Bagtly we bagtsyz günler 1

Ine şu adamlaryň özara ykballary dogry geldi duryberdi. Ilki bilen Gulmyrat Orazgüle öýlendi. Toý etmezden ozal biraz wagt söýüşdiler. Bir-iki duşuşykdan soň bu ikisi biri-birine gowuşmak isledi. Aýratynam Orazgül özüni tutyp duryp bilmedi. Derrew toý etmekçi boldy. Gulmyrada çykmakçy boldy. Gulmyrat atasyna we enesine aýytdy. Ýagdaýyny.
Olaram şuňa garaşyp otyran ýaly derrew toý şaýyny tutyp sawçylyga bardylar, kesilen galyňy tölediler we Orazgüli kejebä mündirip getirip Gulmyradyň aýalay etdiler. Indi iki ýaş juwan birleşdi. Esasy alada yzda galdy.
Emma bu aladasyz ýaşaýyş uzak gitmedi. Bir ýyl geçdi. Orazgül göwreli bolmady. Ýene biraz wagt geçdi. Şol bir dutar şol bir heň. Orazgül göwreli däl. Indi ýöne bolmady. Dutaryň heňi üýütgedi.
Bir gün goňşy aýal Orazgülüň gaýyn enesiniň ýanyna otyrmana geldi. Iki aýal çaý başynda iç dökmäne oyrdylar. Goňşy aýal ähli derdini Orazgülüň gaýyn enesine aýdyp berip ýüküni ýeňletdi. Onsoň söhbetdeşine ýapyşdy.
-Aýuw gyz, bu geliniň gelenine ep-esli bolaýdy öýüdýän. Ýöne ynha üns berýän welin aladasy boş ýalyla. Bir zatlar etseň bolmaýarmy?. Doga-dileg etseň, öwülýä jana ýykylsaň ýa bolmasa doktora görünseň.
Dert her hili bolýar eken. Bu sözleri eşiden Orazgülüň gaýyn enesini der basyp gitdi. Onsoň bir wagtdan özüne gelip:
-Wah, oglum Gulmyrat jan yzynda kebap bolup ýörle. Doktorada äkitdi. Derman-däri hem aldy. Emma netije ýok ýaly. Indi göwüni şol gaýradaky öwülýä jan ýaly. Äkitjek diýip ýördi özä!. Şeýdip bu gepiň başy şu ýerde başlandy. Yzy bolsa dürli ýerlerde we dürli wagtlarda dowam etdi. Gulmyradyň aýaly Orazgülüň göwreli bolmaýany obada dessan bolup ýaýrady. Iki adamyň başy bir ýere birleşse bu ikisiniň gürrüňini etdiler. Şeýdip ýene bir ýyl geçip gitdi. Bu aralykda Gulmyrat aýalyny köp ýere görkezdi. Emma ýene bir ýyldanam Orazgül göwreli bolmady. Indi bolsa wagt üç ýyldanam geçip gitdi. Ikisiniň burny ýere sallandy. Nirde bäbek dünýä indi diýseler ol ýerdäkiler begenip toý etdiler. Bu ikisi bolsa garaňky tama girip gizlendiler.
Bir gezek Orazgül öýlerine gidip gelermen bolup gitdi emma ertesi hem gelmedi üçünji güni hem. Gün ýaşan çagy işden gelen Gulmyrat aýalynyň häli gelmändigini eşidip ony äkelmäne gitdi. Bardy gaýyn atasynyň öýüne. Sag-amanlyk soraşandan soň Gulmyrat Orazgüli äkitmäne gelenini aýytdy. Gaýyn atasy Orazgüle gygyrdy.
-Orazgül çyk. Seni idäp gelipdirler.
Emma Orazgülüň sesäm çykmady, özäm görünmedi. Onda Orazgülüň otyran tamyna girdiler. Bu wagt Orazgül ýorgana mazaly oranyp, ýüzi-gözüni gizläp horkuldap ýatyrdy. Turuzjak boldular. Turmady. Ýöretjek boldular. Ýöremedi.
0 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.