Edebiýat agşamlary (1-nji bölüm)
Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy.
Bu gün 2023-nji ýylyň iýun aýynyň on biri. Ine bu gün hem adatdakylar ýaly paýtagtymyz Aşgabadyň "Kämil" bilim merkezinde edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynyň bu günki myhmany Gurbandurdy Orazow boldy. Gurbandurdy Orazow degişgen, gürrüňçi , hakykaty halaýan adam eken. Ol ýany bilen birnäçe suratlary hem getiripdir. Adatça edebiýat agşamy sagat 17-00-da başlamaly bolsada , bu günki edebiýat agşamy Gurbandurdy aga gelen badyna başlady. Ilki bilen Gurbandurdy Orazowyň gysgaça terjimehalyna garap geçeliň.
Şahyr Gurbandurdy Orazow 1958-nji ýylyň 2-nji fewralynda Mary etrabynyň Peşanaly obasynda doguldy. 1984-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlady. «Mugallymlar gazeti», «Edebiýat we sungat» gazetlerinde, «Ýaşlyk», «Saglyk» žurnallarynda işledi. Onuň «Saňa aýdasym gelýär», «Mähek bilen Röwşen», «Hijran halkasy», «Men sähra gidýärin» atly goşgular ýygyndylary okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şahyryň goşgulary rus, türk, gazak, azerbaýjan, garagalpak dillerine terjime edildi. Gurbandurdy Orazow «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldy. Häzir ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär.
Soňra Gurbandurdy aga ýany bilen getiren suratlar bilen tanyşdyrmaga başlady.
-Inhä bu meniň terjimeçim. Menden sekiz ýaş kiçi. Häzir Fransiýada ýaşaýar. Filip Nikalaýowiç diýýärler. Meniň goşgylarymy rus diline terjime etdi.
Soň ol suraty goýup başga bir täzeräk suraty hämmämiz görer ýaly ýokary galdyrydy.
-Inhä bu prafessor protendi , halypam Atamyrat Atabaýew . Ýanyndaky bolsa ýaş şahyr , garry mugallym Gurbandurdy Orazow
Gurbandurdy aga özüne "ýaş şahyr ,garry mugallym "diýip baha berýärdi. Onuň bu sözüne hemmeler gülüşdi.
-Bu bolsa Rahymjan Atambaýew . Мой дорогой друг . Gazak, enesi türkmen eken. Dünýäň hemme baýraklaryny alypdyr. Menden bir ýaş kiçi we ýaňy ýakynda ýogalypdyr.
-Inhä bu surat bolsa siziň gowy görýän ýazyjyňyz Juma Hudaýgulyýew.Hudožnik Artyk Remeznow. Ýaş şahyr Gurbandurdy Orazow . Murbapda surata düşdik.
Gurbandurdy aga kä sözlerini süýndirip , kä sözlerini bolsa çalt aýdyp geçerdi . Şonuň üçin onuň köp sözlerine aňsatlyk bilen düžünilse ,köp sözlerine düşünmesi kyndy.Onuň sözlerini men telefonymdaky sesiňi belläp alýan programmadan peýdalanyp şu wagt ýazga geçirmek isledim.
-Inhä bu bolsa siziň gowy görýän ýazyjyňyz Kömek Kulyýew.
-Taryha girmäň iň aňsat ýolyny men size öwredýän. Eser ýazman , ýaňky uly adamlar bilen surata düşäýmeli.
Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly Gurbandurdy aga juda degişgen adamdy. Onuň bu sözlerine hemmeler degişme diýip kabul edip gülüşdiler. Ýöne bu sözlerde örän uly many bardy.
-Inhä bu Arkadagymyň elinden şa serpaýyny alyp duran pursatym. Arkadagym meni şeýle sylady , altyn zynjyr bilen sylaglady.
-Inhä meň halypam Magtymguly birleşmesiniň başlygy Geldimyrat Tütjäýew. Bu taýda Döwletmyrat Annamyradowam bar "Döwlet Garkyn" diýýärler.
Şu ýerde esasy bellemeli zadym men bu edebiýat agşamyny telefonymyň ses bellegine belläpdim. Şonuň üçin Gurbandurdy aganyň köp sözlerine düşünmän , diňe düşünen ýerlerimi çeper esere geçirjek bolýaryn. Gurbandurdy aga durşy bilen taryh eken. Ol ýany bilen alyp gelen suratlary bilen ýekeme-ýeke tanyşdyran soň :
-Men size goşgy okap beräýeýin - diýdi. Hemmeler "Howwa-da howwa" boluşan soň ol söze başlady :
-Gürzünleriň ozaldan gelýän bir edehedi bar eken . Olar öz goşgylaryny okamazdan ozal hökman halypa şahyrlaryň goşgylaryny okamaly eken. Menem şeýtjek bolýanda-diýip aşakdaky goşgyny aýdyp berdi.
-Şems on bäşinji asyr
Ýa pelek özüň biler sen
Senden özge kimim bar ?!
Biribarym öwür sen
Senden özge kimim bar ?!
Sensiz nirä giderin?
Derdim kime aýdaýyn ?
Mundan özge nedeýin?
Senden özge kimim bar ?!
Ýere baksam sen häzir
Göge baksam sen nazyr
Ýerde-gökde bir Kadyr
Senden özge kimim bar ?!
Şews asy guluň men
Şews günäkär guluň men
Nebir senden gaçyp men
Huzuryňa gelip men
Senden özge kimim bar ?!
Soňra ol söhbetini Ýunus Emräniň aşakdaky goşgysy bilen dowam etdi.
-Soradym sary güllerden·" Ataň-eneň barmydyr?
Güller diýdi "Derwüş agam a tam-enem toprakdyr
Soradym sary güllerden "Dogan gardaş barmydyr ?"
Güller diýdi "Derwüş agam ,dogan gardaş ýaprakdyr
Soradym sary güllerden "Kalbyňyz näme egridir?"
Güller diýdi "Derwüş agam , kalbymyz Haka dogrudyr.
Soradym sary güllerden "Sizde ölüm barmydyr ?"
Güller diýdi derwüş agam "Ölümsiz ýer barmydyr"
Goşgyny okap bolanyndan soň hemmeler seslerini çykarman diňlensoňlar zalda az-owlak dymyşlyk bolupdy. Şonda Gurbandurdy aga :
-Ýer näýli, boljakmy?- diýeninden soňra hemmeler el çarpyşdylar.
(1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)
© Gerçeknazar Amannazarow

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.