"!"

Ýalňyzlyga sowgat etdim wagtymam,
Ykbalyma undylmajak paý berdim.
Tanyşsyz, tölegsiz ýöne mugtuna
Senden geljek gussalara jaý berdim.

Uly-uly umytlara beslenen,
Gerekmidi beýle şowsuz jemleme?!
Içimden gygyrjak uly ses bilen:
"Ýok bol diýjek, güm bol diýjek"
Diňleme!

Ter duýgylar ilkibaşda paşyrdar,
Berleni al, ýetmedigňe uzanma!
Ünsüň sowma kalbymdaky pyşyrda,
Goşgudyr öýtmegin entek ýazanma.

Gara maňlaý gündizlerem görülmez,
Zat gözleme geçmişdäki köwükden.
Ýürek gap däl.
Döwler, emma zyňylmaz!
Sungat edip bolýar - döwük-döwükden...


Ylham GURBANALYÝEW
09.06.2023
8 лайков 82 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.