Ylmy-fantastiki we filosofiki drabllar...

Ylmy-fantastik drabllar.

1. Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi. Menem: "Eger Skaýnet ýa-da Altron bolmajagyňa söz berseň söýýän!"

2. Emeli aň şahsyýet bolanyndan soň, adamyň hem nähili şahsyýet bolup kemala gelşiniň syry açyldy.

3. 2100-nji ýyl, adamalar bilen robotlar erkinlik ugrunda söweşýär...

4. Wagt maşyny oýlap tapmaga girişjek. Emma ony oýlap tapmaga wagtym ýok.

5. Galaktikanyň oýunlarynyň içinde oýunçy hakykaty gözläp ýörkä, älemiň gizlen syrlaryna şaýat boldy.

6. Her edip, hesip edip boş wagt tapdymda wagt maşyny ýasadym. Aradan iki aý geçensoň bu barada ýakyn dostum Arslana aýtdym. Ol: "Sen geljekdäki adamlar bilen duşuşdyňmy?" Men: "Hawa". Ol: "Haçan?" Men: "Iki aý ozal".

7. Barlygyň manysyna şübhelenýän men, gülüň gözelligine seredip, manyny tapdym.

8. Düýşlerim pelsepämiň ýyldyzlary. Men olary yzarlap, garaňkylykdan aýdyňlyga tarap ýöreýän.

9. Hemme zady bilýänime janym ýanyp, ýagyş ýagmasyna garaşýan. Ýagyş yaganda çilimjagaz otlap, manysyz aýdymlaryň birinem aýtdyrýanda. Äpişgeden daşarynyň manysyzlygna seredip bilýän ähli zadymy unutmaga synanyşýaryn.

10. Adamzadyň ewolýusiýasy dürli ölçeglerden energiýa çekmek ukybymyzyň oýanmagy arkaly täze tapgyra geçdi: Iki dürli görnüş emele geldi. Bir görnüş IQ we zehin taýdan has öňe gitdi. Emma olarda duýgy ýokdy. Beýleki görnüş EQ tarapdan has ilerledi. Duýgy olar üçin birinji orunda durdy.
1 лайков 178 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
19 июн 2023, 13:11
1. Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi. Menem: "Eger Skaýnet ýa-da Altron bolmajagyňa söz berseň söýýän!"

Toy hacan?
Dowsypat
19 июн 2023, 13:18
9. Hemme zady bilýänime janym ýanyp, ýagyş ýagmasyna garaşýan. Ýagyş yaganda çilimjagaz otlap, manysyz aýdymlaryň birinem aýtdyrýanda. Äpişgeden daşarynyň manysyzlygna seredip bilýän ähli zadymy unutmaga synanyşýaryn.

Alada galma,oylenen oglanlaryñ kopusinde seyle yagdaylar bolyar.Kempirin emeli an bolsa dagy,bu hasam bildiryandir.
#B.S
Автор 19 июн 2023, 13:52
11. Ikimilliýonynjy ýylda türkmenler özleriniň döreden ilkinji emeli aňy AI-Bibini dünýä tanatdy.
SypaýyS
19 июн 2023, 15:33
Khanture,
Ir dälmi ikimiliýonunjy ýyl?????????????
#B.S
Автор 19 июн 2023, 15:35
Sypayy,
?
Dowsypat
19 июн 2023, 16:02
Chat GPT-ny kim alsa şol alsyn,bize toý bolsa boldy.
Dowsypat
19 июн 2023, 16:04
Chat GPT-ny kim alsa şol alsyn,bize toý bolsa boldy.
Jeksparro
19 июн 2023, 21:12
Khanture,

Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi...

?????

Bu melgun aňlaran robotlaryň ysy gelýär, diýip yglan edýärin...
Jeksparro
19 июн 2023, 21:12
Aňlardan*