* * *

Bu duýgyny nädip beýan edeýin ?
Tans edýärsiň sen şeýle bir owadan.
Diňle,bar syrymy aýan edeýin,
Sen dälmidiň bu duýgyny oýadan?

Bu gün bolsa, özge bilen toý eden,
Toýuňada çagyrmadyň barjakdym.
Elewreden,ýene kalbym ereden,
Ýylgyrşyňy golaýjakdan görjekdim.

Biläýjekdim,
Bagtlymy sen ,
Oň bilen?
Bagtly bolsaň,
Menem borun bagtly.
Ýaşap ýörün şol köneje heň bilen,
Seň bagtyňa guwanmagam bagtdy.

Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder,
Dözmezim, sözlerim gyýaýsa näder?

© Gerçeknazar Amannazarow
2 лайков 62 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.