Nodar DUMBADZE / It (hekaýa)

Bu taryh kyrk birinji ýylyň awgustynda başlap, göni iki ýyl geçenden soň tamamlanypdy.
...Urşuň gazaply demini biziň obamyz bir aý geçeninden soň ymykly duýdy. Bol-telki ýaşamaga öwrenişen kolhozçy bolup geçýän hadysalaryň aýylgançdygyny birbada pikirinde aýlap bilmedi. Başarjaňlygynyň hasabyny çykaryp bilmedi, awgust aýy öýleriň birenteginde ammarlar, küýzeler, sandyklar boşap galdy, biziň öýümizde-hä ondanam öň...
Wodýanka (beden boşluklarynda suwuklyk ýygnanma keseli) keselinden ýaňa halys bolan atam Spiridon, gijesini-gündizini ojagyň başynda oturyp geçirýärdi, hojalygyň hemme hysyrdysy meniň egnime düşüpdi. Hojalyk näme diýsene! Şu wagtam ýatlasam, billerim owranyp barýar, baý tokaýdan odun daşandyryn-a, ýogsam sowukdan ýaňa atam görgüli horlanjakdy.
Iň soňky mçadini (mekgejöwen unundan bişirilýän külçe) 25-nji awgustda iýdik. Diwardaky şkafdan on litrlik agzy kelemiň damar bölegi bilen dykylan çakyrly uly çüýşäni çykaryp, atam maňa ýüzlendi:
– Sebede sal-da, Çohatauriýa (etrap merkezi) ugra, muny bir put mekgejöwene çalyş. Seret, şondan az hödürläniň depesinden şu çakyry guý-da, çüýşesinem döwüp, öýümize dolan... Çakyr tudanadan ýasalandyr, onuň gradusy segsen, muňa düşünmeli ahyry!.. Ynha, şeýle.
...Men çüýşäni döwmeli bolmadym. Bazarda çakyr ugruny kär edinip ýöreniň biri gabat geldi, ol salymyny bermän, derrew meniň harydymyň nämä durýandygynyň nyrhyny kesdi. Ol meniň bilen söwdalaşyp, durmady, haltama bir put saýlama sary mekgejöweni guýdy, gyzyl otuzlygam jübime gysdyrdy-da, ýaňagymdan sypalap, indiki hepde ýene gelmegimi sorady.
Bir minut geçeninden soň, men bazaryň garşysyndaky naharhananyň içinde durdum.
– Kotlet barmy? – diýip, bufetçiden soradym.
– Seniň puluň barmy? – diýip, bufetçi soragyma sorag bilen jogap berdi.
– Bar!
– Näçe?
– Otuz manat!
– Görkez!
– Ynha!
– Otur. Häzir getireýin.
– Üç kişilik! – diýip, men egnimdäki sebedimi düşürdim-de, stoluň başyna geçdim.
– Sen näme-how, ýigit, sag dälmiň? – diýip, bufetçi çyny bilen haýran galdy.
– Ýok, ajykdym! – diýip, oňa düşündirdim.
– Kartoşkalymy ýa-da makaronly?
– Iki kişiligi makaronly, biri kartoşkaly. Hersinem aýry-aýry!
– Limonadyň näçesini?
– Üçüsini! – diýip, men jogap berdim-de, öňünden guşagymy gowşatdym.
Bufetçi ynamsyzlyk bilen maňa seretdi, ýöne sesini çykarmady. Üç sany kotletli okarany we üç sany limonady stoluň üstünde goýanyndan soň, ol mähirli sorady:
– Ol otuzlygy sen niräňe dykdyň-aý, ýigit?
– Ynha, ol! – diýip, men puly görkezip, özüme göwniýetijilik bilen jogap berdim.
Bufetçi otuzlygy aldy, eýlesini-beýlesini eli bilen sypalaşdyryp, ony ýagta tutup seretdi, soňra egnindäki kirli ýektaýyny serpip öňküdenem beter kirli ýeňsiziniň jübüsiniň iliklerini ýazdyryp, puly oňa dykdy.
– Sen azat! – diýip, ol ýyrşardy-da, meniň ýanymdan gitdi.
Naharhananyň içine süýnmek, pes boýly, garny hepbik ýaly, arryk gara it girdi. Ol maňa tarap gözüniň gytagy bilen seredip, birnäçe gezek jaýyň içinde aýlanandan soň, ekezlenip maňa golaý geldi. Men kotleti gysganyp, ite makarondan okladym. Ol makarony entek ýokardaka gapyp, lak-luk atdy. Men ýene-de okladym. Bir minut geçeninden soň meniň ünsümi çekmekçi bolan it ynamsyzlyk bilen çalaja üýrdi.
– Ýok bol şu ýerden – diýip, bufetçi ite jabjyndy.
– Onuň ady näme? – diýip soradym.
– Kim bilsin ony!
– Ol kimiňki?
–Men näbileýin-aý, owarra bol! – diýip, bufetçi ite tarap ellerini galgatdy. It guýrugyny ýamzyna gysyp, daşarlygyna okduryldy.
...Men nahardan bolup, sebedimi aldym-da, gapa tarap ýöneldim.
– Gaýtargy bolmazmy? – diýip, ätiýaçdan bufetçiden soradym.
– Ýene näme! – diýip, ol ýüzüni kürşertdi.
– Düýbünden hiç zatmy? – diýip, men ýan bermedim.
– Gidiber, ýigit, gidiber Hudaý saňa ýardam bersin!
Naharhananyň işiginde men hälki ite gabat geldim – ol ynamsyzlyk bilen gaňrylyp, ýene-de gapa tarap golaýlady.
Men on ädimem geçip ýetişmänkäm, itiň ýürek paralaýjy çyňsamasyny we uwlamasyny eşitdim. Soňra ol meniň gapdalymdan okdurylyp geçdi, köprüniň aşagyndaky suwa bökdi-de, çaltlyk bilen hasyrdap kenara çykdy we ejizlik duýulýan sesi bilen, üýrüp gumuň üstünde togalanyp başlady.
Men naharhana tarap gaňrylyp seretdim. Naharhananyň gapysynda eli gazançaly bufetçi durdy. Gazançadan burugsap bug çykýardy.
– Iti ýakdyňmy? – diýip soradym.
– Ýok, azajyk aýaklaryny ýylatdym! – diýip, manysyz ýylgyrdy.
– Eşek sen! Seniň kakaňam – eşek! – diýip, men gygyrdym.
Bufetçi doňup galdy. Ol bir minutlap sesini çykarman, maňa seredip durdy, soňra durşy bilen gahara dolup, gazançany ýerde goýdy we sag elini çermedi-de, maňa tarap ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady.
–Duran ýeriňde garaş bakaly, maňa! – diýip, ol gyryljyk seslendi.
Men arkaýynlyk bilen egnimdäki sebedi düşürdim, aşak egildim-de, ýoluň gyrasynda ýatan ep-esli daşy elime aldym.
Bufetçi edil dikilgazyk ýaly sakga durdy. Ol durdy-durdy-da, soňra kellesini ýaýkap, yzyna tarap bufedine sümülip gitdi.
Ýanan tumşuklaryny öň aýaklarynyň arasyna sokup köpriniň aşagynda ýatan it, naýynjarlyk bilen çyňsaýardy. Maňa gözi düşende, ol sesini goýdy, soňra ýuwaşlyk bilen hyňrandy. Men golaý baryp, eýlesine-beýlesine seredişdirdim. Görgüliniň sag aýagam ýanan ekeni.
– Hany dur, men bir saňa seredişdireýin! – diýip, men onuň öňünde çommalyp oturdym.
Ol «Ah, siz, meni nä güne saldyňyz!» – diýýän ýaly seslendi. Itiň abat galan çep gözünden ýaş akýardy. Men köýnegimi çykardym, ýyrtyp ikä böldüm we suwa ölledim-de, itiň gözüni, soňra aýagyny daňdym. Azda-kände ýeňillik duýanyndan soň, it minnetdarlyk bilen maňa garady-da, ýene aglady. Edil şu taýda men saklanyp bilmedim, çägäniň üstünde oturdym-da, menem agladym. Iti diýsene – arman, haýwan bolýar-da: Ynsanyň näme üçin aglaýandygyna ol örän ýagşy düşünýär. Maýyp bolan it maňa tarap süýşenekledi we mähirlilik bilen tumşugyny meniň dyzlaryma degirdi...
...Ýadyma düşýär, bir gezek – ol wagt men on dört ýaşlarymdadym – şonda Gerwasiýa Džabuanyň gyzy – Tinuny Nabeglawi obasyndan bolan Arsen Siamaşwilä durmuşa çykardylar. Men şonda ömrümde ilkinji gezek Hudaýa çokundym: «Hudaý jan, maňa ýene-de alty ýaş goşsana, onsoň Arseniň perizat Tinuna gözi düşäýermika...». Häzir men ýene-de oýlanyp oturşyma dileg edýärin: «Hudaý jan, maňa güýç-kuwwat ber, şu bufetçi bilen haklaşar ýaly, soňra meni öldüräý...» Köpriniň aşagynda öýsüz-öwzarsyz it bilen gujaklaşyp oturşyma, arzuwymyň hasyl bolmagyna, hiç haçan, hiç haçanam beýle güýçli isleg bilen höwesek bolmandygymyň pikirini edýärdim...
– Bu näme? – diýip, ýanan iti sebetden çykaranymda, haýran galan atam sorady.
– It! – diýip jogap berdim.
– It däl-de, munyň-a bir dereksiz! – diýip, atam tüýkürip goýberdi.
– Dereksiz dagy däl! Muny bufetçi gaýnan suwa ýakdy!
– Elbetde, gazanandyr-da. Ogry!
– Ol aç! – diýip, men itiň arkasyny tutdum.
– Hany matalaryňy sypyr!
Men itiň daňylaryny aýryşdyrdym, atam iti gözden geçirdi.
– Hawa, biwagt ýakypdyr, jellat diýse! Ýaranyň bitmesi yssyda uzaga çekýär... Git-de ýanan ýag getir, ýaraly ýerlerine çalyşdyraly. Aýaklaryny-ha, özi hem gutuldyrar-la, ynha, gözi welin...
...Ertesi irden, biziň howlymyzda itiň üýrýän sesi eşidilip ugrady. Pessaý, dözümli bolmasa-da, it üýrýärdi...
Biziň oňa dakmadyk adymyz galmady – Jek, Julbars, Belýak, Murka – it hiç bir lakamyna-da ses bermedi. Ahyrsoňy biz oňa ýöne It diýip at dakaýdyk. Bir aý geçenden soň, aýaklarynyň ýaralary bitdi, tumşugyndaky ýarasy çekildi. Ýanan ýerlerini täze güri tüý basdy. Basym ol şadyýan we gelşikli ite öwrüldi, onuň ýaly it biziň obamyzda asla ýokdy.
Dogrusyny aýtsaň, onuň başarjaňlygynda aýratyn bir ýitilik ýokdy, ýöne onuň düşbüliginde tapawut bardy: çagalara we aýallara degmeýärdi, obada towuklaryň arasyndan ala-böle biziň guzlaýan towugymyzy tanaýardy, ony aýratyn eý görmek bilen arkasyny tutýardy. Erkek adamlara gezek gelende welin, meniň bilen atamdan başga, obadaky erkek adamlaryň hiç birinem sylamaýardy. Meniň gözüm ýetip durdy. Itiň erkek adamlara bolan ýigrenji, şol bufetçiniň, birehimlik bilen gaýnan suwa ýakan gününden soň, öç alypdy.
Goňşular häli-şindi atama arz edýärdiler.
– Bu nähili bolýar-aý, Spiridon! Indi saňa myhmançylyga-da baryp bolanok-la! Bu gotur iti nirelerden dörüp tapdyň-aý! Guşjagazy şaha gondurmajak bolýar-a, gargyş siňen diýse! Owarra edip kowardym, özüm bolsam-a ýa-da zynjyrlap daňardym!
Atam ýöne ýylgyryp oňaýýardy. Ol It bilen şeýle bir dostlaşypdyr welin, Itiň ýerine meni öýden kowmaga-da taýyndy. It bu zatlary duýýardy. Haçan-da, men tokaýa oduna gitsem ýa-da gijelerine degirmene gitmeli bolsam, ol meniň yzymdan galmaýardy, galan wagty atamyň aýagynyň ýanynda ýatardy we tabynlyk bilen onuň buýruklaryna garaşýardy, oňa aşyk gussaly gözleri bilen garaýardy. Eger bagdan bişen almadyr armyt gaýdaýdygy, It hasyrdap okdurylardy, doňuzdan öňürdip baga tarap myçardy-da, dişleriniň arasyna gysan miwesini atama getirip bererdi. Atam onuň boýunlaryny mähir bilen sypalardy, soňra miwäni arassalap iýerdi, gabygyny bolsa Ite hödür ederdi. Ol bolsa täsinlik bilen gabyklary hezil edip iýerdi, ýogsa bagyň aşagynda şol almadyr armytlaryň özlerem dolup ýatyrdy. Itiň diňlemegi dagy başaraýşyny diýsene! Ynha, ol atamyň ýüzlerçe sapar gaýtalap gürrüň beren taryhyny, birnäçe sagatlap diňlemegi başarýan ýeke-täk janawerdi. Hekaýat näçe uzak boldugyça, Item üns berip diňleýärdi, gözleri bolsa atamdan «Hudaýyň haky üçin, ýekeje sözünem sypdyrmaweri!» diýip, haýyş edýän ýalydy.
Bir gün men şular ýaly ikiçäk gürrüňiň şaýady boldum.
– Wah, dostum, eger şu gargyş siňen uruş bolmanlygynda, sen şu çüýrük armytlary iýermidiň?! – diýip, Ite ýüzlenen atam kellesini gaýgyly ýaýkady.
– Şony aýtsana! – diýen ýaly, It kellesini öňe atyp makullady.
– Ýogsa-da sen, etiň tagamynam ýatdan çykaransyň, görgülijik? – diýip, atam sorady.
– Hawa-la, ýatdan çykardym! – diýýän ýaly, It uludan demini aldy.
– Zyýany ýok, hemme zat düzeler, atam ony köşeşdirýärdi, ynha, basym Gogitanyň kakasy görüner – Arsen biziň aladamyzy eder, hä? Sen nähili pikir edýärsiň, aladamyzy eder gerek? – It meniň kakamy tanamasa-da, makullaýjy äheňde kellesini öňe atdy.
Atam sözüni dowam etdi: – haçanam bolsa, bu nälet siňen uruş gutarar ahyry! Meniň syrkawlygymam geçer, hä? Geçer gerek?..
Olar şeýdip ýygy-ýygydan eýwana çykyp oturýardylar, Güne ýylynýardylar we pikir edýärdiler: atama – urşuň gutararynyň, oglunyň gaýdyp geleriniň, It... It, belki, etiň, pikirini edýän bolsa gerek...
Biziň Itimiziň galan ýagdaýlarda, özüni alyp barşy ýagty jahanyň beýleki itlerinden kän bir tapawut etmeýärdi. Gijelerine ol howluda ýatýardy. Ol töwerekden eşidilýän horazyň gykylygyna, pişikleriň mawlamasyna, şagallaryň uwlamasyna jogap berip üýrmegini, özüniň hökmany borjy hasaplaýardy. Dagyň aňyrsyndan peýda bolýan tegelek dolan Aýa hyňranyp hüňürdeýärdi. Aşyk-magşuklygyny, wagtly-wagtyna berjaý edýärdi. Ýene bir zat, haýsy hem bolsa, bir howludan, äriniň, oglunyň ýa-da doganynyň wepat bolan habaryny alan naçaryň dady-perýadyny eşitse, tumşugyny ýokary tutup, gaýgyly uwlaýardy.
Günler geçip durdy. Uruş gidip duran wagty, adamlaryň we itleriň ýaşaýşy nä halda bolsa, bizem şol halda ýaşap ýördük...
1943-nji ýylyň 22-nji awgustynda, gije, itleriň gohy, olaryň biri-biri bilen uruşýandyklary, üýrüşip, uwlaşýandyklary obany galagoplyga saldy. Itleriň ýala gelýän döwri bolanyndan soň, hiç kim goh-galmagala gaty bir ünsem bermedi.
Ertesi irden Aslan Tawberidze çeşmäniň ýanyndan çeýnelen it tapdy. Itleriň ýala gelýän döwri bolany bilenem, bu ýagdaý bolup biläýjek hadysa däldi. Maslygy gömdüler.
Günortanlar obada itini gözläp ýören bir nätanyş adam peýda boldy. Ony Aslanyň ýanyna ugratdylar. Menem şol ýerik bardym.
– Kirile Mamaladze, Hewiden bolaryn – diýip, ol özüni tanatdy.
– Örän ýagşy. Menden näme hyzmat? – diýip, Aslan edep bilen sorady.
– Meniň itim ýitdi... Aýdyşlaryna görä, siz şu gün birini gömüpsiňiz...
– Hakykat. Biz gömdük – meniň bilen, ynha, şu ýigit. Näme, beýle etmeli däl ekenikmi?
– Aýdýanyňyz näme, tersine, aladaňyza taňryýalkasyn. Ýerini görkezip bilermisiňiz?
– Baş üstüne.
Mamaladze maslygy gazyp çykardy, çiňňerilip seredişdirdi.
– Meniňki – diýip, arkaýynlyk bilen aýtdy.
– Mazaryny göçüräýsem diýýärmisiňiz? – diýip, Aslan ýylgyrdy.
– Meniň gülkä elim degenok! – diýip, Mamaladze ellerini galgatdy. – Düýn ol meniň çagamy dişläpdir, soňam gaçyp gaýdypdyr. Lukmanlaryň barlag duralgasynda derňäp görmek üçin, itiň kellesini getir diýdiler. Hudaý saklasyn, eger-de it guduzlan bolaýsa, onda çaga kyrk sanjym urmaly. Oýlanyp görýärmisiňiz? Kyrk sanjym! Çagajyk öňem zordan aýak üstünde saklanýar!
Mamaladze uludan dem alyp, haltasyndan palta çykardy.
Men çakgan yzyma öwrüldim-de, öýe gaýtdym.
Meniň gürrüňimi diňläp, atam ygtyýarsyz ýüzüni çytdy.
– Bolan işleriň ýakymy-ha ýok! – diýip ol, işsiz-aladasyz, aýagynyň ýanynda süýnüp ýatan Ite seretdi.
Agşamara biziň öýümize goňşymyz Badria geldi we atamdan tüpeň sorady.
– Saňa tüpeň nämä gerek boldy, Badria? – diýip, atam sorady.
– Öz itimi atmaga.
– Ol näme günä gazandy?
– Näme seniň habaryň ýokmy? Düýn kimiňdir biriniň iti biziň itlerimiziň üstüne hüjüm edipdir. Ol itiň hojaýynynyň näme aýdandygyny, ýigit, sen eşitdiň ahyry. Onuň aýtmagyna görä, ol it çagany dişläpdir.
– Ýöne ol itiň guduzlandygyny aýtmady! – diýip, men jogap berdim.
– ! Eger it sagat bolsa hojaýynynyň çagasyna degermi? – diýip, Badria hüňürdedi.
Men sesimi çykarmadym.
– Bular ýaly iş üçin men saňa tüpeň bermerin! – diýip, atam çürt-kesik etdi.
– Onda ony näme bilen öldürmeli?
– Çiş bilen.
– Näme-aý, men wagşymy? – diýip, Badria öýkeledi.
Badria gitdi.
– Gije Iti saraýa salyp gulpla! – diýip, buýran atam mähir bilen Iti sypalady.
Ilkinji tüpeň sesi we itiň ýürek paralaýjy çyňsamasy Aslan Tawberidzäniň howlusyndan eşidildi.
– Şu gün aýyň näçesi? – diýip, atam menden sorady.
– Awgustyň ýigrimi üçi.
– Warfolomeý gijesi başlad-ow! – diýip, atam seslendi.
Ilkinji tüpeň sesinden soň, ikinji, üçünji, dördünji... Tüpeň sesleri, üýrýän we uwlaýan itleriň sesi, adamlaryň gykylygy, aýallaryň içini çekmeleri, çagalaryň agysy daş-töweregi gaplap aldy. Badrianyň howlusynda gümpüldi boldy, soňra Alistarhyňkyda, ahyrsoňy edil alkymymyzdaky goňşymyz Makarianyňkyda gümpüldi boldy. Itleriň zaryn çyňsaýan sesleri meniň gulaklarymy gapdy.
– Bagty gara it!.. Entäk Makaria atam döwründen galan çakmaklysyna täzeden ok salýança, gaty gynaljak-da janawer! – diýip, atam iňňildedi we titreýän elleri bilen gulaklaryny ýapdy.
Henize çenli görlüp eşidilmedik, birehimlik bilen itleri gyrmaklyk bir sagatlap dowam etdi. Obadaky goh-galmagal bir sagadyň dowamynda ýaňlandy durdy. Bu işleriň bolup geçýän mahaly, saraýda gulp astynda duran biziň Itimiz gaharly üýrüp, hyňranyp, gapa towusýardy, gapyny dyrnaçaklaýardy.
Ýuwaş-ýuwaşdan ümsümlik aralaşdy. Uzak bir ýerden iň soňky tüpeň sesi eşidildi we edil mazarystanlykdaky ýaly ümsümlik höküm sürdi.
– E-he-he-he-eý! – birden, bir kişiniň ýeňiş gazanjynyň äheňindäki gykylygy eşidildi.
– Boldy. Gutardy... eý, beýik Hudaý, biziň eden agyr günämizi bagyşla... – diýip, atam uludan demini aldy...
Daň atyp başlady.
Horaz owaz etdi.
Sygyr molady.
Geçi mäledi.
Towuklar käkelediler.
Gün ýokary galdy.
Hemme zat öňküsi ýalydy, ýöne şol säher öňküler ýaly däldi, üýtgeşikdi.
Oba bir zad-a ýetmeýärdi – göze ilmeýän, onsuz göz öňüne getirip bolmaýan, endik bolan, ýakyn hossar ýalymy-nämemi, garasaý, ýetmezçilik bardy. Haçan-da, oba arasyndaky ýol bilen haýatdyr agyllaryň arasynda egni paltaly Aslan Tawberidze görüneninde, onuň yzyndan bökjekläp barýan salpy gulak Tuziginiň ýokdugyny görenimden, bölüp aýryp bolmaýan, oba bilen bagry-badaşanyň itdigine – ýönekeýje howly itidigine göz ýetirdim.
1943-nji ýylyň 24-nji awgustynyň säheri, meniň obama itsiz geldi.
...Uzakly gün biziň Itimiz işikden daşary çykmady, hiç zat iýmedi, üýrmedi. Aýaklaryny uzyn salyp, gözlerini açman, atamyň aýagynyň ýanynda ýatyrdy. Garnynyň ýokary galýan, aşak inýän hereketi bolaýmasa, It öläýdimikä diýdirýärdi.
– Hawa, onuň haly niçik? – diýip, men atamdan soradym.
– Düýnki gijä gynanýar – diýip, ol jogap berdi, zyýany ýok, basym hemmesini ýatdan çykarar – ol iti sypalady. Ol gymyldaýynam diýmedi.
Agşamara ýene-de serhoşrak Badria peýda boldy.
– Agşamyň haýyr, Spiridon! – diýip, ol salamlaşdy.
– Salam, Badria! – diýen atam, myhmany howla çagyrmady.
– Spiridon! – diýip, Badria ýygralyk bilen, – Halk... Nemele... Närazy... Olar Spiridonyň howlusyndan, düýn tüpeň sesi çykmady diýýärler...
– Näme uruş gutardymy? Ýa-da meniň Arsenim gaýdyp geldimi? Ýa-da düýn Täze ýyl gijesimi? Men nämäniň şanyna tüpeň atmaly? – diýip, atam sorady.
– Bir it üçin, obanyň göwnüni ýykma, Spiridon... Öldür iti. Biziň itlerimizem seniňkiden kem däldi-le. Ýa-da diňe ýeke özümdirin öýdýärmiň beýle rehimdar?
– Ýok, Badria, ol bolmaz, meniň tabydymyň baş ujunda it uwlamasa bolmaz!
– Gör-dä, Spiridon! Hudaý goraýsyn ýöne, eger-de itiň azyp meniň çagalarymy dişläýse, bilip goý, özüň bilen bile öýüňi otlaryn! – diýip, Badria haýbat atyp, yraň-daraň edip gitdi.
Bu wagt garaňky düşüpdi, ýöne men atamyň ýüzüniň duw-ak bolup, agarandygyny gördüm.
– Badria! – diýip, ol gygyrdy.
Badria yzyna seretdi.
– Maňa gulak as! Diliňi bek sakla, özüňem häzir bol, ýogsam men şu garry süňklerimi seniň ýanan tamyň küllerine çoýmaly bolaýmaýyn! Düşündiňmi?
Söm-saýak bolup aňkaryp duran Badrianyň näme pikir edýänin-ä bilmedim welin, onuň ýerine özüm bolsam-a şol gijäni gözümi ýumman geçirerdim. Sebäbi atamyň aýdan sözi bilen edýän işiniň netijesiniň aýry çykmaýandygyny hemme kişi bilýärdi.
...Ýary gijeler biziň howlymyzyň töründe yzly-yzyna iki gezek tüpeň atyldy. Soňra sesinde naýynjarlyk duýulýan gaharly itiň üýrýän sesi eşidildi. Men düşegimden tarsa galyp tüpeňi aldym we tüpeň sesi çykan tarapa ylgadym. Kimdir biri çakganlyk bilen, topbajyk gyrymsy agaçlaryň arasyna sümüldi. Men gaçyp barýan adamyň aýak seslerini eşidip galdym.
It, çybyklardan örülen haýatyň ýanynda ýatyrdy we ýuwaşja çyňsaýardy. Men ony elime göterdim-de, ylgawyma öýe geldim. Atam pelteli çyrany ýakyp ýetişipdir, indi ol geçi derisiniň üstüne geçip, ojagyň başynda otyrdy. Ol Itiň ýarasyny gözden geçirensoň, spirt bilen ýuwdy, temmäki sepdi we berk sarap daňdy.
– Gorkuly zat ýok-la, süňke degmändir – diýip, atam seslendi. Ol soragly äheň bilen Ite garady. Item soragly nazaryny atama dikdi.
– Kim atdy? – diýip, atam menden sorady.
– Bilmedim...
– Ynha, bu bilýär! Bilýär, ýöne aýtmagy başarmaýar! – diýip, atam kellesini ýaýkady we Itiň gözýaşlaryny süpürdi.
Ertesi irden atam ony eýwana çykarmagymy haýyş etdi. It atamyň yzyndan agsaklap süýrenip ugrady we onuň aýagynyň ýanynda süýndi.
Biziň öýümiz depäň üstündedi. Atam ýokardan iňňän üns berip obany nazaryndan geçirýärdi, hamana obamyzy ilkinji sapar görýän ýaly. Ol uzak wagtlap dymdy, soňra maňa tarap öwrüldi-de, ýuwaşlyk bilen maňa ýüzlendi:
– Olaryňky dogry, oglum... It üçin obanyň göwnüne degmek bolmaz... Tüpeňi al, Item özüň bilen äkit-de... ýöne obanyň daşyna çyk, men hiç zat eşitmez ýaly...
– Men obanyň daşynda näme etmeli? – diýip soranymda, eňegim titräp aşaky dodagym gyşaryp gitdi.
– Goňşular näme iş eden bolsalar, şonuň ýaly etmeli, – diýip, atam maňa seretmän jogap berdi. – Bar, oglum...
Men içerden tüpeňi çykardym, Itiň boýnuna ýüp daňdym-da, onyň özüme tarap çekdim. It ýerinden gozganmady.
– It, ýörsene! – diýip, men ýene-de ýüpünden çekdim.
It ýalbarýan ýaly, atama seretdi.
– It, bar onuň bilen, bar! – diýen atam, ellerini ýüzüne tutdy...
Biz obany kesip geçdik, uly ýoldan sowuldyk we dagyň ýapgydyndan aşak düşýän ýoda bilen ýöredik.
It razylyk bilen bilen, agsaklap, meniň yzyma düşüp gelýärdi, ep-esli wagt geçenem bolsa, ol ýeke gezegem meniň ýüzüme seretmedi.
Biz derýa ýetdik. Men Itiň boýnundaky ýüpüni çözdüm, siliň getiren mähnet daşynyň üstünde oturdym. Sowuk der, edil doly gelen ýaly, ýüzümden syrygýardy, ýüregim gürsüldäp urýardy. Azajyk rahatlanyp, egnimden tüpeňi düşürdim. Şol wagt It kellesini galdyryp, rehimdar gaýgyly gözleri bilen maňa çiňňerilip garady. Onuň garaýşyna çydaman, ýüzümi sowdum, soňra çakganlyk bilen tüpeňden çykaran iki sany peşeňimi derýa tarap zyňyp goýberdim.
Arkamdan agyr daş aýrylan ýaly boldy. Ýerimden turdum-da, uludan dem alyp, gerindim. It gorkubraga-da, meniň ýanyma geldi, elimi ýalady, soňra duýdansyz birden ýerinden tarsa galdy-da, derýa tarap okduryldy we birnäçe minutlap, suwy daş-töweregine syçradyp, pažžyldadyp, bökdi, aşyr atdy, aýlandy. Kenara çykandan soň, ol silkindi, halys bolan halda gelip çägäniň üstünde ýatdy. Onuň aýagynyň ýarasyndan gan akýardy, gözleri bolsa, ýaşdan doludy. Men häzirem ant içmäge taýyn, nämeden ant içmelem bolsa – It şonda gülýärdi!
– It, indi bolsa ugra! Arkaýyn git, dawa-jenjelsiz, adamlara üýrme we topulyp ýarmakçy bolma, garasaý, oňarsaň, olardan daşrakda boljak bol. Olar seni guduzlansyň öýdüp, öldüräýmesinler. Obada garaňy görkeziji bolma. Atamyň aýdan sözlerini eşitdiň ahyry: it üçin halkyň garşysyna gidip bolmaz! Bolmaz! Ýöne men, nähili hem bolsa, atamy aldajak bolaryn! Sen bolsa gidiber, Hudaýyň haky üçin, oba dolanyp gelme! Ýogsa-da, sen, hakykatdanam, guduzlan bolaýma! Öz kalbyňa günä alma! Hany bar, meniň gowujam!...
Bilmedim, It maňa düşündimi-düşünmedimi, ýöne yzyma gaýdyp barýarkam, gaňrylyp seredenimde, it şol oturan ýerinde, oturyşyna otyrdy...
– Ýeri nähili? – diýip, atam sorady.
Men sesimi çykarman, egnimdäki tüpeňi düşürdim we ony atama uzatdym. Ol tüpeňi omrup killerini ýagta tutup içine seretdi.
– Men saňa näme aýdaýyn diýsene, oglum: eger seniň bar bolup bilşiň şu bolsa, durmuş saňa ýeňil düşmez...
...Bir hepde geçenden soň, Ekwtime Siradzeniň agylyndaky geçisini, gije şagal talapdyr.
Ýene-de üç gün geçensoň biriniň-ä keteginden iki sany towugyny tilki ogurlan eken.
Soňra kimem bolsa bir adam-a, Aslan Tawberidzäniň on putluk kwewrisini, düýbüne çenli boşadyp gidipdir.
Günleriň bir güni, Berdzenişwiliniň sygry biziň howlymyzdaky dört sany sapylan bagjagazlary ýalmapdyr – atam öýkeden ýaňa göm-gök boldy.
Yzysüre Nina Dzneladzeniň sagylýan sygry we Sipito Matitaşwiliniň tohum öküzçesi yzsyz-sorsuz zym-zyýat boldy.
Bir gezegem gije Kirile Pitmeriýanyň ammaryndan, sekiz put saýlama mekgejöweni alyp gidipdirler.
Hal uwlaýardy. Başlady bir goh-galmagal, paýyş sözler, biri-biriniň taryna kakmakmy, müňkürlikmi, derňemek, yzarlamak, aý, garasaý, soňy bulam-bujar bolup, sögüşe we urşa bardy.
15-nji oktýabrda dyňzap gelen çagbanyň öň haçan gelendigi biziň mekanymyzdakylaryň ýadynda ýokdy. Gudazouliniň üstündäki duran degirmen, edil bolmadyk ýalydy.
Joşup, agdar-düňder bolup, kenaryna sygman gelen derýa, ony özi bilen alyp gidipdi.
16-njy oktýabrda, atam Goraberežolidäki gudrat bilen abat galan degirmene gitmegi buýurdy. Ýarygijelere meniň mekgäm üweldi. Men unly haltany arkama alyp gitmekçi bolup durkam, birden duýdansyz degirmeniň gapysy açyldy, işikde Kirile Mamaladze peýda boldy.
– Salam Teofan! – diýip, ol kilwan bilen salamlaşdy. Meni Kirile tanamady.
– Siziň çagaňyzyň haly niçik? – diýip, men Mamaladzeden soradym.
– Haýsy çaga?
– Şol guduzlan itiň dişläni.
– Wi... gör, sen näme hakda! It guduzlaman ekeni...
– Guduzlaman ekeni!... Siz bolsa... Olar bolsa... Utanyň, haýa ediň Kirile Mamaladze! Utançdyr, haýadyr! – diýip, suňşuryşdyranymdan soň, aýagymdan alnan ýaly bolup, haltanyň üstüne çökdüm.
– Teofan, kimiňk-aý bu edepsiz? – diýip, haýran galan Mamaladze, kilwandan sorady.
– Sen kimiňki, ýigit? – diýip, kilwan sorady.
– Hiç kimiňki! – diýip, çürt-kesik edenimden soň, hoşlaşman, degirmenden çykdym.
17-nji oktýabrda, uzakly gün, oýlanyp geçdim, degirmendäki bolan duşuşygy atama aýtsammykam ýa-da aýtmasammykam. Ahyrsoňy, atama ol barada aýtmagyň geregi ýok diýen netijä geldim.
18-nji oktýabrda atam ýorgan-düşeginden galasy gelmegi.
20-nji oktýabrda ol meniň öýde bolmagymy haýyş etdi.
25-nji oktýabrda atamyň sag eli we aýagy gün ýaly çişi.
27-nji oktýabrda ol meni ýanyna çagyryp, sandygyň açaryny gowşurdy.
28-nji oktýabrda, ol meni pessejik oturgyjyň üstünde oturdyp, maňa ýüzlendi:
– Bu ýagty jahanda hemme zadyň başlangyjam bar, ahyram, oglum... Bu gün bolmasa, ertir meniňem ahyrym geler... Bu örän aýylganç – näbelli tarapa gitmek. Şonuň üçinem, ýalan sözlemäýin – men ölümden gorkýaryn... Ýöne sen gorkma, oglum!... Eger-de, ol ýerde, ol dünýäde, hiç zat ýok bolsa, onda hiç zatdan gorkasy iş ýok! Eger ölüm – ynsanyň başga görnüşe geçmekligi bolýan bolsa, onda-ha düýpgöter hiç hili gorka ýer galmaýar. Men bu dünýä gaýdyp gelerin – bag görnüşinde, otuň, guşuň, itiň görnüşinde... Onsoň men, hemişe seniň ýanyňda bolaryn!.. Men seni hiç haçan ýalňyz goýmaryn! Bilgin, oglum, seniň kalbyňa ýylylyk, şatlyk berýän haýsy bir zat bolsa bolsun, – goý, ol ýönekeý bir sowuk daş bolsun – ol mendirin, seniň garry ataň! Şonuň üçinem özüňi ýalňyz hasap etmegin we ýalňyzlykdan gorkmagyn... Senden ýeke zady haýyş edýärin – biziň öýümizi taşlama, biziň öýümizdäki ojagyň odunyň sönmegine ýol berme!.. Kakaň gaýdyp geler – ol bu öýde ot tapmalydyr, bölek mçadi bilen bir bulgur çakyr. Galan zatlar barada onuň özi alada eder... Ynha, indi bir hepde bäri ölen pahyrlar düýşüme girýärler, seniň kakaň welin ýeke saparam düýşüme girmedi. Diýmek, ol diri! Ata-baba öýi, abraýly ady, oňa saklagyn, oglum!.. Urşuňam soňy geler! Urşy adamlar başlaýarlar, adamlaram, onuň soňuna çykarlar. Ol bolup biljek zat däl, urşuň adamlardan üstün çykmagy... Indi bolsa, git-de, köpräk odun getir...
Şol gije meniň gözüme uky gelmedi. Atam sesini çykarmaýardy, ojakda ýanýan oduň ýylpyldysyndan gözlerini aýyrman, bir zatlary ýatlap ýylgyrýardy.
29-njy oktýabrda onuň haly peseldi. Men oňa goltgy berip, daş-töweregine ýassyklary ýaplap goýuşdyrdym.
– Gelýär, ol gelýär, rahatlandyryjy, ýöne örän haýal gelýär... – diýip, ol samrady.
30-njy oktýabrda ol ýene-de meni ýanyna çagyrdy:
– Taýyn bol, oglum... Ertir ol ýürege ýeter... Sen aljyrama... Hemmesini näme gerek bolsa, goňşular ederler... arman, ýöne biziň öýümizde aýal adam ýok-da, meniň agymy aglaýjak.
1-nji noýabrda atam ýarygijeler ýorgan-düşeginden düşüp, jaýyň ortarasynda dik durdy.
– Gogita, men ony gördüm! – diýende, atamyň sesinde aýylganç gaýgy-hasrat bardy.
– Kimi, ata? – diýip, men hasyr-husur düşegimden galyp, soradym.
Atam bütin göwresini stoluň üstüne goýberdi, soňra ýuwaşlyk bilen aşak süýşüp başlady, birdenem aşaklygyna agdarylyp gitdi.
– Atajan! – diýip, men gygyrdym, Atajan!
Atam indi bu dünýäde ýokdy.
Bu bolup geçen zatlaryň hemmesi meniň mähirli, parasatly atamyň öz islegine görä boldy...
Men geýindim, gapylary we penjireleri açyşdyryp, eýwana çykdym.
2-nji noýabryňam säheri geldi.
Aýazly, aýna ýaly ýalpyldap duran asmandaky ýyldyzlar, ýeke-ýekeden öçüp başladylar.
Men howla düşdüm, aýakýalaňaç çygly otuň üstünden ýöredim. Endamymdan galpyldy geçip gitdi... Orulmadyk mekgeleriň ýapraklary ygşyldaşyp ses edýärdiler... Armyt agajynyň ýanyndan geçip barýarkam, endigime görä, egildim-de, armyt miwesini ýerden galdyrdym we ony dişledim, edil şol wagt men agzymyň içiniň gurap galandygyny duýdum.
Arkaýynlyk bilen howlukman derwezäni açdym, ýoly kesip geçdim, goňşymyzyň örme haýatynyň ýanyna bardym-da gygyrdym:
– Margalita!
Hiç kim ses bermedi, entek örän irdi. Men gatyrak gygyrdym. Gapy jygyldady, gözleri ukuly aýal howla çykdy.
– Kim bar ol ýerde?
– Bu men, Gogita!
– Näme saňa?
– Howla düş, senlik işim bar.
– Sen näme, serhoşmyň, ýigit?
– Atam ýogaldy, Margalita... onuň agysyny aglamaga adam ýok... Men senden haýyş edýärin...
– Seniň aýdýanyň näme?
– Hawa, atam ýogaldy. Senden haýyş edýärin, Margalita, razylyk beräýsene...
Ýeke sözem aýtman, Margalita – saçlary daralmadyk, aýakýalaňaç halda – basgançaklar bilen aşak eňdi. Biziň öýümize ýetenimizde, men ony öňe goýberdim. Aýal aýagyny basgançaga basdy-da, birdenem sakga durdy, aljyraňňy ýagdaýda maňa tarap öwrüldi.
– Gorkma! – diýip, ýuwaşja aýtdym-da, çygly otlaryň üstünde oturdym.
Margalita eýwana çykyp, ýüzüni oba tarap tutdy-da, saçlaryny ýaýdy...
Atamy 1943-nji ýylyň 4-nji noýabrynda jaýladylar.
Adamlar günortandan soň gelip ugradylar. Garyndaşlar ýa-da goňşurak ýaşaýanlar, hersi öz toparlary bilen gelýärdiler. Her toparyň öňünden aglaýançy aýallar we eli ýonuşgadan edilen wenokly iki sany çaga ýöreýärdi.
Ýas ýeriň edilmeli işini-aladasyny öz üstüne alan duldegşir goňşy aýallar atamyň öleniniň dady-perýadyny etmän, meniň agymy aglaýardylar.
– Bagtygara oglanjyk, indi sen nähili ýalňyz ýaşarsyň, ýetim neressejik!..
Men merdemsilik bilen, gözýaş etmän, agysyz, çignime gara mata daňylgy, gapynyň agzynda dik durdym we gynanç bildirýänleriň maňa uzadýan ellerini gysýadym.
– Sen agla, agla Gogita, ýeňil geçirersiň! – diýip, Margalita gulagyma çawuş çakdy. Men razylyk bilen baş atdym.
Eýwanam, howlydyr köçe-de hümer bolup duran adamlardan doludy. Olar dik durdylar, gürleşýärdiler, biri-birine täzelik aýdyşýardylar, jedelleşýärdiler, kä ýerde bolsa, gülüşýärdilerem...
Birden hümeriň içinde bir zad-a gopdy. Ilki goh-galmagal turdy, soňra mazarystanlykdaky ýaly ümsümlik başlandy. Adamlar arkan süýşüşdiler, adamlaryň arasynda dörän ýoda-da, tüý basan, kirli, tüýlerine ýelmeşen togalajyk gürmekden dolan It peýda boldy. Adamlara seretmän, hiç kime üns bermän, It howlynyň ortarasyndan geçip, eýwana çykdy-da, atamyň otagyna seretdi. Ol ýerden hiç kimi tapmansoň, ol myhman jaýa girdi, tabyda golaý bardy-da, artky aýaklaryna galdy, öňki aýaklaryny agaç sekä diredi, boýuny uzatdy we doňup galdy. Atamyň arkaýyn, mähirli we owadan ýüzüne uzak wagtlap sereden It, yzyna öwrüldi, sesini çykarman, ýanyma geldi-de, meniň aýaklarymyň ýanynda süýndi.
– Hudaý saklawersin! – diýip, adamlaryň arasynda birinden ses çykdy.
Şu ýerde men saklanyp bilmedim, ellerimi ýüzüme tutup, gaty sesim bilen agladym.
Sagat bäşlerde ýene bir gudrat bolup geçdi.
Jaýyň içine Badria girdi. Aýaklarymyň ýanynda ýatan Ite gözi düşeninden ol tisginip gitdi, ýöne derrew özüne geldi, ýüzüni ýas ýeriniň däbine görä saklap maňa tarap ýüzlendi. It tarsa ýerinden galdy, tüýlerini hüžžerdip, dişlerini syrtartdy we gaharly hyňrandy.
Badria yza çekildi, It bolsa bir ädim öňe dyzady.
– Häýt, häýt, ýok bol! – diýip, ýüzi ap-ak bolup agaran Badria samrady. It oňa tarap gahardan doly gözleri bilen seretdi.
– Adamyň agysyny aglamaga bir goý ahyry! – diýip, Badria ýyrşarmaga çalyşdy.
It has beter hyňrandy we oňa tarap golaýlady.
– Oňa bir zat diýsene! – diýip, aljyran Badria, maňa tarap öwrüldi.
«Ynha bu bilýär! Bilýär, ýöne aýtmagy başarmaýar!» – diýip, atamyň aýdan sözleri ýadyma düşeninden soň, men:
– Badria, git meniň öýümden! – diýdim.
«Eger seniň, bar bolup bilşiň şu bolsa, durmuş saňa ýeňil düşmez...» – atamyň diýen sözlerini ýatladym, onda-da men gaýtaladym:
– Badria, git meniň öýümden!
Badria gitdi.
Ertir ir bilen meni goh-galmagal oýardy. Men içki eşikli eýwana dazlap çykdym.
– Gogita, bu gargyş siňen itiňi köşeşdirsene, tas ol bizi çeýnäpdi! – diýşip, oturgyçlaryny almaga gelen goňşular, gygyryşdylar.
...Men öz obama nazar aýladym.
Tamlaryň ýokarsynda burugsaýan ýeňiljek ak tüsse dik ýokary galýardy.
Horazlaryň owazy eşidilýärdi.
Sygyrlar molaşýardy.
Geçiler mäleşýärdi.
Towuklar käkeleşýärdi.
Konshoulynyň aňyrsyndan Gün galýardy.
Meniň kalbyma ýylylyk aralaşdy, gulaklaryma jaňlaryň şatlykly owazy doldy.
Meniň howlymda it üýrýärdi.
 
Rus dilinden terjime eden:
Baýram LALLYK.
 
 
1 лайков 73 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.