Màtgurban MÀTGURBANOW Goşgulary
PYÝADA GELDI "ŞAZADAÑ"...
Gaharma çenden öteräk
gidenmi bagyşla meniň!
Gorkym seni ýitiräýmek,
Hedermi bagyşla meniň!
Şuny ýatla ynjanyňda,
Sende kalbym, hyýalym-da,
Şu çak ýok bolan ýanyňda
bedenmi bagyşla meniň!
Bilýän, göwnüň gamdan ýadan,
Ýene ynjytdym men nadan,
Pyýada geldi "şazadaň",
Bedewmi bagyşla meniň!
Ikimiz ýarpy göwre dek,
Ýaşaýyş däl birleşmesek,
Didämiň nury, şu gezek,
Edenmi bagyşla meniň!
ASMAN DOGLANYMDA GÖZÜME GUÝLAN...
Asman doglanymda gözüme guýlan,
Adymy gulagma gygyran bir guş.
Soň haçan saldyrdym başyma uýan,
Ýazygym duýgymmy birje goşawuç?!
Gözüňden düşürme, düşünme maňa,
Duçar men Adamyň düşen derdine.
Yşkym imanyma basylan ýama,
Neçün maňa beýle perman berdiler?!
Dilimde şoh aýdym, içimde sena,
Derwüş men şäherli, hyrka-hasasyz.
Her gije barlarda oýnadym sema,
Her gijäm gadyrdyr — myradym hasyl.
Gädilen dişiňde munça gam iýdiň,
Eý, bagty bu biweç ömrüme garam?!
Mäti men, dünýäniň ähli umydyn
Hem seniň tamaňy puja çykaran.
SYNANŞYK
«Men seni söýýäni» kän gezek diýdim, Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi. Käbirinden puç dolandy umydym, Käbiri ýanymda ýekesiretdi. Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki, Özleri dünýämden daşardadylar. Olar bagtym bolup bilerdi, belki, Emma söýgim bolup başarmadylar. Meger, men sebäpli ökünip näler, Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr. Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem, Meniň seni gözlän synanşygymdyr.
SARP BOLUP GUTARDYM, SYGNYP GUTARDYM...
Sarp bolup gutardym, sygnyp gutardym,
Gözümi perdelän ham-hyýallara.
Mähribanym, meni nädip atardyň,
Beýle betbagtlyga, beýle ýollara?
Pikirlem Çingiziň düýşi deý gorkunç,
Şübheden ot alýan, şulmy ýa dowzah?!
Meni halas eder Ýerde haýsy künç,
Gutularyn ugrum hanjaga sowsam?!
Ýüregim ýaraty, täleýim ýarty,
Haýsy girdap meniň ýarymy soran?
Kim ol gözlerimden ogurlan bagty?
Indi bu ömür däl, indi bu sorag.
Jogaby — jezam meň, çeken jebrim meň,
Tükenmez ahmyr ol içimde dörän.
Biz duşupdyk Ýaradanyň emrinden,
Indem aýryldyk seň islegňe görä.
OBADAŞYMA
(D.Ý. bagyşlanýar).
Nesibe uýany nirä çekse-de,
Biz şol sada ilden bölünen parça.
Gapyňa söýendim göwün çökdi-de,
Gel, bir golumy gys obalylarça.
Göwnüne meýdanlaň giňligi siňen,
Ýatlaly nurana atalarmyzy.
Kaşaň jaý däl, şu çaň basan köňülden,
Çykan söhbet ýagşa atarar bizi.
Saklanyp durmuşa atygsamakdan,
Ýada salyp ini-agalygmyzy.
Gel, gürrüň edeli atyzlar hakda,
Bizden alyp galan çagalygmyzy!
Şatlyk-gamy des-deň ikä böleli,
Soňa goýup galan işleň möhletin.
Men obamyň şäherdäki bölegi,
Yzlap geldim seniň sada söhbediň.
DUÝGUDAN GANAT ÝASADYM
Duýgudan ganat ýasadym,
Uçsam şolar göterer-ä?!
Bu täleý kän alňasadyp,
Bir gün döwran getirer-ä?!
Aňarmy halymy kimse,
Ynammy ýekirýär şübhe,
Palta daşa zol-zol degse,
Umydyny ýitirer-ä?!
Dost diýip köňül berenim,
Ussat diýip gol berenim,
Görse elimi serenim,
Möhümimi bitirer-ä?!
Gapy barmy açyk maňa?
Zat barmy berdaşlaryma?
Hä diýmän bu ýaşlygam-a,
Möwritini ötürer-ä?!
Ýollary kän tozanladyp,
Munda hiç zat gazanmadym,
Bir gün, belki, ýazanlarym,
Arzym Arşa ýetirer-ä?!
BAHARYM
Baharym, aprele gözümi dikdiň,
Mart bilen araňa düşdümi ýa tow?!
Ne beýle eglendiň, beýle gijikdiň,
Ysgynyň gaçdymy, geldiňmi ýadaw?!
Baharym, baharym, gül getirdiňmi,
Ýoluňa tutuş ýyl garan ýigide?!
Halys göterenok ýüregim indi,
Şu gezek gitme!
Çigildemňi berme tomusa, ýanar,
Güýze pyntyk berme, bilenok gadryn.
Baharym, şu gezek gitme, adamlar
Gyşlary müdimi ýatdan çykarsyn!
Sen gitseň Zeminiň sogrular jany,
Yzyňda jahany galdyrma dilgir!
Baharym, baky gal, bilseň, asmany,
Saklaýan sütün däl, daglar däl, güldür.
Baharym, baharym, şu gezek gitme!
MAÑA MENI GAÝTARYP BER!
Maña meni gaýtaryp ber,
Baş alyp gitjek bu ýerden.
Sözüm agyr degse deger,
Ejiz sen meni söýerden.
Ýok hiç zady düşündirme,
Baryn unut bolanlaryñ.
Men gözüñden düşen düwme,
Mümkinmidir dolanmagym.
Göwni başka iki adam,
Bolmaýa bile bolmaýa.
Baýguş dönip harabadan,
Gonmaýa güle gonmaýa.
Kalbymy berdim eliñe,
Zyñdyñ, döwdirip ýadadym.
Kinämi alman dilime,
Dymdym. Ýuwdunyp ýadadym.
Besdir ýykylyp ýalbarman,
Göýberdim bagtyñ aýagyn.
Gitdi diýip gaty görme,
Hemem özüiñi aýagyn!
Çagşan salym kürekdiñ sen,
Ömrim gama çümse-çümer.
Gitjek barybir gerekmesem,
Maña meni gaýtaryp ber!!!
ŞU GÜN ÄHLI ZATLAR GUTARAR WE SOÑ...
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň
saňa hasrat, maňa al kakmyş şygyr
galar. Unutmaga içersiň kasam,
Entek bu bar zadyň başlangyjydyr.
Gijeler düýş edip getirer meni,
Sözlerim elterler meni işiňe.
Aňarsyň nämäni ýitirendigňi,
Nälet okap kakylmaýan işige.
Ýazygy täleýe ýüklärsiň tärsiz,
Gelmez öz-özüňe gatyrganasyň.
Çapa beriljekde redaktirlärsiň,
Çeken nalalarmyň otur, nokadyn.
Ýöne ömrümizde ondan has uly,
Ýalňyş bolar redaktirläp bolmaýan.
Kim çekişer aýralygyň ýasyny,
Sende jora, mende dost ýok goldaýan.
Men saňa meňzeşi tapyp bilmerin,
Sen duşmarsyň meniň ýaly söýene.
Ikarada yşk elewrär el serip,
Daşa baryp maňlaý bilen söýener.
Biz şulaň baryny bilip dursagam,
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň...
«9-njy WAL» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN
Men nämeler edip ýörün,
Gözüme seret, şu menmi?!
Tapyp ber ýüregmi dörüp,
Birmahal oňa düwenmi.
Tut adymy, ýadyma sal,
Şolam huşumdan uçupdyr.
Ýet yzymdan, ýadamasaň,
Ýogsa düşjegim uçutdyr.
Isle, ur, isleseň, käýin,
Men baryna ykrar, ynha...
Özümi bir ýitirmäýin,
Tutuş ýitgi ykbalym-ha.
Gözüme seret, şu menmi,
Men nämeler edip ýörün?!
* * *
Awusyny duýdum senden,
Meni başga çalyşmagyň.
«Git» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...
Suwumsyz adamlar bilen
Ynjytdy iş salyşmagyň.
«Goý» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...
Meň söýgimden öňe geçdi,
Iki günlük tanyşlaryň.
Ýürek diýdi: «Öte geçdi» —
Men barybir bagyşladym...
Gözüme bakyp aldadyň,
Ynan, çynym, garaşmadym!
Ýürek diýdi: «El çek bahym»,
Men barybir bagyşladym...
«Söýemok» diýdiň ahyram,
Ýolun goýman ýaraşmagyň.
Ýürek diýdi: «Urgym durar»,
Wah, seni kim bagyşlasyn...
* * *
«Git» diýdiň, aýtmadyň nirädigini,
Tutuş süňňüm bilen eýledim inkär.
Senden jyda düşsem, diri däldigmi
Niçik, neneň, nädip düşünmediňkäň?!
Ah urdum, dadyma ýeten ýok ýerde,
Men seni soradym Haky çagyryp.
Täleými berdiňmi deňziň ellerne,
Meni dünýä iltäp duran labyrym?!
«Git» diýdiň, aýtmadyň nähili, neneň,
Diri galjagymy gidemde niräk.
Daragtdym gaşyňa göç edip gelen,
Şahasyny serip, köküni süýräp.
«Git» diýdiň, aýtmadyň nirädigini...
* * *
«Bagtly bol!» diýip dileg edipsiň,
Ýaňsymy ol, ömür dilän dek meýde?!
Bagtym seniň bilen bile gidipdir,
Oňman alnymdaky garyp täleýde.
Bagt bir dileme-dä, bagrymy örtäp,
Dilejekmi, sabyr dile, güýç dile.
Men bagty yzyňa goýberdim tirkäp,
Özüm galdym ýatlama we düýş bile.
Köre nep ýok dünýäň ýagtylygyndan,
Görejimdiň, sen ýok — tümedir ýüzüm.
Razy, meň göwnümiň ýartylygynda
Eger bolýan bolsa dokuzyň düzüw.
Sen bir saplan, deňiňi tap, durmuş gur,
Bir ýara men, melhemi ýok ýapylýan.
Mahal-mahal öz eýäňi ýatlap dur,
Eý, meň özgä nesip etjek gapyrgam!
* * *
«Ýakup ýaly atam, öýkelemegin».
(O.Myradow).
Ýakup ýaly atam, hallaryň nä jür,
Agam ýok, gurgunmy ejem, uýalam?!
Şindem gatnap durmy kerwenler, täjir,
Sorap gör, ýollary üýtgäpmi olaň?!
Munda oňat menem, diýmeseň, ganym
Ýüregmiň howruna başlady uýap.
Gördüm hol ýokarda kimdir garanyn,
Ýöne çykarmady gul girip guýa.
Mert boluň, bu başa düşse-de her iş,
Dünýäde dert gytmy jany ýanjaga.
Kengandan Müsüre başlanan ýöriş
Meňzeýär guýuda tamamlanjaga.
***
Sen gideliñ demirgazyk kösenýär,
Ýoklugñy içine sygdyryp bilmän.
Gijelerne ukysyndan kesilýär,
Aýy öz wagtynda dogduryp bilmän.
Baglaryñ ýapragny ýolup gutardy,
Bir-de gelýär çykdy, bir-de gelenok.
Kä gorkýanam şu yzyñdan gider diýp,
Hälem ülkelere beýtmek bolanok.
Sen gideliñ, daglañ asla görmedik,
Derdin çekýär demirgazyk gyrlary.
Olar maña hüññürdeýär göwün edip,
Başarmamsoñ gitmezlige yrmagy.
Ony bir görsediñ, boýnuny burup,
Gulak asman göwünlige, tesellä.
Men-ä çydap ýörün sözümde durup,
Ýöne sensiz demirgazyk kösenýär.
"Bir sen bilýäñ" aýdymdan
Bir sen bilýäñ...
Meñ içimiñ,
Otdugyny ýalyndygyny.
A men gülýän,
Bir sen bilýäñ,
Ýylgyrşymyñ yalandygyny.
Sen habarly,
Ýuwda-ýuwda,
Içim doly dertdiginden.
Özgeleñ habaram ýokdur,
Meniñ juda mertdigimden.
Bir sen bilýäñ...
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäñ meniñ heniz,
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan,
Ýüregimiñ ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam,
Peýdalanyp ahmalymdan.
Gidenini bir Sen bilýäñ.
Hem meniñ niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyñda,
Ýarysyn içip
galanny
Dökenimi bir sen bilýäñ.
Ökünenmi bir sen bilýäñ.
Bir sen çekýäñ,
Meniñ ýersiz,
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliñ salgap,
Belki gülüp, belki aglap,
Bir güni taşlap gidersiñ,
Bir men bilýän gitjekdigñi.
Soñky söz
Boýun bol, geldik biz ýoluñ soñuna,
diýme "Janymyzy gaýta barlaly".
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soñra,
Kä göwnüñ joşanda gaýtalar ýaly...
Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyñ.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen "Kalbym senden närzadyr".
Sen joraña ynan,
"Entek öñüñden
has gowsy çykar" diýp, göwnüñ göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse...)
Ýazgyt meñzeş daşa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa...ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..
Ejeñe okap ber goşgularymy
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Içinde ýüregim görünip duran.
Diý "Ýüregni yşgym bilen otlansoñ,
Käbir ýeri ýanyp garalypdyram."
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Ol saña yşgymyñ ýazmaçasydyr.
Şygrymda gyzynyñ halyn syzmasa,
Garşysyndakynam syzmajagydyr.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Şygyr bolan arzym oña ýetir sen.
Müñlerçe okyjy gerek däl maña,
Ejeñ tarapyndan ykrar edilsem.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Öz gyzyna düzen şygrym diñlesin.
Soñundan diý "Ertir bize geljekmiş,
Şuny ýazan şahyr ýigdiñ ýeññesi".
***
Gulagñy däl, ýüregñi tut,
Oña bir zat pyşyrdajak.
Soñam meni baky unut,
bolsañ eger başarmajak.
Men hakda ilden eşiden,
Sözleriñe galdyrma ser.
Kemim kändir köp kişiden,
Deñeşdirseñ göwnüñ geçer.
Adam meñzärmi adama,
Her kimiñ óz bolşy barka.
Maña ynanyp ýadama,
Menem saña ynanýarkam.
Gaýa hasapla, döşümi,
Gamly günüñ baş goýañda.
Ak atly giren düýşümi,
Çyn saý, ukydan oýanma.
Men-ä boýun aldym başdan,
Söýgiñ gözi kör bolýanny.
Bilgin birden gözüñ açsañ,
Kirpikleriñ öl bolýanny.
SURATÇY OGLAN
Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.
Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.
Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,
Hemmesine jan beräýseň, adam deý:
«Ah, ýaşamak hezil!» diýip güljekdi.
Ertesi gün surat dersi
Mäkäm gysyp dişlerin,
Ine, okuwçylaň hersi
Görkezýär öz işlerin.
Otyr oglan,
Depderinde ençe ýürek müňzeýär.
Günem — Adam.
Gülem — Adam,
Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär.
Mugallyma köp zeýrendi:
«Wah, seniňki şol bir zat —
Günem çekseň— Adamzat.
Gülem çekseň — Adamzat».
Näzik şemal şahalarda çalyp otyr sykylyk,
Barýar oglan öýlerine, depderinde ikilik.
Gökde güneş adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» — diýdi.
Ýerde güller adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» — diýdi.
...Ertesi gün uzakda
Doganda güneş,
Oglan ýene gün çekdi
Adama meňzeş!
ŞU GÜN ÄHLI ZATLAR GUTARAR WE SOÑ...
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň
saňa hasrat, maňa al kakmyş şygyr
galar. Unutmaga içersiň kasam,
Entek bu bar zadyň başlangyjydyr.
Gijeler düýş edip getirer meni,
Sözlerim elterler meni işiňe.
Aňarsyň nämäni ýitirendigňi,
Nälet okap kakylmaýan işige.
Ýazygy täleýe ýüklärsiň tärsiz,
Gelmez öz-özüňe gatyrganasyň.
Çapa beriljekde redaktirlärsiň,
Çeken nalalarmyň otur, nokadyn.
Ýöne ömrümizde ondan has uly,
Ýalňyş bolar redaktirläp bolmaýan.
Kim çekişer aýralygyň ýasyny,
Sende jora, mende dost ýok goldaýan.
Men saňa meňzeşi tapyp bilmerin,
Sen duşmarsyň meniň ýaly söýene.
Ikarada yşk elewrär el serip,
Daşa baryp maňlaý bilen söýener.
Biz şulaň baryny bilip dursagam,
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň...
Meni ýatla
Dyrnak ýaly umyt berseñ ýeterlik,
Onsoñ dünýäñ bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum hol ullakan bagyñam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyña deñ bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen.
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmamizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaygy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.
Meni ýatla, gam basanda göwnüñi,
Uran paltañ degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde señ üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.
Ötünç
Ham hyýallañ söbügini sydyrdyp,
Däde, sizi taşlap gidýän ençe gün.
Mellekdäki ownuk-uşak hysyrdyñ,
Bilýän, bir özüñe ýokuş degjegin.
Goýbermeli däldik diýip igener,
Ejem çaý başynda, her gün azanda.
Wah, nätjek, Ene-dä göresi geler,
Hem bildirmän aglar çörek gazanda.
Käşgä, dogulsadyñ diýip zehinsiz,
Gidenime gatyrganar Atam-da.
Ýöne bilýän, buysanjagyn ses-üýnsiz,
Goşgulam çap bolsa seýrek-setanda.
Belki, başarmaryn şahyr bolupda,
Mümkin ylhamymam juda ir sowlar.
Başym ýaşlyk edip, bela ýoluksa,
Ynamyn puç etsem Mätgurbanowlañ.
Öz ömrüni duýgylarna bagyşlan,
Bu arzuwçyl çagañyzy bagyşlañ.
Maña düşünersiñ
Ýanar kalbyñ, meni tapman,
Bir gün hasrat hyrujynda.
Ara daş bor gowuşardan,
Sen dünýäniñ bir ujunda.
Men dünýäniñ bir ujunda.
Gijelerne ýassyga däl,
Armanyña başyñ goýup.
Sypatmadyk saçlaryñy,
Ahmyr bilen gysymlaýyp.
Melhem tapman dertleriñe,
Dem hem ýetmän öýkeniñe.
Alarsyñ ulydan demiñ,
Aýryp ähli gedemligiñ,
Maña köp gören sözüñi,
Suratyma diýer diliñ,
"Goý ezizim, öýkeleme"
Yöne men has daşda borun,
Eşdilerden ol keleme.
Okalman galan hatlarmyñ,
Gatlaryna gum siñende.
Gözleñ ýaşa ýesir düşip,
Kirpiklerñe nem siñende.
Dag deý göwnüñ dary ýaly,
mähir gözläp, ymsynanda.
Jümmüşinde adamlaryñ,
Yalñyzlykdan kemsineñde.
Baglar başyn aşak egip,
Gökde bulut hamsyganda.
Meñ sygmadyk ýüregime,
Dünýä ýaly gam syganda.
Küýsäp meniñ didarymy,
Ýola garap, garaşañda.
Puç edip umytlaryñy.
Baryp bilmen, ana şonda.
Senem maña düşünersiñ!
Bilÿàn
Bilýän, ýyllar geçer akyllanarsyñ,
Hem bolmarsyñ häzirkiñ deý göwünjeñ.
Meni maýyl bolup makullamarsyñ,
Aýy sowgat etmek hakda öwünsem.
Barmaklañ yatlamaz saçymy günde,
Ýañaklañ egnime kem deger onsoñ.
Menem seni saklap bilmen içinde,
Aýama Aý-ýyllar kir degirensoñ.
Deñziñ kenaryndan söz beren öýüm,
Gurular bir obañ gyrajygynda.
Görkümi ýitirip garrap giderin,
Owadan gözleriñ garaçygynda.
Dañlar maña haýryn görmezler rowa,
Señ uzyn gijeler aglanyñ üçin.
Sen menden ynjarsyñ öz söýen, juwan,
Şazadañ keşbinde galmanym üçin.
ŞOLDURYN MEN...
Ýüregiñi gamgyn mukam,
Dilip gitse şolduryn men.
Rejepgeldi Mejikow
Zybandan däl kalpdan syzlan,
Sözden däl söýgiden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geñ,
Saña aýan dildirin men.
Basmarlasa gam, endişe,
Gün başarmaz, göwnüñ gije,
Alysdaky öçügsije, Ýyldyz çoýsa şolduryn men.
Men bir lowlap giden ataş,
Ýakar öýdüp durýañmy daş,
Haýyşym, sönmänkäm sataş,
Gijä galsañ, küldürin men.
Bu ýollarda öwrüm ýetik,
Yşk kän bagta öwrülmedik,
Bil, ýolansyñ göwnüñ gidip,
Zyñsañ soljak güldürin men.
HAT
Ýoklugyňda dünýä dagy nämejik, Sygman ýördüm bu biserhet Äleme. Seni gören çagy, aklyn ýitirip, Deregine bagtyn tapan däli men.
Bir garaýşyň döküp gitdi çanaklap Sabyr-takadymy – çemçeläp ýygnan. Soň gijeleň gözlerine dürtüldim, Eçilen ylhamyň kapyýa sygman.
Aradaşlyk päsgel bermez yşgyma, Görjek bolsam, gözüm ýummak ýeterlik. Her säher posaňy eçilýär maňa Gülleň pudagyndan syrygan terlik.
Ýetjek boldum, nesibämden öňürdip, Dymma ýollaň özi alyp barsa-da. Seni gözläp, “ýaşaýyş bar” diýseler, Il uklansoň baryp gaýtdym Marsa-da.
Maňa eliňi ber, ynamyňy ber, Erk özüňe gerek bolar, berme-de. Kaýyldyryn söýgiň ýaly uly bagt, Iki barmak maňlaýymda ýerlese.
YLHAM PERIŞDÄME
Goşgularym gözleriňden göçürme, Ýogsam galam tutmak küje, men küje?! Seniň kimin ýara duşsa, içinde Her kimiňem zehini bar meňkiçe.
Men bu dünýä şahyr bolup inmedim, Ýok Aýa romantik sereden ýerim. Sen bilýäňmi, bileňokmy, bilmedim, Sensiň şygyr diýip döredenlerim.
Özüň ayt, joşmazlyk mümkinmi beri, Göreçleň ylhama sahy bolar-da?! Gözleňden göçüren setirlerimi Il okar müňlerçe sahypalarda.
Müň güle gonmaryn, bal ary ýaly. Bilbilpisint göwnüm saňa sadykdyr. Zehinim ýok, meşhur bolarym ýaly. Men hut seniň yşgyň bilen adykdym.
Omrumden yzda galdym...
Omrumden yzda galdym,
Gitdi yyllar onurdip.
Bir topar sorag galdy,
Jogaplary gumurtik.
Diydim yordum ozume,
Entek yasdyr, cagadyr.
Seydip nace yyllary,
Bos gecirdim, bigadyr.
Alysdady menzilim,
Yetmage yetismedim.
Bir gara goz goynunda,
Bilyan, koprak dusledim.
Ge:rdi butun jahany,
Imi-sala saklasym.
Myradyma yetmedim,
Kemter boldy yhlasym.
Ele aljak dunyamin,
Ozum elinde galdym.
Yetman ilin yuregne,
Kici dilinde galdym.
Ayaklarmy yoretman,
Gowunumi yuwurdip.
Men juda yzda galdym,
Omrum gitdi onurdip.
Gitseñ
Gitseñ yykyljak yalydy,
Yone dunya uytgemedi.
Bar bolan zat yuregimi,
Yalnyzlygym duytmeledi.
Dogry ka kalbymy berdim,
Gussañ hokmune howala.
Hic kimden jogap tapmadym,
"Namucin" diyen sowala.
Gunler gecdi, gacdy kem-kem,
"Geljegine" bar ynamym.
Boyun aldym señem indi,
Gecmisime garylanyñ.
Bu durmus gownubir yaly,
Uytgetmedi s:o bolsuny
Bir men has gamgyn synlayan,
Yapraklaryn "yogalsyny".
Yaprak dey tandi konlumden,
Basa barman pak niyetim.
Hemem omrum bir azajyk
Yitirdi oz ahmiyetin.
Sen yada dûśÿàñ diymeseñ,
Durnalan gidyan halaty.
Dunya asyl uytgemedem,
Gitsen yykyljak yalydy.
Gaharma çenden öteräk
gidenmi bagyşla meniň!
Gorkym seni ýitiräýmek,
Hedermi bagyşla meniň!
Şuny ýatla ynjanyňda,
Sende kalbym, hyýalym-da,
Şu çak ýok bolan ýanyňda
bedenmi bagyşla meniň!
Bilýän, göwnüň gamdan ýadan,
Ýene ynjytdym men nadan,
Pyýada geldi "şazadaň",
Bedewmi bagyşla meniň!
Ikimiz ýarpy göwre dek,
Ýaşaýyş däl birleşmesek,
Didämiň nury, şu gezek,
Edenmi bagyşla meniň!
ASMAN DOGLANYMDA GÖZÜME GUÝLAN...
Asman doglanymda gözüme guýlan,
Adymy gulagma gygyran bir guş.
Soň haçan saldyrdym başyma uýan,
Ýazygym duýgymmy birje goşawuç?!
Gözüňden düşürme, düşünme maňa,
Duçar men Adamyň düşen derdine.
Yşkym imanyma basylan ýama,
Neçün maňa beýle perman berdiler?!
Dilimde şoh aýdym, içimde sena,
Derwüş men şäherli, hyrka-hasasyz.
Her gije barlarda oýnadym sema,
Her gijäm gadyrdyr — myradym hasyl.
Gädilen dişiňde munça gam iýdiň,
Eý, bagty bu biweç ömrüme garam?!
Mäti men, dünýäniň ähli umydyn
Hem seniň tamaňy puja çykaran.
SYNANŞYK
«Men seni söýýäni» kän gezek diýdim, Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi. Käbirinden puç dolandy umydym, Käbiri ýanymda ýekesiretdi. Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki, Özleri dünýämden daşardadylar. Olar bagtym bolup bilerdi, belki, Emma söýgim bolup başarmadylar. Meger, men sebäpli ökünip näler, Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr. Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem, Meniň seni gözlän synanşygymdyr.
SARP BOLUP GUTARDYM, SYGNYP GUTARDYM...
Sarp bolup gutardym, sygnyp gutardym,
Gözümi perdelän ham-hyýallara.
Mähribanym, meni nädip atardyň,
Beýle betbagtlyga, beýle ýollara?
Pikirlem Çingiziň düýşi deý gorkunç,
Şübheden ot alýan, şulmy ýa dowzah?!
Meni halas eder Ýerde haýsy künç,
Gutularyn ugrum hanjaga sowsam?!
Ýüregim ýaraty, täleýim ýarty,
Haýsy girdap meniň ýarymy soran?
Kim ol gözlerimden ogurlan bagty?
Indi bu ömür däl, indi bu sorag.
Jogaby — jezam meň, çeken jebrim meň,
Tükenmez ahmyr ol içimde dörän.
Biz duşupdyk Ýaradanyň emrinden,
Indem aýryldyk seň islegňe görä.
OBADAŞYMA
(D.Ý. bagyşlanýar).
Nesibe uýany nirä çekse-de,
Biz şol sada ilden bölünen parça.
Gapyňa söýendim göwün çökdi-de,
Gel, bir golumy gys obalylarça.
Göwnüne meýdanlaň giňligi siňen,
Ýatlaly nurana atalarmyzy.
Kaşaň jaý däl, şu çaň basan köňülden,
Çykan söhbet ýagşa atarar bizi.
Saklanyp durmuşa atygsamakdan,
Ýada salyp ini-agalygmyzy.
Gel, gürrüň edeli atyzlar hakda,
Bizden alyp galan çagalygmyzy!
Şatlyk-gamy des-deň ikä böleli,
Soňa goýup galan işleň möhletin.
Men obamyň şäherdäki bölegi,
Yzlap geldim seniň sada söhbediň.
DUÝGUDAN GANAT ÝASADYM
Duýgudan ganat ýasadym,
Uçsam şolar göterer-ä?!
Bu täleý kän alňasadyp,
Bir gün döwran getirer-ä?!
Aňarmy halymy kimse,
Ynammy ýekirýär şübhe,
Palta daşa zol-zol degse,
Umydyny ýitirer-ä?!
Dost diýip köňül berenim,
Ussat diýip gol berenim,
Görse elimi serenim,
Möhümimi bitirer-ä?!
Gapy barmy açyk maňa?
Zat barmy berdaşlaryma?
Hä diýmän bu ýaşlygam-a,
Möwritini ötürer-ä?!
Ýollary kän tozanladyp,
Munda hiç zat gazanmadym,
Bir gün, belki, ýazanlarym,
Arzym Arşa ýetirer-ä?!
BAHARYM
Baharym, aprele gözümi dikdiň,
Mart bilen araňa düşdümi ýa tow?!
Ne beýle eglendiň, beýle gijikdiň,
Ysgynyň gaçdymy, geldiňmi ýadaw?!
Baharym, baharym, gül getirdiňmi,
Ýoluňa tutuş ýyl garan ýigide?!
Halys göterenok ýüregim indi,
Şu gezek gitme!
Çigildemňi berme tomusa, ýanar,
Güýze pyntyk berme, bilenok gadryn.
Baharym, şu gezek gitme, adamlar
Gyşlary müdimi ýatdan çykarsyn!
Sen gitseň Zeminiň sogrular jany,
Yzyňda jahany galdyrma dilgir!
Baharym, baky gal, bilseň, asmany,
Saklaýan sütün däl, daglar däl, güldür.
Baharym, baharym, şu gezek gitme!
MAÑA MENI GAÝTARYP BER!
Maña meni gaýtaryp ber,
Baş alyp gitjek bu ýerden.
Sözüm agyr degse deger,
Ejiz sen meni söýerden.
Ýok hiç zady düşündirme,
Baryn unut bolanlaryñ.
Men gözüñden düşen düwme,
Mümkinmidir dolanmagym.
Göwni başka iki adam,
Bolmaýa bile bolmaýa.
Baýguş dönip harabadan,
Gonmaýa güle gonmaýa.
Kalbymy berdim eliñe,
Zyñdyñ, döwdirip ýadadym.
Kinämi alman dilime,
Dymdym. Ýuwdunyp ýadadym.
Besdir ýykylyp ýalbarman,
Göýberdim bagtyñ aýagyn.
Gitdi diýip gaty görme,
Hemem özüiñi aýagyn!
Çagşan salym kürekdiñ sen,
Ömrim gama çümse-çümer.
Gitjek barybir gerekmesem,
Maña meni gaýtaryp ber!!!
ŞU GÜN ÄHLI ZATLAR GUTARAR WE SOÑ...
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň
saňa hasrat, maňa al kakmyş şygyr
galar. Unutmaga içersiň kasam,
Entek bu bar zadyň başlangyjydyr.
Gijeler düýş edip getirer meni,
Sözlerim elterler meni işiňe.
Aňarsyň nämäni ýitirendigňi,
Nälet okap kakylmaýan işige.
Ýazygy täleýe ýüklärsiň tärsiz,
Gelmez öz-özüňe gatyrganasyň.
Çapa beriljekde redaktirlärsiň,
Çeken nalalarmyň otur, nokadyn.
Ýöne ömrümizde ondan has uly,
Ýalňyş bolar redaktirläp bolmaýan.
Kim çekişer aýralygyň ýasyny,
Sende jora, mende dost ýok goldaýan.
Men saňa meňzeşi tapyp bilmerin,
Sen duşmarsyň meniň ýaly söýene.
Ikarada yşk elewrär el serip,
Daşa baryp maňlaý bilen söýener.
Biz şulaň baryny bilip dursagam,
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň...
«9-njy WAL» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN
Men nämeler edip ýörün,
Gözüme seret, şu menmi?!
Tapyp ber ýüregmi dörüp,
Birmahal oňa düwenmi.
Tut adymy, ýadyma sal,
Şolam huşumdan uçupdyr.
Ýet yzymdan, ýadamasaň,
Ýogsa düşjegim uçutdyr.
Isle, ur, isleseň, käýin,
Men baryna ykrar, ynha...
Özümi bir ýitirmäýin,
Tutuş ýitgi ykbalym-ha.
Gözüme seret, şu menmi,
Men nämeler edip ýörün?!
* * *
Awusyny duýdum senden,
Meni başga çalyşmagyň.
«Git» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...
Suwumsyz adamlar bilen
Ynjytdy iş salyşmagyň.
«Goý» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...
Meň söýgimden öňe geçdi,
Iki günlük tanyşlaryň.
Ýürek diýdi: «Öte geçdi» —
Men barybir bagyşladym...
Gözüme bakyp aldadyň,
Ynan, çynym, garaşmadym!
Ýürek diýdi: «El çek bahym»,
Men barybir bagyşladym...
«Söýemok» diýdiň ahyram,
Ýolun goýman ýaraşmagyň.
Ýürek diýdi: «Urgym durar»,
Wah, seni kim bagyşlasyn...
* * *
«Git» diýdiň, aýtmadyň nirädigini,
Tutuş süňňüm bilen eýledim inkär.
Senden jyda düşsem, diri däldigmi
Niçik, neneň, nädip düşünmediňkäň?!
Ah urdum, dadyma ýeten ýok ýerde,
Men seni soradym Haky çagyryp.
Täleými berdiňmi deňziň ellerne,
Meni dünýä iltäp duran labyrym?!
«Git» diýdiň, aýtmadyň nähili, neneň,
Diri galjagymy gidemde niräk.
Daragtdym gaşyňa göç edip gelen,
Şahasyny serip, köküni süýräp.
«Git» diýdiň, aýtmadyň nirädigini...
* * *
«Bagtly bol!» diýip dileg edipsiň,
Ýaňsymy ol, ömür dilän dek meýde?!
Bagtym seniň bilen bile gidipdir,
Oňman alnymdaky garyp täleýde.
Bagt bir dileme-dä, bagrymy örtäp,
Dilejekmi, sabyr dile, güýç dile.
Men bagty yzyňa goýberdim tirkäp,
Özüm galdym ýatlama we düýş bile.
Köre nep ýok dünýäň ýagtylygyndan,
Görejimdiň, sen ýok — tümedir ýüzüm.
Razy, meň göwnümiň ýartylygynda
Eger bolýan bolsa dokuzyň düzüw.
Sen bir saplan, deňiňi tap, durmuş gur,
Bir ýara men, melhemi ýok ýapylýan.
Mahal-mahal öz eýäňi ýatlap dur,
Eý, meň özgä nesip etjek gapyrgam!
* * *
«Ýakup ýaly atam, öýkelemegin».
(O.Myradow).
Ýakup ýaly atam, hallaryň nä jür,
Agam ýok, gurgunmy ejem, uýalam?!
Şindem gatnap durmy kerwenler, täjir,
Sorap gör, ýollary üýtgäpmi olaň?!
Munda oňat menem, diýmeseň, ganym
Ýüregmiň howruna başlady uýap.
Gördüm hol ýokarda kimdir garanyn,
Ýöne çykarmady gul girip guýa.
Mert boluň, bu başa düşse-de her iş,
Dünýäde dert gytmy jany ýanjaga.
Kengandan Müsüre başlanan ýöriş
Meňzeýär guýuda tamamlanjaga.
***
Sen gideliñ demirgazyk kösenýär,
Ýoklugñy içine sygdyryp bilmän.
Gijelerne ukysyndan kesilýär,
Aýy öz wagtynda dogduryp bilmän.
Baglaryñ ýapragny ýolup gutardy,
Bir-de gelýär çykdy, bir-de gelenok.
Kä gorkýanam şu yzyñdan gider diýp,
Hälem ülkelere beýtmek bolanok.
Sen gideliñ, daglañ asla görmedik,
Derdin çekýär demirgazyk gyrlary.
Olar maña hüññürdeýär göwün edip,
Başarmamsoñ gitmezlige yrmagy.
Ony bir görsediñ, boýnuny burup,
Gulak asman göwünlige, tesellä.
Men-ä çydap ýörün sözümde durup,
Ýöne sensiz demirgazyk kösenýär.
"Bir sen bilýäñ" aýdymdan
Bir sen bilýäñ...
Meñ içimiñ,
Otdugyny ýalyndygyny.
A men gülýän,
Bir sen bilýäñ,
Ýylgyrşymyñ yalandygyny.
Sen habarly,
Ýuwda-ýuwda,
Içim doly dertdiginden.
Özgeleñ habaram ýokdur,
Meniñ juda mertdigimden.
Bir sen bilýäñ...
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäñ meniñ heniz,
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan,
Ýüregimiñ ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam,
Peýdalanyp ahmalymdan.
Gidenini bir Sen bilýäñ.
Hem meniñ niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyñda,
Ýarysyn içip
galanny
Dökenimi bir sen bilýäñ.
Ökünenmi bir sen bilýäñ.
Bir sen çekýäñ,
Meniñ ýersiz,
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliñ salgap,
Belki gülüp, belki aglap,
Bir güni taşlap gidersiñ,
Bir men bilýän gitjekdigñi.
Soñky söz
Boýun bol, geldik biz ýoluñ soñuna,
diýme "Janymyzy gaýta barlaly".
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soñra,
Kä göwnüñ joşanda gaýtalar ýaly...
Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyñ.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen "Kalbym senden närzadyr".
Sen joraña ynan,
"Entek öñüñden
has gowsy çykar" diýp, göwnüñ göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse...)
Ýazgyt meñzeş daşa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa...ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..
Ejeñe okap ber goşgularymy
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Içinde ýüregim görünip duran.
Diý "Ýüregni yşgym bilen otlansoñ,
Käbir ýeri ýanyp garalypdyram."
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Ol saña yşgymyñ ýazmaçasydyr.
Şygrymda gyzynyñ halyn syzmasa,
Garşysyndakynam syzmajagydyr.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Şygyr bolan arzym oña ýetir sen.
Müñlerçe okyjy gerek däl maña,
Ejeñ tarapyndan ykrar edilsem.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Öz gyzyna düzen şygrym diñlesin.
Soñundan diý "Ertir bize geljekmiş,
Şuny ýazan şahyr ýigdiñ ýeññesi".
***
Gulagñy däl, ýüregñi tut,
Oña bir zat pyşyrdajak.
Soñam meni baky unut,
bolsañ eger başarmajak.
Men hakda ilden eşiden,
Sözleriñe galdyrma ser.
Kemim kändir köp kişiden,
Deñeşdirseñ göwnüñ geçer.
Adam meñzärmi adama,
Her kimiñ óz bolşy barka.
Maña ynanyp ýadama,
Menem saña ynanýarkam.
Gaýa hasapla, döşümi,
Gamly günüñ baş goýañda.
Ak atly giren düýşümi,
Çyn saý, ukydan oýanma.
Men-ä boýun aldym başdan,
Söýgiñ gözi kör bolýanny.
Bilgin birden gözüñ açsañ,
Kirpikleriñ öl bolýanny.
SURATÇY OGLAN
Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.
Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.
Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,
Hemmesine jan beräýseň, adam deý:
«Ah, ýaşamak hezil!» diýip güljekdi.
Ertesi gün surat dersi
Mäkäm gysyp dişlerin,
Ine, okuwçylaň hersi
Görkezýär öz işlerin.
Otyr oglan,
Depderinde ençe ýürek müňzeýär.
Günem — Adam.
Gülem — Adam,
Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär.
Mugallyma köp zeýrendi:
«Wah, seniňki şol bir zat —
Günem çekseň— Adamzat.
Gülem çekseň — Adamzat».
Näzik şemal şahalarda çalyp otyr sykylyk,
Barýar oglan öýlerine, depderinde ikilik.
Gökde güneş adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» — diýdi.
Ýerde güller adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» — diýdi.
...Ertesi gün uzakda
Doganda güneş,
Oglan ýene gün çekdi
Adama meňzeş!
ŞU GÜN ÄHLI ZATLAR GUTARAR WE SOÑ...
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň
saňa hasrat, maňa al kakmyş şygyr
galar. Unutmaga içersiň kasam,
Entek bu bar zadyň başlangyjydyr.
Gijeler düýş edip getirer meni,
Sözlerim elterler meni işiňe.
Aňarsyň nämäni ýitirendigňi,
Nälet okap kakylmaýan işige.
Ýazygy täleýe ýüklärsiň tärsiz,
Gelmez öz-özüňe gatyrganasyň.
Çapa beriljekde redaktirlärsiň,
Çeken nalalarmyň otur, nokadyn.
Ýöne ömrümizde ondan has uly,
Ýalňyş bolar redaktirläp bolmaýan.
Kim çekişer aýralygyň ýasyny,
Sende jora, mende dost ýok goldaýan.
Men saňa meňzeşi tapyp bilmerin,
Sen duşmarsyň meniň ýaly söýene.
Ikarada yşk elewrär el serip,
Daşa baryp maňlaý bilen söýener.
Biz şulaň baryny bilip dursagam,
Şu gün ähli zatlar gutarar we soň...
Meni ýatla
Dyrnak ýaly umyt berseñ ýeterlik,
Onsoñ dünýäñ bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum hol ullakan bagyñam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyña deñ bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen.
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmamizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaygy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.
Meni ýatla, gam basanda göwnüñi,
Uran paltañ degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde señ üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.
Ötünç
Ham hyýallañ söbügini sydyrdyp,
Däde, sizi taşlap gidýän ençe gün.
Mellekdäki ownuk-uşak hysyrdyñ,
Bilýän, bir özüñe ýokuş degjegin.
Goýbermeli däldik diýip igener,
Ejem çaý başynda, her gün azanda.
Wah, nätjek, Ene-dä göresi geler,
Hem bildirmän aglar çörek gazanda.
Käşgä, dogulsadyñ diýip zehinsiz,
Gidenime gatyrganar Atam-da.
Ýöne bilýän, buysanjagyn ses-üýnsiz,
Goşgulam çap bolsa seýrek-setanda.
Belki, başarmaryn şahyr bolupda,
Mümkin ylhamymam juda ir sowlar.
Başym ýaşlyk edip, bela ýoluksa,
Ynamyn puç etsem Mätgurbanowlañ.
Öz ömrüni duýgylarna bagyşlan,
Bu arzuwçyl çagañyzy bagyşlañ.
Maña düşünersiñ
Ýanar kalbyñ, meni tapman,
Bir gün hasrat hyrujynda.
Ara daş bor gowuşardan,
Sen dünýäniñ bir ujunda.
Men dünýäniñ bir ujunda.
Gijelerne ýassyga däl,
Armanyña başyñ goýup.
Sypatmadyk saçlaryñy,
Ahmyr bilen gysymlaýyp.
Melhem tapman dertleriñe,
Dem hem ýetmän öýkeniñe.
Alarsyñ ulydan demiñ,
Aýryp ähli gedemligiñ,
Maña köp gören sözüñi,
Suratyma diýer diliñ,
"Goý ezizim, öýkeleme"
Yöne men has daşda borun,
Eşdilerden ol keleme.
Okalman galan hatlarmyñ,
Gatlaryna gum siñende.
Gözleñ ýaşa ýesir düşip,
Kirpiklerñe nem siñende.
Dag deý göwnüñ dary ýaly,
mähir gözläp, ymsynanda.
Jümmüşinde adamlaryñ,
Yalñyzlykdan kemsineñde.
Baglar başyn aşak egip,
Gökde bulut hamsyganda.
Meñ sygmadyk ýüregime,
Dünýä ýaly gam syganda.
Küýsäp meniñ didarymy,
Ýola garap, garaşañda.
Puç edip umytlaryñy.
Baryp bilmen, ana şonda.
Senem maña düşünersiñ!
Bilÿàn
Bilýän, ýyllar geçer akyllanarsyñ,
Hem bolmarsyñ häzirkiñ deý göwünjeñ.
Meni maýyl bolup makullamarsyñ,
Aýy sowgat etmek hakda öwünsem.
Barmaklañ yatlamaz saçymy günde,
Ýañaklañ egnime kem deger onsoñ.
Menem seni saklap bilmen içinde,
Aýama Aý-ýyllar kir degirensoñ.
Deñziñ kenaryndan söz beren öýüm,
Gurular bir obañ gyrajygynda.
Görkümi ýitirip garrap giderin,
Owadan gözleriñ garaçygynda.
Dañlar maña haýryn görmezler rowa,
Señ uzyn gijeler aglanyñ üçin.
Sen menden ynjarsyñ öz söýen, juwan,
Şazadañ keşbinde galmanym üçin.
ŞOLDURYN MEN...
Ýüregiñi gamgyn mukam,
Dilip gitse şolduryn men.
Rejepgeldi Mejikow
Zybandan däl kalpdan syzlan,
Sözden däl söýgiden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geñ,
Saña aýan dildirin men.
Basmarlasa gam, endişe,
Gün başarmaz, göwnüñ gije,
Alysdaky öçügsije, Ýyldyz çoýsa şolduryn men.
Men bir lowlap giden ataş,
Ýakar öýdüp durýañmy daş,
Haýyşym, sönmänkäm sataş,
Gijä galsañ, küldürin men.
Bu ýollarda öwrüm ýetik,
Yşk kän bagta öwrülmedik,
Bil, ýolansyñ göwnüñ gidip,
Zyñsañ soljak güldürin men.
HAT
Ýoklugyňda dünýä dagy nämejik, Sygman ýördüm bu biserhet Äleme. Seni gören çagy, aklyn ýitirip, Deregine bagtyn tapan däli men.
Bir garaýşyň döküp gitdi çanaklap Sabyr-takadymy – çemçeläp ýygnan. Soň gijeleň gözlerine dürtüldim, Eçilen ylhamyň kapyýa sygman.
Aradaşlyk päsgel bermez yşgyma, Görjek bolsam, gözüm ýummak ýeterlik. Her säher posaňy eçilýär maňa Gülleň pudagyndan syrygan terlik.
Ýetjek boldum, nesibämden öňürdip, Dymma ýollaň özi alyp barsa-da. Seni gözläp, “ýaşaýyş bar” diýseler, Il uklansoň baryp gaýtdym Marsa-da.
Maňa eliňi ber, ynamyňy ber, Erk özüňe gerek bolar, berme-de. Kaýyldyryn söýgiň ýaly uly bagt, Iki barmak maňlaýymda ýerlese.
YLHAM PERIŞDÄME
Goşgularym gözleriňden göçürme, Ýogsam galam tutmak küje, men küje?! Seniň kimin ýara duşsa, içinde Her kimiňem zehini bar meňkiçe.
Men bu dünýä şahyr bolup inmedim, Ýok Aýa romantik sereden ýerim. Sen bilýäňmi, bileňokmy, bilmedim, Sensiň şygyr diýip döredenlerim.
Özüň ayt, joşmazlyk mümkinmi beri, Göreçleň ylhama sahy bolar-da?! Gözleňden göçüren setirlerimi Il okar müňlerçe sahypalarda.
Müň güle gonmaryn, bal ary ýaly. Bilbilpisint göwnüm saňa sadykdyr. Zehinim ýok, meşhur bolarym ýaly. Men hut seniň yşgyň bilen adykdym.
Omrumden yzda galdym...
Omrumden yzda galdym,
Gitdi yyllar onurdip.
Bir topar sorag galdy,
Jogaplary gumurtik.
Diydim yordum ozume,
Entek yasdyr, cagadyr.
Seydip nace yyllary,
Bos gecirdim, bigadyr.
Alysdady menzilim,
Yetmage yetismedim.
Bir gara goz goynunda,
Bilyan, koprak dusledim.
Ge:rdi butun jahany,
Imi-sala saklasym.
Myradyma yetmedim,
Kemter boldy yhlasym.
Ele aljak dunyamin,
Ozum elinde galdym.
Yetman ilin yuregne,
Kici dilinde galdym.
Ayaklarmy yoretman,
Gowunumi yuwurdip.
Men juda yzda galdym,
Omrum gitdi onurdip.
Gitseñ
Gitseñ yykyljak yalydy,
Yone dunya uytgemedi.
Bar bolan zat yuregimi,
Yalnyzlygym duytmeledi.
Dogry ka kalbymy berdim,
Gussañ hokmune howala.
Hic kimden jogap tapmadym,
"Namucin" diyen sowala.
Gunler gecdi, gacdy kem-kem,
"Geljegine" bar ynamym.
Boyun aldym señem indi,
Gecmisime garylanyñ.
Bu durmus gownubir yaly,
Uytgetmedi s:o bolsuny
Bir men has gamgyn synlayan,
Yapraklaryn "yogalsyny".
Yaprak dey tandi konlumden,
Basa barman pak niyetim.
Hemem omrum bir azajyk
Yitirdi oz ahmiyetin.
Sen yada dûśÿàñ diymeseñ,
Durnalan gidyan halaty.
Dunya asyl uytgemedem,
Gitsen yykyljak yalydy.
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.