Buýsanç

Işdeşim bilen orta mekdebiñ uçurym dabarasyny synlamaga gidipdiris. Belkem, ýörite çagyrlandyrys, kim bilýär. Ene-atalardyr gelen myhmanlaryñ ýanynda durup bizem uçurymy synlamaga başlaýas. Ine-de näme göreýin, seretsem hatar bolup duran uçurymlaryñ ählisi meniñ çagalar bagyndan şu ýyl uçurym eden çagalarym. Gör, nähili ulalypdyrlar. Gyzlar nähili owadan. Meniñ gyzlarym körpekä-de şeýlediler. Oglanlar diýseñ haýbatly görünýärler. Meniñ bezzatlarym!
Olar geñ galaýmaly ýagdaýda harplar hakdaky goşgularyny aýtmaga başlaýarlar. Edil çagalar bagyndaky uçurym dabarasynda bolşy ýaly. Men özümiñ öwreden goşgularymy aýdarlarmyka diýip garaşýaryn. Käbirleri bagyñ uçurym dabarasynda özlerine berlen goşgulary aýtsalar, käbirleri beýleki deñ-duşlaryna berlen goşgulardan aýdýarlar.
Goşgy aýdyşlyk gutaranyndan soñ Gülçemen bilen Ejegyz sahna çykýar. Olar bir zat hakda çykyş edýärler. Çakym çak bolsa bir mugallymy janlandyryp sahna ýerine ýetirjek bolýarlar. Gülçemen biziñ sahnanyñ deñinde goýan torbamyzdan depder gözleýär. Tapanok, ol ýerde meniñ nirä gitsem ýanymdan goýmaýan jadyly haltajygym we ýene-de birnäçe çagalar bagynda ulanýan esbaplarym bar. Biz işdeşim bilen duran ýerimizden hem gülýäris hem Gülçemene gygyrýarys: "Terbiýeçiniñ sumkasyndan depder tapmarsyñ".
Gülçemen bize seredip ýylgyrdy. Nätanyş adama neneñsi ýylgyrylýan bolsa şonuñ hili ýylgyrdy. Soñam nähilidir bir sebäbe görä dabaradan çykyp, ýoluñ añry tarapyna geçdi. Menem onuñ yzy bilen ýöräp, ýanyna bardym. Gülçemen üsti-başyna serenjam berdi, eginbaşy bilen baglanyşykly nähilidir bir hoşnutsyzlygynyñ bardygyny ýañzytdy. Men onuñ päk gözlerine seretdim:
- Sen o zatlary goý. Bir zat aýtjak.
Gülçemen bilen nazarlarymyz kaklyşdy. Garaýyşlary hälki nätanyş adama garaýşy ýaly däldi.
- Men señ çagalar bagyndaky mollumyñ.
Ýadyna düşdi. Garaýyşlaryna has-da del many çaýyldy. Men duýgyçyllygyñ çür başyna çykdym. Özem edil körpe çaga ýaly möññüripler agladym. Gülçemeniñem gözleri doldy.
Birdenkä-de oýanypdyryn. Gözlerimiñ çyglydygyny duýdum. Howwa, bu buýsanç duýgysy huşda-da edil düýşdäki ýaly duýgulandyrypdyr.
5 лайков 169 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
08 июн 2023, 12:36
:)))))))))
S❤
08 июн 2023, 12:37
Ucurym barada bu yyl hic zat agzalmady dp otyrdym
Ayjahan
10 июн 2023, 13:32
Gaty gowy ýazylypdyr