Eje, men ýadadym

Eje men ýadadym

Eje men ýadadym, ýadadym şeýle,
Dodaklam kemşerip göz ýaşyn seçen.
Ynam edip syrdaş bolan ynsanlam,
Sen deý däl ekeni, däl eken ejem.

Eje men ýadadym ýalan ýüzlerden,
Arka goranlarym arkamdan urýar.
Wada berip ant içilen sözlerden,
Düwünýän, damakda ýuwdunman galýar.

Eje men ýadadym dertden, gaýgydan,
Ykbal gaýta-gaýta basýar üstümden.
Başym sypa, şol ömrümi baýadar,
Yzda diýýänlerden bu gün üstün men.

Eje men ýadadym, bil sen içimem,
Duz sepýäler kalpda dörän ýaradan.
Emma seni ynjytmazlyk üçinem,
Diýýän: " Gowy şükür, etme alada".

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
2 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
19 июн 2023, 12:34
Молодец! Говы гошгы .Галамын йити болсун, Жемшит!
Jemsitpoett
Автор 19 июн 2023, 22:53
kwadrat kelle,
Sagbolyn minnetdar kop