Deputat (degişme)

Etraba ýakynda bellenen deputat, täze açylan obalara aýlanyp ýör. Ol ýanyna üýşen oba adamlaryna garap, öwünmäge başlaýar:
– Hawa, adamlar! Maňada, halk uly ynam bildirip täzelikde etraba deputat bellediler. Näme ýetmez zadyňyz bolsa aýdyň oturyň, hökman düzederis!
Märekeden ýaşuluraklaň biri çykýarda kemçilikleri aýdyp ugraýar:
– Inim, tüweleme, biliňi guşap kömege geleniň çynyňyz öýdýän. Şeýdip kömek ediň halka-da Uzagyndan bolsun hern-ä.
Neme, biziň ýetmez iki sany meselämiz bar. Birinji mesele, entek oba gaz çekilmedik. Ikinji mesele...
– Duruň, duruň ýaşuly, heýde beýle zat bolarmy! Entegem gaz çekmeýişlerine haýran. Garaşyň birje minut! - diýip, deputat ýaňkyň sözüni bölýärde, jübi telefony-na ýapyşýar. Ol kimedir birine jaň edip, gaharly gürleşip ugraýar. Gaz meselesiniň ýakyn wagtda dikeldilmegini buýruk berýär. Oba adamlarynyň hemmesi deputata üşerilip seredýärler. Bulaň, agzyny öweldip, ünsli diňläp duranlaryny gören deputat, hasam beleň alýar. Esli wagt gürleşip bolansoň, telefony öçürip jübüsine salýarda, märekä ýüzlenýär:
– Adamlar, gaz meseläňizi çöp döwlen ýaly edendirin. Ýakyn wagtda başlarlar, arkaýyn boluň. Indi, ikinji meseläňiz näme diýdiňiz?!
Duran märekeden hiçhili ses-üýn çykmaýar. Deputat soragyny ýene gaýtalaýar:
– Aýdyň ahyryn, ýene-de bir meselämi bar diýdiňiz dälmi ýaňy?
Emma, märekeden şol ses çykman durşumyş. Bulaň dymyp durşuna gahary gelen deputat:
– Näme, lal açdyňyzmy. Ýaňjada-ma, gezek bermän durduňyz?..
– Ähm-ühm - edip, ardynjyrap, ýene hälki ýaşuly söze başlaýar:
– Ikinji meselämiz inim, bäri çeträk täze göçülen ýer bolansoň, telefon stansiýamyz ýok. Entek gurnalmadyk. Aňyrda galan garyndaşlarymyz bilen hal-ahwal soraşyp bilemzok. Ana, şonam ýaňkyň ýaly, ýokara jaň edip, çöp döwen ýaly edip bersene!?..
5 лайков 221 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Guyc
06 июл 2022, 19:58
telefon bor!
Гость
06 июл 2022, 20:35
Öňem okapdym, hezil edibem gülüpdim. Bu gezegem şeýle boldy?
Ahmet
06 июл 2022, 20:58
Telefon stansiýa hehehe sps Ependi, hezil etdim-aý:)
Margarita
06 июл 2022, 21:44
– Inim, tüweleme, biliňi çermäp kömege geleniň çynyňyz öýdýän
Bil guşalýa dälmi näme. El çermelýä ))
Kerbaba
06 июл 2022, 21:52
Депутат белленмейар.. Депутат сайланяр..
Ependi
Автор 06 июл 2022, 22:43
Margarita,
Dogry, aý häli ýüzleý ýazdymda))
Ependi
Автор 06 июл 2022, 22:44
kwadrat kelle,
Seňkem dogry, ýöne, kagyz ýüzünde
Гость
06 июл 2022, 22:51
Ependi Ependi on № 6Şu gün, 22:43
Margarita,
Dogry, aý häli ýüzleý ýazdymda))


- Şu ýokardaky sözlemiňe men "ýaňyrak ýazypdymda" diýip düşündim. Men öňem okapdym şuny bir ýerlerde. Ýa sen "ýaňyrak göçüripdimda" diýjek bolduňmy?!
Ependi
Автор 06 июл 2022, 23:06
Гость,
Hawa, öňem ýazypdym. Ertirde, Yurekdeshde. Ýöne, olaň kopiýasy galmansoň täzeden ýazdym.

Umuman, deputat görgüli howlugýar, hemme işi telefonda bitirjek bolup. Ikinji meselänem azajyk sabyr edip diňlän bolsa ile gülki bolmazdy. Obşam, käte durmuşda gabat gelýän ýagdaý, jaňda çözmek.
Öwreniji
06 июл 2022, 23:15
???
Aýsere
07 июл 2022, 00:53
Гость,
Ozalam şu ýazypdyrla beh