Bäşinji plita ýazgysy
BÄŞINJI PLITA ÝAZGYSY
Ulag Lahmudan uçup daşlaşdy. Ugry Ýer tarapa ýöneldi. Aýyň daşyndan aýlaw etdiler, ol ýerde gonalga üçin derňew geçirdiler. Ýeriň daşyndan aýlandylar, suw ýüzüne gonmak üçin ýuwaşladylar.
Nungal ulagy Eridunyň ýanyndaky suwlara gondurdy. Enlil tarapyndan bina etdirilen port gonalga aýak basdylar. Indi sandal agaçlarynyň geregi ýokdy.
Enlil we Enki gyz jigsini gujaklap garşyladylar.
Ýolbelet Nungal bilen el gysyşdylar. Aýal-erkek gahrymanlar, ol ýerdäki gahrymanlar tarapyndan garşylandylar. Ulag bilen getirilen zatlar tizlik bilen daşalyp gutardy. Olar Roketa gämiler we gök gämilerden taýýarlanan gerek-ýarak zatlardy. Nibiruda bolup geçen hemme zady, Alalunyň ölümini we gömülşini Ninmah aýdyp berdi erkek doganlaryna. Lahmudaky aerodromy we muňa Anzunyň baştutanlyk etjekdigini hem aýdyp berdi.
NINMAH ŞYPA DERMANLYKLARYŇ TOHUMLARYNY GETIRÝÄR
Enki göwnemakul sözler aýtdy. Enlil bolsa haýran galmak bilen muny göwnemedi. Ninmah Enlile: ''Bu Anunyň kararydyr, buýrugy üýtgedilmeli däl. Syrkawlar üçin däri-derman getirdim'' diýdi.
Torbasyndan bir käse tohum çykardy, olary topraga ekmelidi. Tohumlar suwarylan soň pyntyklap, miwe bermelidi. Bu suw dermanly suw. Ondan gahrymanlar içdigiçe syrkawlykdan açylmalydylar (Şu ýerden ýola çykyp; Lukman Hekim, indiki ýazgylarda Gilgameş we onuň ölümsiz bakylyk derman otuny gözleýşiniň asyl çeşmesidir. Adamzadyň ýakyn taryhlarda daglardan ot ýygnap şypa gözlemekleriniň çeşmesi hem belki bu wakalardan başlanýan bolmaly).
ENLIL WE NINMAH LIBIÝADAKY GONUŞ ÝERINE GIDÝÄRLER
Hassalyk uzaklaşyp, keýpleri göteriljekdi. Tohumlaryň sergin ýere ekilmegi gerekdi. Ösüp boý almagy üçin suwlanmagy gerekdi. Muny Ninmah aýtdy erkek doganlaryna. Enlil: ''Bu işler üçin oňaýly ýer görkezjek saňa. Gonuş ýeriniň ýanynda sedir bagyndan (Katran bagy/ Erkek Taňrylaryň bagy) bir mesgen tutan ýerinde Enliliň gök gämisine mündiler ikisi. Enlil we Ninmah Garly daglardaky Sedir (Katran bagy / Erkek Taňrylarynyň bagy/ baglygyndaky tokaýlygyň ýanyndaky gonalga gitdiler (Häzir Baalbek diýilýän ýerde soňraky göçüp gelen uluslar Enliliň gonan ýerinden ybadathana /çokunylýan/ bina etdiler. Daşyndan basyp alyşa gelenler öňkülerini ýykypdyrlar, özleriniň ybadathanasyny gurupdyrlar. Iň soňky bina edilen ybadathana Rimlileriň bina eden Zews ybadathanasydyr). Gök gämi uly daş platformasyna gondy; bilelikde Enliliň mesgenine girdiler. Içere girenlerinde Enlil ony gujaklady, közli öpüşmeler bilen bogdy: ''Ah, söýgülijigim'' diýip pyşyrdady Enlil oňa. Söýüp ogşady ony. Ýöne ýatgysynda tohum galdyrmady. Ninmah ýumşak pessaý ses bilen oňa: ''Saňa oglumyz Ninurtanyň habarlaryny getirdim'' diýdi.
TOHUMLAR BAALBEKE EKILÝÄR
''...Ýaş şazada boldy ol indi, syýahata taýyn, Ýere gelip saňa goşulmakçy bolup dyrjaşýar. Bu ýerde galmaly bolsaň oglumyz Ninurtada gelsin'' diýdi Enlil oňa.
Gahrymanlar gonuş ýerine geldiler, gökgämiler bilen platforma roketa gämiler gelip başlady.
Ninmahyň torbasyndan çykan tohumlar toprak mekanlyga ekildi. Nibirudan bir miwe Ýerde ýetişmelidi. Enlil we Ninmah gökgämisi bilen Eriduna dolanyp bardylar.
ENLIL GULJAK ŞÄHERILERIŇ PLANLARYNY GÖRKEZÝÄR
Ýol boýy ýerýüzüniň ölçegini, Ediniň nirelere çenli uzanýandygyny görkezdi Enlil oňa. Enlil oňa etjek-goýjak planlaryny asmandan seredip duran ýerinden açyklady.
''Soňsuzlyga çenli galjak bir plan taýynladym'' diýdi. Yzygiderli binalar gurulmagy gerek bolan planlar bular... Eridudan uzakda, gury topragyň başlanan ýerinde bolar lagerim. Adyna Larsa dakaryn, dolandyrma ýerine öwrüler.
Burannunyň (Ýewfrat) çuň suwlar derýasynyň kenarynda ýerleşdiriler. Ondan ikiz iki sany şäher galdyrylan geljekde. Adyna Lagaş diýerin. Bu ikisinden soňam planlar üstünde bir çyzgy çyzdym. Şundan altmyş lig soň bir şypahana şäheri peýda bolmaly. Seniň öz şäheriň bolar. Şurubak, sygynma şäheri diýerin adyna. Çyzgynyň edil ortasynda ýerleşer we dördünji şähere ýol görkezer.
(dowamy bar)
SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
Zakariýa SEJIN
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.