Sümer Plita ýazgylary (5-plita /4 dowamy)

IGIGILER TOPALAŇ TURUZÝARLAR

Täleý tabelleri bu otagda reňkini daş-töwerege ýagtyldyp durdy. Enlil şolaryň kömegi bilen gelen-gidenleri hasaplap bilýärdi.
Anunnakiler Ýerdäki kyn şertlere görä işlemeleri kyndy; işden-güýçden şikaýat edýärdiler. Ýeriň çalt aýlawlary sebäbi birahatdylar; taýynlanýan melhemler azlyk edýärdi.
Anunnakiler Edinde kyn şertlerde işlediler. Abzudaky işler hem gaty kyndy. Anunnakiler topar-topar edilip Nibiruna ugradylýardy. Täze toparlar gelýärdi. Lahmuda ýerleşen Igigileriň şikaýatlary has köpdi. Lahmudan Ýere gelenlerinde Ýer üstünde dynç alar ýaly ýer soradylar.
Enlil, Enki we Anu bilen bilelikde goşulyp patyşadan maslahat soradylar. Anu olara: Baştutanlary Ýere gelsin Anzu bilen meseläni belli-külli etsin'' diýdi. Anzu gökden Ýere gondy; şikaýatlaryny Enlil we Enkä getirdi. Işleriň nädip ýörändigine degişli Anzuwa düşündireliň diýdi Enki Enlile.

ANZU TABELLERI OGURLAÝAR

Oňa Abzuny görkezjek, Senem oňa gök-ýer bagyny görkez. Enkiniň sözlerine razy boldy Enlil. Enki Abzuny görkezdi Anzuwa.
Oňa magdanlardaky kyn işleri görkezdi, Enlil Nibru-ka çagyrdy Anzuny, garaňky mukaddes otaga girmegine rugsat berdi. Içerde ýerleşen mukaddes ybadathanada täleý tabellerini Anzuwa açyklady. Anunnakileriň bäş sany şäherde nämeler edýändiklerini Anzuwa görkezdi.
Gonuş ýerine gelen Igigilere kömek ediljekdigini aýtdy. Igigileriň şikaýatlaryny diňlemek üçin soňra Nibrikuwa dolanyp bardy. Şazadalar arasynda ol hem şazadady. Jeddi (asly) patyşa tohumyndan, Gök-ýer bagyna dolanyp baranda erbet düşünjeler doldurdy ýüregini. Täleý tabellerini ogurlamagy ýüregine düwdi. Gögüň we ýeriň emrlerini ele almagy planlady içinden.
Enlilligi aýryp, Igigileri we Anunnakileri dolandyrmakdy niýeti. Ondan şübhelenmedik Enlil Anzuny mukaddes otagyň girişinde sergin suwda suwa düşüp ýüzmäge gitdi. Erbet niýetli Anzu täleýler tabellerini alyp gaçdy.
Asman otagyna münüp ýitirim.boldy. Gök otaglaryň dagyna bardy. Ol ýerdäki gonalgadaky topalaňçy Igigiler oňa garaşýardy.

ENLIL WE ENKINIŇ GAHARY GELÝÄR

Anzuny Ýeriň we Lahmunyň patyşasy diýip yglan etmäge taýynlanýardylar. Nibirunyň mukaddes otagynda ýagtylyk azalyp sönmäge başlady; Uwwuldylaryň sesi kesildi. Dymyşlyk başlandy, mukaddes formulalar ýönekeý bolup galdylar. Nibru-kide Enlil laljimdi; oňa bu haýynlyk gaty agyr gelipdi. Enkä gaharlandy we oňa sögündi.
Anzunyň aslyna şübhelendi. Nibru-kide baştutanlar ýygnandy; Anunnakiler täleýi yglan eden Anuwa muny aýdyp berdi.

NINURTA ANZU BILEN SÖWEŞÝÄR

''Anzu tutup getirilmeli, tabeller mukaddes otaga getirilmeli'' diýip Anu şeýle buýruk berdi. Topalaňçy bilen kim ýüzbe-ýüz durar? Tabelleri kim getirip berer? - diýip baştutanlar biri-birlerine seredişdiler. Täleý tabelleri elindekä ýeňip bolarmyka Anzuny? - diýýärdiler. Ejesiniň ruhlandyrmagy bilen öňe çykdy Ninurta: ''Enliliň urşujysy men boljak, Anzuny ýeňerin'' diýýärdi.
Ninurta dag tarapa ilerledi, gaçgak Anzunyň
yzyna düşüp onuň bilen söweşip ýeňmek isleýärdi. Anzu duran ýerinden Ninurta haýbat atdy: ''Tabeller meň ellerinde, meni ýeňip bilmersiň'' diýdi. Ninurta Ýyldyrymly oklaryny Anzuwa tarap atdy. Oklar Anzuwyň ýanyna ýetende yzyna öwrüldiler. Söweş bes edildi. Ninurtanyň ýaraglary Anzuny ýeňip bilmändi. Soňra Enki akyl berdi oňa; ''Kasyrgan bilen şemal, tüweleý saňa kömek eder...''

NINURTA ANZUNY ÝEŇÝÄR

Tozan tutsun Anzunyň ýüzüni, gök guşunyň ganatlary garyşsyn. Enlil ogly üçin gudratly ýarag ýasap berdi. Bu Tillu gundakly ýaragdy. Tüweleý, şemally ýaragyňy şu ýaraga goşsaň, ganat-ganata gelende Anzuwa çene-de ot aç! Enlil ogluna şolary öwretdi.
Ganat-ganada ýakynlanynda ýyldyrym ýaly bolup uçsun. Ninurta tüweleý katastrofasy bilen beýgeldi. Anzu gök guşy bilen oňa garşy çykmak üçin beýgeldi.
''Ganat, ganata'' diýip gazap bilen gygyrdy Anzu. ''Bu söweş seniň soňlugyň bolar''. Ninurta Enkiniň aýdanlaryna uýdy. Onuň ýaragyny ulandy: Ine birden başlanan tüweleý zerarly katastrofa başlandy. Apy-tupan, tüweleý başlap, ýeriň tozany Anzunyň ýüzüni örtdi. Asman guşunyň ganatlaryny orta tutdy. Pursatdan peýdalanan Ninurta guşuň orta ganatyna tarap çenäp oky atdy. Anzunyň ganatlaryny parlak ýagty alaw gaplap aldy.
Ganatlary zordan uçýan kebelek ýaly bolup pyrlanyp aşaklady. Anzu ýere gaýyp düşdi. Ýer sarsyldy, asman garaldy. Ninurta Ýere gaçan Anzuny ýesir aldy. Tabeli elinden aldy. Igigiler dagyň üstünde seredişip durdylar. Ninurta geleninde gonuş ýerinde gorkudan ýaňa dyza çökdüler.
Ýesir alynan Abgaly we Anunnakileri azat etdi Ninurta. Anu we Enlile ýeňşini buşlady. Soňam Nibrukä dolanyp bardy. Tabelleri içki otaga saldy, täzeden gurnady.


Zakariýa SEJIN

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 71 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.