Sümer Plita ýazgylary (5-nji plita) 2 dowamy

Nibru-ki (Nippur), Ýeriň geçýän ýeri diýjek adyna, içine bir asman-ýer bagyny binýat etjek. Täleý tabelleri (plita ýazgysy) şol ýerde durar, bütin uçurylyş ulaglary dolandyryp durar.
Eridu bilen birlikde bäş şäher peýda bolar we ömürbaky hem bar bolar. Enlil Kristal tabeliň üstüne çyzylan esasy plany görkezdi. Tabeliň üstünde başga bir yşaratlary gören Ninmah onuň nämedigini sorady.
Bäş şäheriň aňyrsynda, ulaglaryň ýerini binýat etjek. Nibirudan Ýere göni geliş nokady bolar diýip ýaňzytdy Enlil. Şol wagt Ninmah düşünip galdy. Anunyň Lahmu bilen baglanyşykly planlary näme üçin Enliliň aklyny bulaşdyrdyka. Ninmah oňa: ''Bäş şäher üçin ýerine ýetirjek planlaryň buýsandyrdy''. Şurubakyň şypa şäherini maňa berendigiň üçin saňa diýseň minnetdardyryn...

ENKI ABZUDA (AFRIKANYŇ GÜNORTA-GÜNDOGARY) IŞLERINI DOWAM ETDIRÝÄR

''...Bu planyň aňyrsyna geçip kakaň sözüni red edip, jigiň azabyny ryýa etmegin. Sen hem gözel hemem köp zatlary bilýärsiň...'" diýdi Enki oňa. Enki hem Abzuda planlar gurnaýar. Gahrymanlar üçin ýerleşmeli ýerleri, Ýeriň düýp-bujagyna nirelerden girilmelidiginiň çyzgysyny çyzýardy. Gök gämisine münüp Abzunyň nirelere uzap gidýändigini ölçedi, daşynyň çägini aýlanyp çykdy. Abzu uzaklardaky diýardy. Edinden uzakda suwlaryň aňyrsyndady. Mes toprakly ýerleri bardy; hemme zatlar ýerbe-ýer, bol-bol bereketlidi. Bu mes toprakly ýerlerden akyp geçen beýik derýalar bardy, özem şarlap, uly tizlikde akýardy. Enki akan suwlaryň ýany başynda özüne ýaşar ýaly ýer edindi we şol ýerem onuň mesgeni boldy. Abzunyň ortasynda dury suwlaryň ýerine gitdi Enki. Ol diýarda Enki çuňluk ýerde gahrymanlara Ýere gonuş ýeri belli etdi.

MAGDAN ÇYKARYLMAGY ÜÇIN GEREKLI TEJRIBE GEÇIRILÝÄN ÝERLER GURULÝAR.

Enki Ýer ýaryjy gurdy we şol ýerde ýaryk açyp Ýeriň içine tuneller uzanar ýaly etdi. Sebäbi Ýeriň içki çuňluklaryndan altyn damarlary çykarylmalydy. Titredýän we deşijileri ýakynlaryna ýerleşdirdi. Altynlary daşaýan jöwherler daşalyp ýenjildigiçe gök gämileri bilen daşalmalydy.
Sedir daglaryndaky gonuş ýerine äkidilmelidi we ol ýerdenem roketa gämileri bilen Lahmuwa (Marsa) äkidilmelidi.

ŞÄHERLER GURULÝAR, ÝERDE WE LAHMUDA KÖP WAGTLYK IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Ýere gonup gelýän gahrymanlaryň sany her wagt öňküsinden artýardy; käbirleri Edine barsa, käbiri bolsa Abzuda wezipe başyna geçýärdiler. Larsa we Lagaş Enlil tarapyndan gurlupdy. Şurubaky Ninmah üçin gurupdy. Ninmah şypa beriji, dadyňa ýetişýän ýaşlar goşuny bilen birlikde ol ýerde oturýardy. Nibru-kide (Nippurda) Enlil asman - ýer bagyny gurýardy. Bütin wezipeler şol ýerden dolandyrylýardy.

ANUDAN ÝAZGY GELÝÄR

Enki bolsa Eridu bilen Abzu arasynda çekiji ýüp dokaýardy. Kä wagtlar o ýersini, bu ýersini deňleýärdi. Lahmuda gurluşyk tiz depginde alnyp barylýardy. Aerodrom üçin gahrymanlar hem gelýärdiler. Bir şar, iki şar dowam etdi taýýarlyk işleri. Soňra Anudan habar geldi. Şol gün Ýerde ýedinji gündi. Enki tarapyndan başlangyçda yglan edilen dynç güni.
Her ýerde üýşdi gahrymanlar; Anunyň Nibirudan ugradan ses ýazgysyny diňleýärdiler.
Edinde ýygnandylar, serkerde Enlil şol ýerde-di. Onuň bilen birlikde Ninmah hem bardy. Onuň ýanynda bolsa ýaş goşunlary bardy. Eridunyň hojaýyny bolan Alalgar hem şol ýerde-di. Gonuş ýeriniň serkerdesi Abgal hem bardy.
Abzuda-da bardy gahrymanlar. Enkiniň dolandyrmasy astynda boldular. Lahmuda hem gahrymanlar bardy; Serkerdeler Anzu bilen taýyndylar.
Ýerdäkiler alty ýüz kişidi. Lahmuda (Marsda) üç ýüz kişi. Hemmesi umumy dokuz ýüzdi. Patyşalary Anunyň sözlerini hemmesi bilelikde eşitdiler. Gahrymanlar, siz Nibirunyň halasgärisiňiz. Hemmämiziň kysmatymyz siziň elleriňizde.
Bitiren işleriňiz soňsuza çenli unudylmaz; hemmäňiz gowy atlar bilen ýatlanarsyňyz. Ýerdäkiler Annunakiler, asmandan ýere gelenler hökmünde bilinsin. Lahmudakylar (Marsdakylar) Igigiler gözegçilikde durýanlardyr. Gerekli bolan hemme zatlar taýyndyr; altyny ugratmaga başlaň, Nibiru halas bolsun...

(dowamy bar)

SÜMER PLITA ÝAZGYLARY

Zakariýa SEJIN

Terjime eden: @Jeksparro
0 лайков 47 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.