Sümer Plita ýazgylary (4-nji plita) /-4 dowamy/
ALALU SUDA ÇEKILÝÄR. HÖKÜM BELLI BOLÝAR
Indi bu ýazgylar bolsa Alalunyň sud edilşiniň we höküm çykarlyşy hakynda, Ýerde we Lahmuda nämeleriň bolup geçendigi hakyndaky ýazgylardyr.
Gamyş külbesinde Anu agyrysyna çydaman, çarp urýardy. Beýleki gamyş külbede bolsa Alalu otyr, agzyndan ak köplük gelýärdi; Anunyň jyns agzasy onuň içinde agyr ýük ýalydy. Edil Anunyň döli bilen içinde hamyla bolan ýalydy. Çaga dogurjak bolýan aýallaryň garny ýalydy garny (Bir adamyň jyns agzasyny ýuwdan bir kişi nädip zäherlenip ölüp bilsin? Bu hem Nibirulylaryň bizi özlerine meňzeş edip ýaratmandygyny görkezýär.
Üçünji gün Anunuň ýarasy birdir, agyrysy aýryldy. Mertebesi peselen ýalydy. Anu: ''Nibiruna çaltyrak barasym gelýär'' diýip iki ogluna ýüzlendi. ''Ýöne ilki bilen Alalu bu etmişi üçin adalatly höküm edilisin. Ony bu etmişi üçin jezalandyrmaly.
Nibiru kanunlaryna görä, ýedi sany oturdaş, beýigiräk sekiniň üstünde bolsa akylly başly biri baştutanlyk etmelidi.
Eridunyň meýdanyna toplandy gahrymanlar, Alalunyň höküm edilmegini görmek üçin Gahrymanlar Eridunyň meýdanyna toplandylar (Ýediligiň hem keramatly sandygynyň asly Sümer asyllydygyny görýäris. Ýeriň ýedinji planetalygy, hepdäniň ýedi günden ybarat bolmagy we ş.m.)
HÖKÜM BAŞLANÝAR
Höküm çykaryjy ýediler üçin ýedi sany oturgyç goýuldy. Baştutanlyk etjek Anunyň oturgyjy iň ulusydy. Onuň sagynda Enki oturdy; Enlil bolsa Anunyň çep tarapynda oturdy. Enkiniň sagynda Anzu we Nergal oturdy. Abgal bilen Alalgarise bolsa Enliliň çepinde oturdy. Höküm çykarjak bolýan ýedileriň garşysyna Alalu getirildi. Elleri we aýaklary çözüldi. Söz gezegi Enka berildi; ''Göreş tutluşygynda Alalu ýeňilip hökümdarlygyny Anuwa bermeli boldy. Bu hakda näme diýýäň Alalu?'' Alalu: ''Göreş tutluşygynda patyşalygy Anuwa bermeli boldym'' diýdi. Enlil bolsa: ''Ýeňilen Alalu geçilmez günä iş etdi, Anunyň ärligini dişläp ýuwtdy, Jezasy ölümdir'' diýdi. Enki: ''Aýtjak zadyň barmy Alalu'' diýip gaýynatasyndan sorady. Alalu jogap bermedi. Soňra Alalu ''Hemmämiz bu işe şaýat bolduk'' diýdi.
ALALU JOGAP BERÝÄR
Höküm muňa laýyk bolmaly. Aýtmak isleýän zatlaryň bar bolsa, karar kabul edilmänkä aýt'' diýdi Enki, Alaluwa. Köp wagtlyk dymyşlykdan soňra Alalu: ''Nibiruda patyşadym, hakym bilen hökümdarlyga geçdim. Anu meniň şerap guýup berýänçimdi. Şazadalary aýaga galdyrdy, gozgalaňa baş urdy, göreşde ýeňildim ondan. Dokuz şar boýunça Nibiruda patyşadym. Patyşalyk asyl neslimizden.
Tagtyma Anu eýelik etdi. Özümi halas etmek üçin gaçyp howply ýol uçuşyna girdim, uzakdaky Ýere geldim. Nibirunyň halas bolmagyny göz öňünde tutup planetany aýlanyp gezen meň özüm. Maňa Nibiruwa dolanyp baranymda täzeden tagtyma geçjekdigim hakda söz berdiler. Soňra Ea (Enki) geldi Ýere. Indiki Nibirudaky hökümdar bolmaly kişidi ol. Soň Enlil geldi, Anudan soň onuň tagta geçjegi belli. Soňam Anu geldi. Eany (Enki) aldady, ony Dünýäniň hojaýyny Enki diýip yglan etdi. Nibiruda däl-de Ýerde hökümdar bolmaly. Soňam Enlile hojaýynlyk ýetdi. Enka bolsa uzakdaky Abzu (Afrika) berildi. Bu bolýan zatlar ýüregimi daraltdy, utançdan ýaňa ýüregim ýarylara geldi. Ine soňam Anu aýagy bilen döşümden basdy, ýüregimi mynjyratýan ýaly boldy.
SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
Zakariýa SEJIN
Terjime eden. @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.