ALTYNJY SÜMER PLITA ÝAZGYSY
ALTYNJY PLITA ÝAZGYSY
ENKI ILKINJI ADAMY ÝARATMAK ÜÇIN AFRIKADAKY MAÝMYN GÖRNÜŞINI DÜŞÜNDIRÝÄR
''...Ilkinji işçileri döretmek üçin onuň üstüne özümiziň yşaratymyzy goýmaly!'' diýipdi Enki baştutanlara. ''...Ätiýajymyza gerekli bolan ýaradyljak jandar taýýar'' diýip Abzunyň syryny paş etdi olara.
Beýleki baştutanlar Enkiniň sözlerini diňläp geň galdylar. Bu aýdylanlar olary diýseň geň galdyrypdy. ''...Abzuda iki aýakly, dik ýöreýän janlylar bar, öňki aýaklaryny el hökmünde ulanyp bilýärler, elleri hem bar. Sähralygyň haýwanlarynyň arasynda ýaşaýarlar. Geýinip örtünmäni bilenoklar.
Ösümlikleri agyzlary bilen goparyp iýýärler, suwy kölden ýa-da çukurdan içýärler. Bedenleri gür tüý bilen örtülen, kelleleri ýolbarsyň kellesi ýaly.
Keýikler bilen kowalaşýarlar, suwlardaky jandarlar bilen oýnaýarlar. Baştutanlar Enkiniň sözlerini haýran galmak bilen diňlediler. Edinde bular ýaly jandar görülmedi şu wagta çenli diýdi Enlil. Geçen eýýamlar mundan ozallar Nibirudaky atalarymyz hem şular ýaly ýaşan bolaýmasynlar,,, diýdi Ninmah.
ENKI BEÝLEKI ANUNNAKILERI ÝAŞAÝYŞ ÖÝI DIÝILÝÄN YLMY GÖZLEGLER MERKEZINE GETIRÝÄR
Bu ýaradylan däl-de barlyk diýdi Ninmah. Ony görmek örän hezil bolardy. Enki olary Ýaşaýyş öýüne äkidip görkezdi. Bu barlyklaryň käbiri güýçli kapasanyň içindedi. Enkini we beýlekileri görende bökmäge başladylar; kapasanyň gözeneklerini ýumrukladylar. Hyrlaşyp, horruldap ses çykardylar; hiç zat diýenokdylar. Enki: ''Olaryň biri aýal, beýlekisi erkek, hersiniň jynsy agzalary bar '' diýdi.
ENKI MAÝMYN HROMOSOMALARYNYŇ ÜSTÜNDE ÖZ HROMOSOMALARYNY GOÝANDYGYNY ILKINJI IŞÇILERI ÝARATJAKDYGYNY AÝDÝAR
''Edil biz ýaly, Nibirudan(!?) gelipdirler, üýrýärler. Oglum Ningişzidda olaryň formatirläp synagdan geçirdi; edil biziňkileri ýatladýar, iki ýylan ýaly biri-birlerine çyrmaşypdyrlar (Hromosomalary suratlandyrýar). Olaryň ýaşaýşy biziňki bilen birleşende yşaratymyz olaryň üstünde bolar. Ilkinji ýerli işçi ýaradylar. Buýruklarymyzy diňläp, gurallarymyzy ulanarlar, gazy gazylýan ýerlerdäki işleri olar eder.
ENLIL BU PIKIRE GARŞY ÇYKÝAR
''...Abzudaky Anunnakileriň işleri azalar. Rahatlyk taparlar''diýip Enki heýjanlyk bilen aýtdy. Enlil bolsa ikirjiňlenip gürledi: ''Bu meseläniň üstünde durup geçmek gerek.
Planetamyzda (ýagny Nibiruda) gul eýeçilik gaty ir zamanlar mundan ozal bes edilipdi. Gerek-ýaraklar, gurallar guldur, başga barlyklar däl-de...Öň bar bolmadyk täze barlygy peýda etjek bolýaň. Ýaýratmak ýeketäk, hemme zady başladan Kaka mahsusdyr...'' diýip garşy çykdy Enlil. Onuň bu aýdanlary örän pert-pert çykdy. Soňra Enki şeýle diýdi: Planym gullary ýaratmak däl-de kömekçileri döretmek.
Bu ýaradyljak zat eýýäm taýyn diýýärdi Ninmah. Etjek planymyz oňa biraz bejergi bermek! Täze ýaratmaly däl-de, barlygy öz suratymyza meňzeş ýasamaly diýdi Enki. Kiçeňiräk üýtgeşme bilen ýasalar, biziň özümizden diňe bir damjasy gerek.
* * *
Geliň indi bolsa Sümer Plita ýazgylaryndaky Taňrylaryň garşy-garşy aýdýan sözleriniň Töwratdaky gaýtalanýan ýerlerine durup geçeliň:
(Ýaradylyş-1:26 Taňry ''Ynsany öz suratymyzda, özümize meňzeş ýaradalyň'' diýdi..
27- Taňry Ynsany öz suratynda ýaratdy. Şeýdip ynsan Taňrynyň suratynda ýaradyldy. Ynsanlary erkek we dişi (urkaşy) edip ýaratdy.
9; 6 Kim ynsan ganyny dökse, onuň öz gany hem ynsan tarapyndan döküler. Çünki Taňry Ynsany öz suratynda ýaratdy.)
* * *
(Kuranda bolsa döwrüne görä üýtgeşik şekilde aýdylýar. Kuranda Taňry suratynda ýaradylanok-da ruhundan nepes üflenýär?!!
''Hijr;29.30-Munuň üçin men Ony muntazam bir ynsan görnüşine getirip içine ruhumdan üflän wagtym, häziriň özünde onuň üçin sejdä gidiň. Şondan soň bütin melekleriň hemmesi birden sejde etdiler. 72-Ony şekillendirip ruhumdan oňa üflän wagtym, derhal oňa sežde ediň.
(dowamy bar)
Terjime eden: @Jeksparro

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.