Aclyk ýyly.

Açlyk ýyly.
Içi «eljuk» diýip duran Mawyş guşlukdan günortana çenli haýata çykyp, şu gün ir bilen goňşy obadaky daýzalarynyňka iýer ýaly zat
soramaga giden uýasy Miwäniň ýoluna dynman garady. Halys surnugyp
baransoň haýaty pesräk görüp işiklerindäki ýylgyn kepbäniň üstüne
çykybam seretdi. Onda-da Miwe görünmedi. Şondan soň ol «jugur-rjugur» edip awap duran içini eli bilen tutup, obaň ortarasyndaky depäň
üstüne çykdy. Kirlije köýnegini şemala galgadyp durşuna indi Miwäniň
bu gün gelmejegine, gelse-de boş geljekdigine ymykly göz ýetirdi. Bir
döwüm nan üçin oba söküp giden naçar doganjygyna nebsi agyrdy.
Özüniňem oňa hossar bolup biljekdigini subut edesi, eger Miwe ýenede düýnki ýaly surnugyp, eli boşja geläýse, ýürekselik bir zatjagaz
tapyp goýasy geldi. Birdenem şu günüň bazar günüdigi güpbe ýadyna
düşdi-de, ýandakly käliň içi bilen obalaryndan onçakly uzak bolmadyk
şähere, bazara tarap ýola düşdi. Bazar diýib-ä bir agyz dolduryp aýdarlyk
bazaram ýok welin, şonda-da näme, ilçilik-dä, garaz, satýanam, alýanam
ýok däl, Mawyşa bolsa bary-ýogy bir döwüm çörek gerek. Başga hiç
zat gerek däl. Onuňam azajygyn-a özi iýer, galanynam doganjygy Miwä
eltip berer.
Mawyş birbada näme etjegini bilmän, bazaryň bir çetinde
gözjagazlaryny tegeläp esli durdy. Haýatyň ýüzündäki «Hemme zat front
üçin!», «Hemme ýeňiş üçin!», «Ýok bolsun faşizm!», «Gitlere ölüm!»
diýen ýazgylary üzlem-saplam zordan okady. Onsoň bir topar ýüzi
agyr, aladaly adamlaryň arasyndan suwulypjyk geçdi-de, çaýhananyň
agzyndan garady. «Bir döwümjik nany dagy galdyraýmadylarmyka?»
diýip, boýunjygyny süýndüre-süýndüre seretdi. Dogrusy, çaýhananyň
içinde çepbe çeýneşip çörek iýip oturan adamam ýokdy. Iki-ýeke çaýyň
ýany bilen tamşanyp oturanlaryňam bary edil dilleşen ýaly iki barmak
ýalyjak nanlarynyň ýarysyny iýip, galanynam ýa-ha guşaklaryna
gysdyryp gidýärdiler, ýa-da ýaglyga dolap, usullyk bilen horjunlarynyň
gözüne atýardylar. Mawyş birki gezek owsuna-owsuna çaýhanadan
çykyp barýanlardan nan dilejek bolubam synandy. Emma bolmady.
Başarmady. Agzyny açsa-da, içinden sesi çykmady. Bir-ä şonda-da
düşündi, «Maňa-da seň ýalyň üçüsi garaşyp otyr, şolara-da zat tapman
boş barýan» diýip, goltugyna gysylgy boş horjuny görkezdi. Mawyşyň
başy aýlanyp, gözleriniň öňi garaňkyrap başlady. Ýüregi bulandy. Bir
çete çykyp ögedi. Şondan soň «ýykylmankam öýe bir baraýyn» diýdi-de,
haýatyň sag burçundaky, üstünden o ýan-bu ýan bökülip-bökülip sürçegi
çykan, daraw-daraw gädikden bökmäge hyýallandy. Bökmeg-ä däl, asyaslyşybam geçibilmedi. Ol haýatdan ýapyşyp diýen ýaly mähellesi azalan
bazaryň içine tarap ýaňadandan ugrady. Ýüregini bire baglap, kynlyk
bilen ondan-mundan nan sorady. Bir garry aýal: «Nanyň ady ýitendir,
oglum» diýensoň «ýüzüniň bir gat hamyny sypyryp» pul sorady. Ýaňky
aýal ikinji gezek ýok diýmäge utanyp «Wah, jan, guzym-eý...» diýdi-de,
öňküsindenem beter bükülip daşlaşmak bilen boldy.
Asyl ýeke Mawyş däl, hemmelerem şu ýere nan gözläp gelýän
ekenler. Hemmäniň berýän jogabam birdi, edýän gürrüňlerem. «Basym
uruş gutarar», «Basym çörek bolar», «Azajyk gaýrat ediň». Mawyşyň
halys elewräp ýörenini görüp gijigen bazarçylaryň bir-ä: «Menem
şujagazymy nana ýa bugdaýa çalyşjak bolup gelipdim welin, nädeýin,
bazarda-da zat ýok ekeni» diýip, uly adam bilen gürleşýän ýaly elindäki
düwünçegini görkezdi. Içinde näme baryny Hudaý bilsin. Halys paltasy
daşa degen oglan şondan soň ömür etmejek işini küýüne getirdi. Heniz
aw öwrenmedik bürgüt çagasy ýaly oňaýsyzlyk bilen iki ýana hekgerdi.
Zoraýakdan ekezlendi. Şol wagtam onuň gözi bazaryň içinden geçip
barýan köneräk silkme telpekli, tüýs türkmen biçüw gara balakly bir
ýaşula düşdi. Onuň güberip duran jübüsiniň içindäki zat gözüne nan
bolup göründi. Ýaňky ýaşuly mal bazaryň deňinden geçiberendirem weli,
Mawyş töwerekde hiç kimiň ýoklugyndan peýdalanyp, sen-men ýok,
ylgap baraga-da çep eli bilen balagyň sallanyp duran agzyndan penjeledi.
Gözüni ýumup sag elini jübä sokdy. Ýöne welin jübiň içinde penjesini
şunça ýüzdürse-de düýbüne elini ýetirip bilmedi. Tirsegine çenli soksada ýetmedi. Ol güberip duranam ýaglykmy, nämemi, bir ýumşak zat
ekeni. Ýaşuly emaý bilen Mawyşyň goşaryndan tutdy-da, şol durşuna
howlukman bazaryň çetine çykardy. Sag golunyň ýarysy jübüde ýantaklap
barşyna Mawyş çep eli bilen ýüzüni tutup içigip-içigip aglamaga başlady.
Ýaşuly sägindi-de, oglanyň elini jübüsinden sogurdy.
— Boşdur, oglum, bi. — Ol şeý diýdi-de, aşak oturdy. Hasam
mylaýym, mähriban ata deý ýürekden gepledi. — Seň bu bolşuň ogurlyk
etjegedem-ä meňzänok. Hany, aýt, oglum, göreýin. Saňa pul gerek
boldumy ýa garynjygyň açmy?
Mawyş şol içigip durşuna birdenkä zarp bilen:
— A-a-aç! — diýip, sogduryp goýberdi. Ýaşuly aşak bakyp
oňaýsyzlyk bilen ardynjyrady-da, başyny ýerden götermän telpegini
düzedişdirdi. Damagy dolup esli mahal sözläbilmän oturdy.
Horjundan iki burum kak çykardy.— Al, oglum, ýüregiňi tutar. Al, iýäý! Ýöne hergiz, her näçe
ajyksaňam ýaňky ýaly iş etme-de, göni gelip aýdaýgyn. Baryndan
biýrler.
Mawyşyň ilk-ä bir: «Berenoklar-a-a!» diýip ulili bilen möňňüresi,
ýaşulynyň öňünde mazaly içini egsesi, arzy-halyny aýdasy, özüniň ölsede ogurlyk etmejegini, hatda goňşularyndan dilemäge hem utanyp şu ýere
gaýdanyny, ýöne Miwe ikisi bu gije-de öten agşamky ýaly aç ýatmaly
bolsalar gaty kyn boljagyny tüýs ýürekden, janygyplar düşündiresi geldi.
Has beterem onuň özi üçin däl-de, jigisini horlamajak bolup, ser-sepil
bolup ýören uýasy Miwe üçin şu günlere düşüp ýörendigini aýdasy geldi.
Ýöne namys etdi. Aýdybilmedi. Ýaşuly bu çaganyň şundan soňam kaka
agyz urman duranyny geň görüp:
— Iýiber, oglum, çekinme! — diýende welin, Mawyş saklanybilmedi.
Içi, bagry tutäp barýan ýaly jynssyz gygyrdy:
— Men dä-ä-äl! Maňa gerek-gä-ä! Doganym ajykýa, doganym-m!
Gyz doganjygym...
Ýaşulynyň sakgaly sandyrady. Ýeke bir sakgaly däl, elem, dyzam,
asyl bütin göwresi durşy bilen saňňylda öwrüldi. Ol Mawyşdan «Kakaň
barmy?» diýip sorady. Mawyş tisgine-tisgine zordan: «U-uruşda» diýdi.
«Ejeň bir barmy?» diýen sowala bolsa, jogabam bermän: «Ejem bolsa
şeýdip ýörjekmi» diýýän manyda öňküsindenem beter içikmäne durdy.
Ýaşuly horjunyna täzeden elini sokdy-da, dört barmak ýaly nany çykaryp
«hiýk-hiýk» edip duran çaganyň eline tutdurdy.
— Al, oglum. Menem-ä bir özüň ýala alyp barýadym welin, bolýada, siziň derdiňiz meňkiden agyrrak ekeni. Sizi ajykdyrýan, aljyradýan
zat çöreksizligem däldir-de, şol ata bilen ene mähriniň açlygydyr. Al,
oglum! Al, bar-da, doganjygyň bilen iý. Bu günlerem geçer gider. Ine,
basym uruşam gutarar welin, onsoň kakaňam gaýdyp geler. «Bir türkmen
oglan nemisler bilen gaty zor uruşýamyşyn» diýip, arada biriniň gürrüňini
etdiler welin, şo seň kakaňdyr. Bar, köşek, Alla kuwwat bersin. Göwrümini
giňräk tut. Şü siziň oýnap ýörkäňiz el ýaly nany haýatyň üstünde ýatdan
çykaryp gideniňizem bir görsem... Onsoň ölsemem armanym ýok.
Şol demde Mawyşyň iki günden bäri aç garynjygy doýdy duruberdi.
Şol iki agyz ýyly söz hakykatdanam, aç çagany doýuraýdy. Çaltrak öýe
baryp, öz kakasynyň nähili zor uruşýandygy hakynda şäher adamlarynyň
şu gün günuzyn gürrüň edendiklerini Miwä buşlamak üçin, Mawyş assaýuwaşlyk bilen gojadan arany açdy. «Kakamy ýeriň ýüzünde tanamaýanýok ekeni. Ýaňy bazarda bir adam hemmäni daşyna üýşürip: «Adamlar!
Ymamgulydan ýaňa nemislere gün ýokmuş. Bu gidişine gitse ol aňrujy
dogar aýyň bäşine çenli duşmany gyrgyna berip gutarar. Siz ýene-de
azajyk gaýrat ediň, adamlar! Ine, şu duran oglanam şonuň ogly diýdi»
diýip, ol Miwä aýtjak sözlerine çenli aňynda jemläp başlady.
Şäherden çykan ýeriňde entek käle düşmänkäň iki-üç sany ýykykýumruk köne harabaçylyk bardy. Şonuň deňinden geçiberende Mawyşyň
gulagyna bir hili ysgynsyz iňňildi eşidilen ýaly boldy. Şol tarapa seredende
bolsa, harabanyň kölegesinde bir gyzyl köýnekli gyzjagazyň arkasyny
tama berip, iki eljagazyny emaý bilen jüpläpjik etegine goýup, ýalaňaç
aýajyklaryny uzadyp, gyşarypjyk oturanyny gördi. Gyzjagazyň ýüzi-peti
göm-gökdi. Gözjagazlary bolsa şol bir durşuna aşak bakyp, üýtgewsiz
suratda süzülip durdy. Hiç hili hereket ýok. Bir hereket edýän ýeri, o-da
bolsa öýläniň şemalyna dynuwsyzlyk bilen ykjap duran garaja gulpaklary.
Jigisi bor-a çemeli, ýaňy bir aýak biten oglanjygam gyzjagazyň ýyrtyk
köýneginden çykyp duran dyzyna bagryny berip, tükgerip ýer dyrmap
ýatyr. Käte-de bir iniňi üýşendiriji ysgynsyz sesjagazy bilen çalaja
iňläp goýberýär. Gumak ýere ýüzüni oýkap-oýkap tutuşlygyna kirşene
bulanan çaga, ýanyna kimdir biriniň gelenini duýdy-da: «Çöçje-e» diýip
ýüzüni ýerden göteribilmän çalaja iňledi. Çalaja gymyldady. Mawyş «Bu
ikijigem dogandyr» diýip içini gepletdi. Olaryň daşynda «wag» berýän
burny ýaşyl, ullakan gara siňekleri eli bilen kowuşdyrdy-da, öz açlygyny,
Miwäniňem özüne garaşyp oturanyny bütinleý ýadyndan çykaryp, hälki
ýaşulynyň beren bir döwüm nany bilen iki burum kakynyň hersini birine
uzatdy.
— Al, jigi, al! Me, al! Al, çöçje bereýin!
Mawyş şeýle diýip oglanjygy çalaja yralady.
Oglanjyk şondan soň kelteräk iňledi-de, erbet bir düýrükdi. Aşak
bakyp ýatanam bolsa onuň gözleriniň birdenkä ýakymsyz peträp gidenini,
Mawyş çalarak gördi. Şonda Mawyşyň ýüreginiň ýüzünden pişik
dyrnaçaklan ýaly daraw-daraw bolup gan akdy. Dişlerini şakyrdadyp
gyzjagaza ýüzlendi.
— Gyýw, gyz! Al, çörek bereýin! Al! Al, ine, jigiňe-de iýdir, özüňem
iý! Al! Me! Al ahyry! — Mawyş çalarak egildi-de, eli bilen gyzyň somalyp
duranja çignine dürtüp goýberdi. — Gyýw, gyz! Al ahyryn!
Gyzjagaz bolsa «hä» bermäniň deregine şol durşuna el-el, aýakaýak, san gaty bolup agdy-da, germesatan boldy ýatyberdi. Edil oturyşy-oturyşy ýaly. Ýöne ýanyn ýatyr. Ol ýykylanda onuň dyzyny ýassanyp
ýatan oglanjygam bir tarapa togalanyp gitdi. Ýöne ses-seda çykmady.
Gymyldamadam. Olaryň bu perişan sypatlaryny görüp, dokuz ýaşly
Mawyş bir pursatyň içinde togsan ýaşly goja döndi. Gyssanjyna hersiniň
ýanyna bir baryp kyn pursatda aýdylýan sözleri edil ululardan eşidişi
ýaly edil gaýtalamaga durdy.
— Turuň, jigiler, turuň! Beýdip ýatmaň! Alyň, iýiň, nan iýiň! Alyň.
Bu zatlaryň bary wagtlaýynçadyr. Uruş howany zaýalapdyr-da ekinem
şondan bitmändir. Uruş ýatdygy ýagyş ýagjakmyş Onsoň baý galla
biter-ä. Alyň, entek şujagazy bir iýiň! Basym uruşam gutarýa. Çyn şü.
Ýöne gaýrat ediň. Bu zatlaram geçer gider, işalla kakaňyzam geler. Bar
dälmi kakaňyz? A ejeňiz barmy?.. — Aljyran çaga birden aglap goýberdi.
— Turuň-a-a!!!
Olaryň turmajagyna gözi ýetenden soň bolsa, elindäki nan bilen
kaky emaý bilen gyzjagazyň etegine oklady-da, aldyrany bar ýaly bolup
yzyna ylgady. Bazaryň içine dazlap girdi-de, dört ýana delmuryp arzyny
aýdara adam gözledi. Şol wagtam çolaran bazaryň içindäki dükanyň
kölegesinde hälki nan beren ýaşulynyň özi ýaly bir aksakgal bilen
gürleşip oturanyny gördi. Eýýäm ony özüne hossar tutunan çaga başga
adam gözlejegem bolmady-da, göni şonuň ýanyna atylyp bardy. Munuň
dazanaklap gelşinden tüýi eýmenen ýaşuly bu heniz baryp togtamanka
ellerini ýere diräp ýerinden galdy. «Hä, näme boldy, oglum?» diýip aşaky
äňini titretdi. Mawyş aýtjak sözlerini doly aýdybam bilmedi-de ýene:
«Ho taýda, ho taýda...» diýip horkuldap durdy. Tisginip-tisginip sojady.
Ýaşuly bolsa: «Hä, näme bar o taýda? Ýa çörejigiňi aldylarmy eliňden?
— diýip sorady. — Hany görkez, nirede?» Oňa çenli beýleki aksakgalam
ýerinden turdy-da: «Ýör baryp göräýeli-le gaty daş bolmasa. Çaga bir
zatdan gorkana meňzeýän ýaly» diýdi. Mawyş olary hälki harabanyň
gapdalyna getirdi-de, eli bilen ýatan çagalary görkezip, öňküdenem
beter ulili bilen aglamaga başlady. Şol aralykda ol hysyrdanyp ýören
ýaşulynyň: «Wah, ikijigem ölaýen ekeni — diýip hamsyganyny,
ýanyndaky aksakgala ýüzlenip: — Ussa aga, ho-ol, eşekli barýany bäri
çagyrsana. Äkideli bulary. Häk, görgüsi ýaman çagalar...» diýenini
çalaja eşitdi. Çagalary jüpläpjik ýatyraga-da üstüne donuny ýapansoň
öz ýanyna gelip: «Bar, balam, sen indi öýüňize gaýdyber — diýeninem
eşitdi. Ýaşulynyň hälki nan bilen kaky ýerden galdyryp: — Al, guzym,
bulary öýüňize barypjyk iýersiň» diýenini welin eşitmedem, görmedemOl ýeri-gögi saýgarman, basara ýer hem peýlemän oba tarap entirekläp
ugrady. Şol barşyna ol özüniň ýalaňaç injiklerine degýän ýandaklaryň
yzasynam, dyrnap-dyrnap gidýän itgyzganlaryň, demirtikenleriň
awusynam, syh ýaly gara çöňürleriň dabanynyň aşagynda şarta-şarta
döwülişinem, käbiriniň bolsa pyçak urulan ýaly bolup aýajyklarynyň
aşagyna sanjylyşynam duýmady. Öýe nähili ýagdaýda geleninem, nädip
ýatanynam bilenok. Şondan soň ol dört günläp ýerinden galybilmän ögäp
ýatdy. Gepläbem bilmedi. Miwäniň özüne uzadan çöregine-de telim
günläp agyz urup bilmedi. Ýöne Miwäniň sag-aman öýden girip-çykyp
ýörenini görensoň welin birneme ynjaldy. Goňşy-golamlaryň häli-şindi
gelip habar tutup durmalary bolsa Mawyşa-da, Miwä-de, ikisine-de
ullakan goltgy boldy. Kim bir käse gatyk getirip berdi, kim bir okarajyk
ýarma getirdi, garaz, gözden salmadylar. Daýzasam gelip, iki gije dagy
ýatyp, Mawyş gowy sagalansoň gitdi. Kem-kemden ol has gowulaşdy.
Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä uruşam gutardy. Dört ýyllap uly
iliň daşyna gala bolan gerçekler gelip, öz mähriban ojaklarynyň gyzgyn
közüne ellerini çoýdular. Köp-köp kakalar bilen birlikde Mawyşyňam
kakasy sag-salamat gaýdyp geldi. Şol ýaşulynyň aýdyşy ýaly horluk
assa-ýuwaş uly iliň başyndan ymykly sowuldy. Bolçulyga-da ýetdiler.
Parahat ýyllar, rahat günler yzly-yzyna aýlanyp Miwe bilen Mawyşyň
hersini bir öýüň eýesi etdi. Jebir baryny görkezen açlykly ýyllar aýylganç
düýş ýaly bolup allowarralarda galdy. Ýatlamalar könelişdi.
Ýöne şo-ol açlygyndan gatap galan gyzjagaz bilen iň soňky demine
çenli «çöçje» diýip guma bulaşyp ýatan oglanjygyň gözgyny keşbi welin,
Mawyşyň ýüreginde ömürlik tagma bolup galdy. Şol ikisiniň bolup ýatyşy
onuň göz öňünden soň-soňlaram gitmedi. Heniz-henizlerem gidenok.Gitmezem.

Awtory: Juma Hudayguly.
4 лайков 118 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
18 апр 2022, 08:59
aglaya gynancly eken
My life
Автор 18 апр 2022, 10:02
danger,
Hawa. Urshuñ yowuz yyllarynyñ her pursadam gynanclydyrla.?