Ejeme hat...

Ejeme hat

Sen šu mahal penjiräňi açdyňmy
Ýolyn yzlap õz bagryndan öneniň
Säher çagy men ýadyňa düşdümmi?
Seni biwagt ynjytdymmy dönenim?

Belki agşam girendirin düýşüňe
Alnyňda durandyr perişan halym
Endigime gõrä geçip gaşyňa
Içgin içgon sorandyryn ahwalyň?

Belki görüp arasynda gülleriň
Näler begenensiň, hyýalyň päkdir
Eje kesel çeýnän näzik elleriň
Sygyr sagmagada ysgyny ýokdur.

Şol gaýtalap bolgusyzja hökümin
Ah seni garadar garradar gaty.
Bir tarapdan iňňirdisi kakamyň,
Bir tarapdan ogullaryň haýbaty.

Onda karar tapman dertli janyňa,
Meni küýsäp menzilleri aşarsyň.
Men hõkman bararyn seniň ýanyňa
Sen penakär ýyldyzyňa duşarsyň.

Şähribossan Geldimämmedowa.
5 лайков 184 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Rigel
Автор 07 июн 2023, 19:41
Harp ýalňyşlyklar we nädogry dyngy belgiler üçin ötünç soraýaryn. Menem Juma Kowusyň okamagynda taýýarlanan gysgaçyk tiktokda goýulan widiodan ýazdym. Eger sizde dolysy bar bolsa baş üstüne paýlaşaýyň. Örän haladym şu goşgyny