@Ayralyk agzanyň haýyşy boýunça / Soňky jaň goşgylary.

Soňky jaň.

Iň soňky jaň, soňra pursat, soňky gün,
Soňky gezek seň saýaňa geldik biz.
Biz "Uçurym" ellermizde çemen gül,
Gör gadyrňy bu gün bilip galdyk biz.

Sapaly saýaňda gülşüp oýnadyk,
Bir-biregiň didaryndan doýmadyk,
Yşga düşüp bilbil kimin saýradyk,
Hem goýnuňda ylym-bilim aldyk biz.

Ýüregim aglaýar, gözlerim gülýär,
Bu ajy aýralyk kalbymy dilýär,
Her adama ömür bir gezek gelýär,
Bu ömürde näme edip bildik biz?

...Hoş gal klasdaşlam, hoş gal mekdebim,
Bu gün senden aýrylmaly bolduk biz.

*    *    *

Undulmajak eken.

Undulmajak eken mekdep ýyllary,
Oýnap, ýaýnap geçirerdik günleri,
Klasdaşa gowşurardyk gülleri,
Näzijek elinde goýup elleri.

Ýürejikden dolar "Ýaşlyk" depderi,
Iki arada gatnar "Salam hatlary".
Garagol oglanlar bürgüt bolsalar,
Gara göz gyzlarmyz akja kepderi.

Şeýle bir çalt geçdi şadyýan günler,
"Uçrum" bolup uçup gitdik çar ýana.
Gyzgyn mähre ganmady hiç göwünler,
Gezdik munda ne sagat, ne diwana.

Ýene-de saýaňy küýseýän bu gün.
Ýatlap goşgy ýazýan geçen günleri.
Göwre garrasada garramaz göwün,
Undulmajak eken mekdep ýyllary.

*   *   *

Hoş gal eziz mekdebim.

Bir mekdepde bile okap, bile geçdi ýaşlygymyz,
Hoş gal eziz klasdaşlam, hoş gal eziz mekdebim.
Bize täze giň ýol açdy, dörtlügimiz, bäşligimiz,
Hoş gal eziz deňi-duşlam, hoş gal eziz mekdebim.

Ine bu gün uçurym biz, elimizde bägüller,
Mekdep seniň goýnuňda geçirdik biz nä günler?
Göýä ganatly guş deý uçup gitdi aý-ýyllar,
Hoş galyň mekdep ýyllarym, hoş gal eziz mekdebim.

Oglanlar-gyzlar bolup oýnaýardyk şadyýan,
Günler nähili geçdi, ýa düýşmidi , ýa duman?
Mugallymlar öňde durup okatdylar ýadaman,
Hoş gal eziz mugallymlar, hoş gal eziz mekdebim.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
0 лайков 147 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.