Bagyşla...

12-nji aprelde meniň durmuşymy düýpgöter özgerden ynsan aradan çykypdy. Şony mynasyp ýatlap bilmänim üçin özümiň näderejede namartdygyma akyl ýetirdim... Bagyşla, halypa!.. Bagyşla geleňsiz talybyňy!.. Bagyşla bizi, alym halypam!...
6 лайков 221 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 17 апр 2022, 23:20
(HALYPA MUGALLYMYMYZ DURDYMYRAT
REJEPOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE)


“Ýaşap ýadanlara ýatmak ýaraşýar...”
                                     Ilmät Gurbanow


Çyn dag ýykylmaýar, ölmeýär çyn är,
Senem aramyzda dirisiň, diri!
Käriň ýagşylykdy, gylygyň — hünär,
Uzak ömre rowa görülse biri,
Şol sen bolmalydyň…
Bolmaly däldik
Ylym atasyny aldyran zürýat.
Sebäp, biz az däldik,
Az däldik, mugallym.
Kändik…
Şonuň üçin çekilýän perýat
Dagdan agramlyka, güýçlükä herhal,
Karamdyr, halypam, säherde batmak.
Sen deý ýadamazak ynsana-ha däl,
Ýaşap ýadana hem ýaraşmaz ýatmak…

12.04.2018ý.


Sapa HOMMADOW
Mümkin
17 апр 2022, 23:21
12-nji aprelde meniň durmuşymy düýpgöter ynsan

Şu ýerde bir söz galypdyr öýdýän.
Pegas
Автор 17 апр 2022, 23:21
Çynym bilen ynsap azaryny çekýän şu wagt...
Pegas
Автор 17 апр 2022, 23:22
Цитата: Mümkin
12-nji aprelde meniň durmuşymy düýpgöter ynsan

Şu ýerde bir söz galypdyr öýdýän.

*özgerden
Hiayress
17 апр 2022, 23:30
Цитата: Pegas
Çynym bilen ynsap azaryny çekýän şu wagt...


"Hiçden giç ýagşy"
Şamuhammet
18 апр 2022, 00:37
Pegas meňem tanşym bardy Rejepow Durdymyrat diýip. Ukrainany gutaryp geldimi seň şol mugallymyň!
Pegas
Автор 18 апр 2022, 00:41
Цитата: Jeksparro
Pegas meňem tanşym bardy Rejepow Durdymyrat diýip. Ukrainany gutaryp geldimi seň şol mugallymyň!

Ýo, TDU-ny gutaran. Ýaşuly adam ol.
My life
18 апр 2022, 00:51
Bolmandyr,gynandym.
LLLL
18 апр 2022, 09:44
?????