüm ýaşaryp gitdi.

-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur? 

2

-Harplykdaky harpyňyz?

T bolaýmasa

Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?

Alyp göremok

-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Ötegçi nähili çagady? 

Şuññaljak çagañ bolaýsa dp ýüze sylynýan çagady da. ;)

-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz? 

5 ýaşymda çaga bolubilendirin. Şuwagtky aklym bn gürlesem: "Gaýrat ediñ meni öziñizden artykmaç iýdirip geýdirjek bolmañ, çagalykdan owreneýin gazanjy" diýerdim.

-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar? 

Täze ýylda kakam möjegiñ maskasyny äberipdi. Ýolbaýy dakynyp geldim. "Ejeñi gorkuz" diýse gorkuzan bolýan. Olam gorkan bolýa. Ynanypdym şonda, indi indi aklym ýetýär :D

-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär? 

Gar-Buz-Sowuklyk. Ejem-Kakam ýyly mähri bn çoýardy wln gyşda gar oýnamaga goybermezdi ejem. Iller buz ýolup iyyakä birem iyip goren däldirin.

-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan? 

At. Ýyndamlygny dälde dükürdüsini. Goh edegenräk käte, käte de adamdanam akylly :D

Içimdäki haýwan betnyşan ördejik. Doganlam mydam üssimden gülip gezerdi. Şoñ täsiri bolmagam ahmal.

-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz? 

Eýdip beýdip sagdyn ýaşamaly. Kynam bolsa. Hem ruhy hem beden taýdan.
Ötegçi
15 июл 2022, 10:52
Üssinden 10 gün ötüpdir. Diymek meñem sayta gelmedigme 10 gunden kop bolupdyr. Onda da yazasym gelip ýazaýdym...