«Pyýada geldi «şazadaň»...»

Gaharma çenden öteräk
gidenmi bagyşla meniň!
Gorkym seni ýitiräýmek,
Hedermi bagyşla meniň!

Şuny ýatla ynjanyňda,
Sende kalbym, hyýalym-da,
Şu çak ýok bolan ýanyňda
bedenmi bagyşla meniň!

Bilýän, göwnüň gamdan ýadan,
Ýene ynjytdym men nadan,
Pyýada geldi «şazadaň»,
Bedewmi bagyşla meniň!

Ikimiz ýarpy göwre dek,
Ýaşaýyş däl birleşmesek,
Didämiň nury, şu gezek,
Edenmi bagyşla meniň!

Mätgurban MÄTGURBANOW
9 лайков 219 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ŞYH
19 сен 2022, 21:38
Yoo bagyşlap biljek dal menä kabul edilenok swist
Mümkin
19 сен 2022, 21:58
Soñky döwür okan goşgularymyñ arasynda iñ gowusy.Berekella awtora!
Aýratynam "Şu çak ýok bolan ýanyñda bedenmi bagyşla meniñ" diýen ýeri.Ýöne jemleme beýleki setirlere garanyñda gowşak gelipdir.Şol şazadaly bedewli ýeri jemläme gowy gelşäýjek ýaly.
Mätgurbanyñ poeziýasyny halaýan.Üstünlik!
reSSs..
20 сен 2022, 12:10
atly molodes
Victus
20 сен 2022, 17:36
Awtor daşoguzlymy?
Venus
20 сен 2022, 19:12
Victus,
Hawa, Daşoguz
Venus
20 сен 2022, 19:12
Pyýada geldi «şazadaň»,
Bedewmi bagyşla meniň!

Has jüpüne düşipdir...