Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy (2-nji bölüm)
Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy (2-nji bölüm)
Soňra ol Ýunus Emräniň "Ady gözel, özi gözel Muhammet" , Magtymguly Pyragynyň "Ýyglap geçer halyma" , Kerim Gurbannepesowyň "Ölüm ýüki harkyldap dur üstüňde" , Ata Atajanowyň "Ala gözli ak maralym nirde sen ?" , Gurbannazar Ezizowyň "Edil düýn ýalydy, ýaňy ýalydy" , Atamyrat Atabaýewiň "Giderin" atly goşgylary aýdyp berdi. Halypala şahyrlarynyň goşgylaryny okanyndan soňra öz goşgylaryny okamana başlady.
Men söz bilen oýun etdim
Oýun etmeli däl ekenim
Özümi danadyr öýtdim
Ham ekenim , lal ekenim
Bir gyzyň aýtmadyk sözi
Ömürlik ýadymda galdy
Dogry dostdan juda düşdüm
Ýeke egri söz zerarly
Sözler maňa ganat boldy
Söz meni kyldy kemine
Ýedi gat asmana galdym
Çümdüm ýedi gat Zemine
Söz daglaryň doňun çözer
Ýelli çölleri gülleder
Başda-da iň soňumda-da
Sözüň boljagy bellidir
Diňe sözler kalby nurlar
Ýaman sözi özgä dözme
Hem ölüm bar , hem ömür bar
Bary-ýogy oýnam sözde
Söz öz güýjini ýitirip
Doly kimin ýaganynda
Gam görüner,nem görüner
Goja dünýäň garagynda
Gadymy , müdümi, diri
Köňül eken serişdesi
Pyragy eken onuň piri
Puşkin eken perişdesi
Derdin çekenler bilipdir
Bu bir köne ýol ekeni
Men söz bilen oýun etdim
Oýun etmeli däl ekenim
Hemmeler şowhunly el çarpyşdylar. Gurbandurdy aga goşgylary tüýs ýürekden , janygyp okaýardy welin ony diňläp täsirlenmezlik mümkin däldi. Soňra ol hemmelere ýüzlenip:
-Indi nähili goşgy okap bereýin ?-diýip sorag berdi. Otyralaryň hersinden bir ses çykdy
-Söýgi hakda
-Ene hakynda okap beräý
-Öz goşgylaryňy okap beräýiň
-Ýaňkam öz goşgymda -diýip ol ene hakynda ýazan goşgysyny okap berdi .
Özi üçin däl meniň üçin
Hakdan dilegi köp eden
Howsalasy bilen maňa
Gelýän dertleri dep eden
Hemişe hem hemme ýerde
Keşbime suwsan enemdiň
Ýüregi dert, gözleri dört
Ýollaryma bakyp galan
Gaýgydan, gamdan, görgüden
Daňa golaý ýatyp galan
Janserek-perwaz enemdiň
Göteren, guwanan, eklän
Yrym edip, çirim etmän
Bagtymyň ýolunda beklän
Sen meniň ryzwan enemdiň
Bilbil mysaly biçäre
Gögerçin deý görmegeýim
Oglagyň-ogluň ugrunda
Keýik kimin keýerjeklän
Maral dek ylgan enemdiň
Galsam dünýäniň tümünde
Al şapak kimin lowurdan
Albaýym-elwan belendim
Men gam ýurdunda Ýusupjan
Sen meniň Kengan enemdiň
Pikirlerne gümra bolan
Gaýgysy pynhan enemdiň
Ýeke-täk öz sesi bilen
Gürleýän ynsan enemdiň
Şowhunly elçarpyşmalardan soň Gurbandurdy aga ýene-de ene hakynda ýazan başga bir goşgysyny okady .
Daşarda keçede mähriban ejem
Birgeňsi ýylgyrar güler otyrdy
Sylap salam berse köçeden geçen
"Aleýk"diýip salamyn alar otyrdy
Aýdardy "Ýol galar, ýolagçy galmaz
Gadym pelek ynsan janyndan ganmaz
Many bilen pürepürdi tymsallar
Ertekilerinde şalar otyrdy
Ýuwaşdy,ýumşakdy ,ýüpek ýalydy
Ýukalan ýüregi çelpek ýalydy
Eşidende iliň-günüň agysyn
Gül ýaly saralar , solar otyrdy
Syrly sandyk ýaly, jadygöý ýaly
Ederdi öýmüzi mydam toý ýaly
Bilse sözne çyndan gulak goýýanyň
Häsin berseň monça bolar otyrdy
Ýagşylyksyz ýaşamady ýeke gün
Ýaslarda matamçy, toýda bekewül
Aýan bolar oňa göz ýaş dökenim
Çünki ýüregmizi biler otyrdy
"Geleweriň,geçewriň" diýerdi
"Iýeweriň, içeweriň " diýerdi
Allany söýşi deý ilin söýerdi
Töri myhmanlardan dolar otyrdy
Bitewi ýüregi alty parady
Hergiz deň söýerdi alty balasyn
Bahary deň eräp giden gara deň
Mähiri Güneş deý çoýar otyrdy
Her sözüni başlap bissimilläly
Namaz okap yrza etdi Allany
Patma ýaly, Isaň ejesi ýaly
Päklikde How enä golaý otyrdy
Ýel turdy, ýapraklar saralyp düşdi
Bagt bagymyzyň bilbili uçdy
Pukara öýmüziň çyragy öçdi
Aramyza baky aýralyk düşdi
Ýogsa aramyzda näler otyrdy
Goşgydan soňra ol şeýle wakany gürrüň berdi.
-Bir gezek men çölüň içinden gelýärdim welin bir ak ýaglykly gyz öňümden çykdy. Ol maňa:
-Size bir sorag bersem bolarmy ? -diýip soragy. Menem :
-Bolar -diýdi welin,ol
-Siz diýdi "Aýna bilen Artygy siz ýazdyňyzmy ?-diýip sorady .Menem :
-Ýok ony Kerbabaýew ýazdy , men "Uruş we parahatçylygy" ýazdym -diýip jogap berdim.
Zalda ýene hemişeki gülkiler ýaňlandy.Soň şahyr "Hany meniň gumrylarym nirede ? " atly goşgysy aýdyp berdi.
Penjiräniň ýokarsynda ýer eden
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Höwes eýläp guwanardy sereden
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Ynsan däldi ýöne ezizdi, geňdi
Belentden gaýşanda begendim , söýdüm
Uçup , gonup ýören ajaýyp aýdym
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Tenhalykda, pynhanlykda höwürdi
Ýatladar durardy söýen döwrümi
Intizar dideden ýüzün öwürdi
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Gideninde baglaryň üstündekä
Täsin bagşylaryň owazy kimkä ?
Bozulan höwürgä tiňsämi dikýän
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Ganatlaryndan seçilerdi nur
Kelesaň gaçyşy enaýy erur
Men bir ýalňyz şahyr hem söhbet zerur
Hany meniň gumrylarym nirede ?
Gurbandurdy aga goşgyny okap bolanyndan soň :
-Boljakmy?-diýip sorady. Edebiýat söýjüler gülüşip , el çarpyşdylar. Soňra ol :
-" Waliniý Hleniski" diýip bir şahyr bar . Şoň goşgysyny okap berjek bolýan . Goşgyny ýazypdyr welin goşgynyň ruslar aşagyna "Şuny çözmäge howlukmaň. Gijäň ýarynda ýatyrkaň birden bilersiňiz" diýip ýazypdyrlar.Ine şol goşgy
Когда умирает травы соф
Когда умирает дожди дищт
Когда умирает сонсе крикас
Когда умирает люди спреси
Ýöne men şu goşgyň manysyny bildim. Gijä däl , gündiz gezip ýörkäm bildim. Men onuň manysyny türkmençe terjime etdim. Ýatda saklaň
Bir syrym bar kim biler?
Gyzyma aýtsam kemsiner
Uýama aýtsam aglar
Ejeme aýtsam öler
Gurbandurdy aga goşgyny iki gezek okap:
-Ana ýaňky goşgynyň terjimesi şol . Ýöne çözmäne howlukmaň - diýip ýylgyrdy.
(2-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.