Soÿgi. Durmuś. Wepa
Wepaly bolmak, wepalylyk, ikilik etmezlik...
Asyrlarboýy, biziň ata-babalarymyz wepa hakynda, ýanýoldaşa, söýgä wepa hakynda käbir düşünjeleri nesillere geçiripdirler.
Dünýädäki halklaryň, milletleriň wepalylyk hakyndaky düşünjesi dürli-dürlidir.
Käbir halklarda ikilik eden aýalynyň günäsini geçip, soň ýaşaşyp ýören erkekler, hatda başga bir erkekden çaga dogrup, ýa bile ýaşaşyp, soň öňki ärine dolanýan aýallaryň barlygy mälim. Bu ýagdaý ýakyn çäklerde hem bolup biler.
Söýgä, söýgüliňe wepalylyk nähili bolmalyka aslynda? Durmuşda dürli sebäplere görä, söýgüsinden jyda düşüp, başga biri bilen maşgala bolan adamlaryň günäsi, ýa-da ýalňyşlygy nämede?
Gyz ýigidi bagyşlamagy kabul ederlikli ýagdaý hökmünde seredilýär. Ýöne gyz başga ýigit bilen baş goşsa, namys-ar hasap edýärler. Ähtimal, bu yslamyň kadalary bilen baglydyr.
Gepiň keltesi, wepalylyk türkmende şeýleräk, erkek özerkli, zenanyň erki erkek kişä bagly...
Wepa - bu sabyr, wepa - bu garaşmak, wepa - umyt, wepa - bu söýgi.
Statistiki maglumatlara salgylansaň, dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem zenanlar erkeklere garanyňda agdyklyk edýär. Umumy balansyň - jübütlik sazlaşygynyň kadalaşmagy üçin "wepalylyk" prinsipleri logika gabat gelmeýär. Kime wepaly bolmaly, kim üçin ýaşamaly?
Seýitmyrat GELDIÝEW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.