Şirinli günler (sonetler çemeni)
Şirinli günler (sonetler çemeni )
1
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Tans edýärsiň sen şeýle bir owadan
Diňle,bar syrymy aýan edeýin
Sen dälmidiň bu duýgyny oýadan
Indi bolsa özge bilen toý eden
Toýuňada çagyrmadyň barjakdym
Ençe ýyllar ýigit kalbym ereden
Ýylgyrşyňy golaýjakdan görjekdim
Biläýjekdim ,bagtly sen oň bilen
Bagtly bolsaň menem borun bagtly
Ýaşap ýörün şol köneje heň bilen
Seň bagtyňa seretmegem bagtdy
Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder
Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder?
2
Dözmezim ! Sözlerim gyýaýsa näder ?
Şonuň üçin ýazmanada dözemok
Leňňeç deý ädimim her ýana äder
Ýazanlarmy bozmanada dözemok
Seret ýene gaşyňda dur undanyň
Geçmişiňdiň indi bolduň geljegim
"Unut" diýýäň , seni nädip undaýyn?
Heýde seni unudarmy Gerçegiň
Üýtgemedim otuz ýaşly çaga men
Çagalyga siňip galdym girdapda
Özümdenem öňürdüpdir çagalam
Ýaşaýaly bolmanda bir etrapda
Ömrüme birneme zyýan edeýin
Özümi birneme pyýan edeýin
3
Özümi birneme pyýan edeýin
Içir meni, hemme zady aýdaýyn
Duýguly dünýämi duman edeýin
Göremoga indi nädip gaýdaýyn?
Men nädeýin , nätsem unudulmaýaň
Göz öňünde doňup dur-a syratyň
Bolduň sen dünýämde unudulmaýan
Setirlerme siňip dur-a sungatyň
Bagra basyp göräýjekdim suratyň
Ykbal seniň suratyňam kän gördi
Syratyň ýok,suratyň ýok, ýok hatyň
Ganatym ýok, ykbal maňa näm berdi?
Yşk bolan ýerinde meýhana bardyr
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
4
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
Içip , uçup,gaçyp, şaň bolaýynla
Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder?
Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla
Geň göreýin,gel göreýin gözlerňi
Gözeriňde çaga göwnüm galypdyr
Iň bolmanda eşdäýeýin sözlerňi
Görünmeýär indi gözleň gaýypdyr
Indi seni görjegimem gümana
Nirelerde,nämişleýäň , näbelli
Birje gezek geläýsene bu ýana
Beýle bagt ýa belli däl,ýa belli
Kagyza siňmese ýürekde ganar
Senden kemal tapdy şygryýethanam
5
Senden kemal tapdy şygryýethanam
Ylham beren gözleriňe döneýin
Nirde sen , neneňsi , aýtsana janam ?!
Sözlesene sözeriňe döneýin
Şar garaja saçlaryňa döneýin
Näp-näzijek elleriňe döneýin
Kirpiklerňe,gaşlaryňa döneýin
Ah çagalyk ýyllaryma döneýin
Neneň hezil eken senli günlerim
Neneň gözel eken bakyşlaryňda
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin
Ençe sonetleri bagyşlasamda
Ýalňyz ýüregimiň syrdaşy sensiň
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
6
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
Sensiň sebäp Gerçeknazar bolmagma
Ýadyma düşende gyýylýan sessiz
Birje kitap ýazarsadym bolmanda
Ne güldürýäň ,ne öldürýärsiň meni
Gezip ýörün ne öli ne diri men
Başga dünýä sen indirýärsiň meni
Geň görmegin ölüp ýene direlsem
Ýagyş kimin ýagyp duran sözlermiň
Aşagynda ezilmeseň bolarla
Hanasynda çogup duran sözlermiň
Garşysyna böwet boljak bolýarlar
Ýürek ýazgylarmy aýt kimler halar ?
Köňül para-para , şygyrlam ganan.
7
Köňül para -para , şygyrlam ganan
Aýt beýle heseri nirden tapaýyn ?
Göýä seniň bilen aýlanýar ganam
Ýitdi ýene ,zordan gözläp tapanym
Wah seniň dünýäňe ruhum siňipdir
Henizlerem men dermansyz keselli
Aladalar şool ýagyp dur , ýagyp dur
Senli ýatlamalar berýär teselli
Oturyn syrdaşym bilen sözleşip
Ýene-de bir zady bilip galdym men
Ömür boýy ýüregime ýelmeşip
Şirinli ýatlama bolup galdyň sen
Duýguly dünýämiň göz,gaşy sensiň
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
8
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
Sensiň sebäp köňüldäki heýjana
Diýýärdim men "Ýaşap bilmerin sensiz"
Henizlerem seniň bilen her ýana
aýlanýaryn.Göterýärin gursakda
Her sözleriň setirlerme siňip dur
Ony ýazjak bolup gelen pursatda
Galam,kagyz ýanýoldaşym bolup dur
Ömre dowaatdyr ýazan goşgylam
Hemde köňüllerden parran geçmeli
Seni söýüp şahyr boldum başda men
Bakyşlaryň bakylygyň çeşmesi
Düşündim henizem çagadygyma
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
9
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
Şu günüňe dälde düýnüňe aşyk
Seň bilen hezildi çagalygymam
Degişip,gülüşip ,oýnardyk üýşüp
Şirinli günlere gidýän gaýbana
Gowursada meni hijranyň ody
Ýelek kimin üfläniňde gaýýana
Sähelçe ylhama ýazýaryn goşgy
Okap,ýazyp ýadamadym goşgydan
Ýadaman ýazaryn halkym halasa
Çagalykdan bäri ýazan goşgylam
Porsaşyp ýatyrlar hajathanada
Şonda-da ýaşaýar poeziýa söýgüm
Sen bolduň tolgunjym bir täsin duýgym
10
Sen bolduň tolgunjym , bir täsin duýgym
Derdimiň düýbünde nämeler ýatyr ?
Baryp görsem ine ilkinji söýgüm ,
Ýenede naýynjar seredip otyr
Her gören gelnimi saňa meňzedip
Saňa meňzeýärdä gara saçlylar
Undulşan derdimi ýene gozgadyp
Şol köne derdime başdan başladym
Mähir lowurdysy gursakda gaýnap
Muhapbet şerbetin içirdiň ýene
Içir sen içirseň ýazaýyn saýrap
Içir sen , içir sen ,günäsi maňa
Gör-ä geçip gitdi çagalygymam
Indi seredýän öz çagalaryma
11
Indi seredýän öz çagalaryma
Indi başga birne yrsaraýaryn
Käte aýlanyp öz çagalygyma
Şirinli günleri ýada salýaryn
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Şirinli günlerim alabaharym
Aglatsada meni ol gara gözler
Ol gözlere mydam gülüp bakaryn
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Barardym ýanyňa ganatym kakyp
Ganatsyzam gaýratlanyp göwünler
Bileje oýnardym eliňden tutup
Köňülde kerepläp galdymy gaýgym ?
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.
12
Çagalykda galdy ,çagalyk söýgüm
Belkem bile borduk ulalmasadyk
Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym
Ulalmak melhemni ulanmasadyk
Her gün aýlanardym eliňden tutup
Oýnardym,ýaýnardym,saýrardym joşup
Ýaşardym pelegiň oýnuny utup
Söýgünem bilmezdim bolmazdym aşyk
Indi "Sagat" diýlen zalyma duşup
Gün geçdigçe garrap, ölüp barýana
Bolsun arasynda täsin duşuşyk
Bolmasa ýatlama bolup barýaňa
Duýgylarmy gizlesede göz , gaşym
Setirlemden akyp dur-a göz ýaşym
13
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym
Ýürek sözüm ýaýrar ýüreklerňize
Göz ýaş bilen gidip barýar gör ýaşym
Ýenede ýaş berýär ýürekler bize
Şygyrlarym bilmeýäne bulaşyk
Elim işde,kelle goşgy düzüp dur
Ýene ýazýan yşk derdine ulaşyp
Men-ä aýdýan , galam bolsa ýazyp dur
Ylham bolsa şol gelip dur, gelip dur
Indi galam ýetişenok ýazmana
Birikdirseň poeziýa bolup dur
Maý berenok, işimizem bir ýandan
Seniň waspyň ýazmak boldy bar işim
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň
14
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň
Serhoş bolup samyrdaýar setirlem
Wah şonda-da geläýsene serhoşym
Beýle derdi hemme ýürek götermez
Çagalykdan eýe bolduň köňlüme
Götereýin baýdak kimin pasyrda
Aýratynja ömür goş sen ömrüme
Gel bileje ýaşaly biz asyrlap
Diýýärsiň "Eý Gerçek ! Öňmüzde geljek
Jaýdar jümleleriň düşsün jaýyna
Manysyz ýaşandan , manyly öljek
Sonetler döretsem Şirinaýyma
Gel ,rugsat ber seniň bilen gideýin
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Magistral
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder ?
Özümi birneme pyýan edeýin
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
Senden kemal tapdy şygryýethanam
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
Köňül para -para ,şygyrlam ganan
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
Sen bolduň tolgunjym ,bir täsin duýgym Indi seredýärin öz çagalarma
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň.
Gerçeknazar Amannazarow
(19.03.2023)
1
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Tans edýärsiň sen şeýle bir owadan
Diňle,bar syrymy aýan edeýin
Sen dälmidiň bu duýgyny oýadan
Indi bolsa özge bilen toý eden
Toýuňada çagyrmadyň barjakdym
Ençe ýyllar ýigit kalbym ereden
Ýylgyrşyňy golaýjakdan görjekdim
Biläýjekdim ,bagtly sen oň bilen
Bagtly bolsaň menem borun bagtly
Ýaşap ýörün şol köneje heň bilen
Seň bagtyňa seretmegem bagtdy
Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder
Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder?
2
Dözmezim ! Sözlerim gyýaýsa näder ?
Şonuň üçin ýazmanada dözemok
Leňňeç deý ädimim her ýana äder
Ýazanlarmy bozmanada dözemok
Seret ýene gaşyňda dur undanyň
Geçmişiňdiň indi bolduň geljegim
"Unut" diýýäň , seni nädip undaýyn?
Heýde seni unudarmy Gerçegiň
Üýtgemedim otuz ýaşly çaga men
Çagalyga siňip galdym girdapda
Özümdenem öňürdüpdir çagalam
Ýaşaýaly bolmanda bir etrapda
Ömrüme birneme zyýan edeýin
Özümi birneme pyýan edeýin
3
Özümi birneme pyýan edeýin
Içir meni, hemme zady aýdaýyn
Duýguly dünýämi duman edeýin
Göremoga indi nädip gaýdaýyn?
Men nädeýin , nätsem unudulmaýaň
Göz öňünde doňup dur-a syratyň
Bolduň sen dünýämde unudulmaýan
Setirlerme siňip dur-a sungatyň
Bagra basyp göräýjekdim suratyň
Ykbal seniň suratyňam kän gördi
Syratyň ýok,suratyň ýok, ýok hatyň
Ganatym ýok, ykbal maňa näm berdi?
Yşk bolan ýerinde meýhana bardyr
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
4
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
Içip , uçup,gaçyp, şaň bolaýynla
Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder?
Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla
Geň göreýin,gel göreýin gözlerňi
Gözeriňde çaga göwnüm galypdyr
Iň bolmanda eşdäýeýin sözlerňi
Görünmeýär indi gözleň gaýypdyr
Indi seni görjegimem gümana
Nirelerde,nämişleýäň , näbelli
Birje gezek geläýsene bu ýana
Beýle bagt ýa belli däl,ýa belli
Kagyza siňmese ýürekde ganar
Senden kemal tapdy şygryýethanam
5
Senden kemal tapdy şygryýethanam
Ylham beren gözleriňe döneýin
Nirde sen , neneňsi , aýtsana janam ?!
Sözlesene sözeriňe döneýin
Şar garaja saçlaryňa döneýin
Näp-näzijek elleriňe döneýin
Kirpiklerňe,gaşlaryňa döneýin
Ah çagalyk ýyllaryma döneýin
Neneň hezil eken senli günlerim
Neneň gözel eken bakyşlaryňda
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin
Ençe sonetleri bagyşlasamda
Ýalňyz ýüregimiň syrdaşy sensiň
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
6
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
Sensiň sebäp Gerçeknazar bolmagma
Ýadyma düşende gyýylýan sessiz
Birje kitap ýazarsadym bolmanda
Ne güldürýäň ,ne öldürýärsiň meni
Gezip ýörün ne öli ne diri men
Başga dünýä sen indirýärsiň meni
Geň görmegin ölüp ýene direlsem
Ýagyş kimin ýagyp duran sözlermiň
Aşagynda ezilmeseň bolarla
Hanasynda çogup duran sözlermiň
Garşysyna böwet boljak bolýarlar
Ýürek ýazgylarmy aýt kimler halar ?
Köňül para-para , şygyrlam ganan.
7
Köňül para -para , şygyrlam ganan
Aýt beýle heseri nirden tapaýyn ?
Göýä seniň bilen aýlanýar ganam
Ýitdi ýene ,zordan gözläp tapanym
Wah seniň dünýäňe ruhum siňipdir
Henizlerem men dermansyz keselli
Aladalar şool ýagyp dur , ýagyp dur
Senli ýatlamalar berýär teselli
Oturyn syrdaşym bilen sözleşip
Ýene-de bir zady bilip galdym men
Ömür boýy ýüregime ýelmeşip
Şirinli ýatlama bolup galdyň sen
Duýguly dünýämiň göz,gaşy sensiň
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
8
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
Sensiň sebäp köňüldäki heýjana
Diýýärdim men "Ýaşap bilmerin sensiz"
Henizlerem seniň bilen her ýana
aýlanýaryn.Göterýärin gursakda
Her sözleriň setirlerme siňip dur
Ony ýazjak bolup gelen pursatda
Galam,kagyz ýanýoldaşym bolup dur
Ömre dowaatdyr ýazan goşgylam
Hemde köňüllerden parran geçmeli
Seni söýüp şahyr boldum başda men
Bakyşlaryň bakylygyň çeşmesi
Düşündim henizem çagadygyma
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
9
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
Şu günüňe dälde düýnüňe aşyk
Seň bilen hezildi çagalygymam
Degişip,gülüşip ,oýnardyk üýşüp
Şirinli günlere gidýän gaýbana
Gowursada meni hijranyň ody
Ýelek kimin üfläniňde gaýýana
Sähelçe ylhama ýazýaryn goşgy
Okap,ýazyp ýadamadym goşgydan
Ýadaman ýazaryn halkym halasa
Çagalykdan bäri ýazan goşgylam
Porsaşyp ýatyrlar hajathanada
Şonda-da ýaşaýar poeziýa söýgüm
Sen bolduň tolgunjym bir täsin duýgym
10
Sen bolduň tolgunjym , bir täsin duýgym
Derdimiň düýbünde nämeler ýatyr ?
Baryp görsem ine ilkinji söýgüm ,
Ýenede naýynjar seredip otyr
Her gören gelnimi saňa meňzedip
Saňa meňzeýärdä gara saçlylar
Undulşan derdimi ýene gozgadyp
Şol köne derdime başdan başladym
Mähir lowurdysy gursakda gaýnap
Muhapbet şerbetin içirdiň ýene
Içir sen içirseň ýazaýyn saýrap
Içir sen , içir sen ,günäsi maňa
Gör-ä geçip gitdi çagalygymam
Indi seredýän öz çagalaryma
11
Indi seredýän öz çagalaryma
Indi başga birne yrsaraýaryn
Käte aýlanyp öz çagalygyma
Şirinli günleri ýada salýaryn
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Şirinli günlerim alabaharym
Aglatsada meni ol gara gözler
Ol gözlere mydam gülüp bakaryn
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Barardym ýanyňa ganatym kakyp
Ganatsyzam gaýratlanyp göwünler
Bileje oýnardym eliňden tutup
Köňülde kerepläp galdymy gaýgym ?
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.
12
Çagalykda galdy ,çagalyk söýgüm
Belkem bile borduk ulalmasadyk
Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym
Ulalmak melhemni ulanmasadyk
Her gün aýlanardym eliňden tutup
Oýnardym,ýaýnardym,saýrardym joşup
Ýaşardym pelegiň oýnuny utup
Söýgünem bilmezdim bolmazdym aşyk
Indi "Sagat" diýlen zalyma duşup
Gün geçdigçe garrap, ölüp barýana
Bolsun arasynda täsin duşuşyk
Bolmasa ýatlama bolup barýaňa
Duýgylarmy gizlesede göz , gaşym
Setirlemden akyp dur-a göz ýaşym
13
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym
Ýürek sözüm ýaýrar ýüreklerňize
Göz ýaş bilen gidip barýar gör ýaşym
Ýenede ýaş berýär ýürekler bize
Şygyrlarym bilmeýäne bulaşyk
Elim işde,kelle goşgy düzüp dur
Ýene ýazýan yşk derdine ulaşyp
Men-ä aýdýan , galam bolsa ýazyp dur
Ylham bolsa şol gelip dur, gelip dur
Indi galam ýetişenok ýazmana
Birikdirseň poeziýa bolup dur
Maý berenok, işimizem bir ýandan
Seniň waspyň ýazmak boldy bar işim
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň
14
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň
Serhoş bolup samyrdaýar setirlem
Wah şonda-da geläýsene serhoşym
Beýle derdi hemme ýürek götermez
Çagalykdan eýe bolduň köňlüme
Götereýin baýdak kimin pasyrda
Aýratynja ömür goş sen ömrüme
Gel bileje ýaşaly biz asyrlap
Diýýärsiň "Eý Gerçek ! Öňmüzde geljek
Jaýdar jümleleriň düşsün jaýyna
Manysyz ýaşandan , manyly öljek
Sonetler döretsem Şirinaýyma
Gel ,rugsat ber seniň bilen gideýin
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Magistral
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder ?
Özümi birneme pyýan edeýin
Muhapbet meýinden bir damja dadyr
Senden kemal tapdy şygryýethanam
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň
Köňül para -para ,şygyrlam ganan
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň
Aşyk boldum seniň çagalygyňa
Sen bolduň tolgunjym ,bir täsin duýgym Indi seredýärin öz çagalarma
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň.
Gerçeknazar Amannazarow
(19.03.2023)
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.