Ekaterina Mişanenkowa. Orta asyrlarda ahlaksyzlyk. Günbatar ýewropa medeniýetiniň durmuş şertleri hakynda oçerk.
GIRIŞ
Orta asyrlar diýilse näme göz öňüňize gelýär? Asylly ryssarlar, owadan şa gyzlary, trubadurlar (orta asyr prowansal şahyry) we gyzlaryň uzyn giň etekli ajaýyp eşiklerimi? Ýada, tersine-garyplyk, gyrgyn keseli, büreler, jadygöýleriň ýakýan ody, nadanlykmy we ähliumumy garaňkylykmy? Belki, orta asyrlar monastyrlaryň parahatçylygy, golýazma kitaplaryň we gotiki soborlarymy?(şu ýerde gotiki sobor diýlen zada düşünmedim, şonuň üçin şol durşuna ýazdym) Ýada ryssarlaryň ordeni, gyrmyzy haçly ýapynja, haçly ýörişler bilen musulmanlaryň arasyndaky söweşmi?
Bularyň hemmesi bilelikde, diýip jogap berseňiz, hakykata iň ýakyn gelersiňiz!
Haçanda adamlar şol bir yhlas bilen doga dileg edip-öldürip, agyz bekläp-agyz açyp, güna edip-toba eden rehimsiz we şadyýan döwrüne -orta asyra hoş geldiňiz! Haçly ýörişlere Mesihiň imany üçin ölen janköýerleriň we ikiýüzlileriň- döwri! Ýöne janköýerleri we iki ýüzlileri başga bir wagta goýarys we bu kitapda orta asyrlarda nädip söýüşendikleri, nädip azgynlyk we haramlyk edendikleri, ýuwunmagy we goranmagy, we ybadathanalaryň diwarlaryna jyns agzalaryny çekendiklerini gürrüň bererin. Şeýle hem gyzlary haýsy ýaşda durmuşa çykandyklary, banýasyz nädip ýaşandyklary, är-aýalyň nähili borçlarynyň bardygyny gürrüň bererin, "Messepsiz jelep aýalyň" "Ýoldan çykan jelepden" gowudygyny, hatda Žanna d'Arka garşy jadygöýlügiň aýyplanmasynyň sebäbini öwreneris.
Jynsy gatnaşyk terbiýesi.
Hawa, men orta asyr adamlarynyň jynsy gatnaşyk hakynda bilýän zatlaryndan, nädip bilendiklerini we oňa nähili garandyklaryndan başlaýaryn.
Haçanda käbir tanyşlarym bilen bu mowzuk hakynda gürleşenimde, maňa gaty garaňky suratlandyrma berdiler. Gyzlar berk monastyrlaryň ellerinde önüp ösdüler we 12-13 ýaşlarynda jynsy gatnaşyklar hakynda hiç zat bilmezden derrew durmuşa çykardylar, şonuň üçin ömürlik psihologiki trawma aldylar.
Soňra olar "dogruş maşynyna" öwrüldiler we her ýyl ölýänçä dogurdylar. Erkekler jynsy gatnaşyk hakynda birneme aýallardan köpräk bilýärdiler we näme üçindir aýallar nika borjuny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp bilmediler. Jynsy gatnaşyk doly garaňkylykda, eşikde we hatda jyns agzalarynyň ýerinde deşijegi bolan ýörite gijeki eşiklerde geçdi. Hatda jyns gatnaşyklaryndan lezzet almak günädi we diňe bir aýaly mümkin boldugyça çalt tohumlandyrmak zerurdy. We ş.m. - mundan beýläk ýadyma salasym gelenok, näme üçin? Şeýle-de bolsa, aýdylanlarda hakykat sözi ýok.
Azajyk mifler hakynda
Gynandyryjy ýeri kino we edebiýat örän ajaýyp we ynandyryjy mifleri döredýär. Filmleriň we romanlaryň kömegi bilen hatda taryhy gowy bilýän adamlar hem köplenç ýalan teoriýalaryň we aç-açan toslamalaryň pidasy bolýarlar. Taryhy ylymlar bilen gyzyklanmaýan adamlar we okyjylar köplenç ýurtda we döwürlerde bulaşyp başlaýarlar. Ýada iň erbet ýeri-gadymy döwrüň soňundan başlap XIX asyra çenli tutuşlaýyn bir ýoly kabul edýärler. Hatda orta asyrlaram düýbünden birmeňzeş däl bolsada Wikingler döwrini şuňa degişli diýsek ýalňyşmarys, ryssarlar döwri üçin düýbünden ýaramly däldir. Mysal üçin ýokarda sanalan stereotipler nireden peýda boldy? Esasan hem XVIII-XIX asyrlarda gyzlar monastyrlarda terbiýelenipdir we nikanyň öň ýanynda azat edilipdir. Hut şu döwürde bigünäleriň töwereginde “deprekli tanslar” başlandy, ahlakly gyzlar üçin ideal, hakyky dünýäni we maýyl ediji zatlary doly bilmezlik terbiýe hasaplaplanyp başlandy.
13 ýaşynda nikalaşmak Romeo we Žulietda hemmeler tarapyndan şeýle bir geň görüldi welin, bu meselede ýeterlik resminamalar bar bolsa-da, orta asyrlarda nikanyň ortaça ýaşyň näçedigini bilmek üçin hiç kim wagt tapanok. Şekspiriň XVI asyrda ýaşap, "döredendigini" aýtmak nädogry, şonuň üçin Žuliýeta orta asyrlarda däl-de, dikeldiş döwründe ýaşady.
Ýokarda agzalyp geçilen, jynsy gatnaşykda geýilýän köýnekleri häzirki döwrüň fanatik protestantlary tarapyndan oýlanyp tapyldy. Şonuň üçin ýokardaky stereotipleriň hemmesiniň orta asyrlar bilen hiç hili baglanyşygy ýok - ýaraňjaňlyk has soň gülläp ösdi we orta asyrlarda adamlar jynsy gatnaşyk hakynda söhbet etmegi we ol bilen meşgul bolmagy gowy görýärdiler. Özüňizçe baha beriň - şäheriň ortasynda, ybadathananyň gapdalynda, ýigrimi sany penis bilen ekilen agajyň şekili bolan ullakan (5-6 metr) freskonyň çekilip bilinjek döwründe intim gatnaşyklar hakynda hiç zat bilmezlik kyn.
Näme üçin "Messepsiz jelep" "Ýoldan çykan jelepden" gowy?
Diňe iňlis dilinde “elýeter aýal” we “satlyk aýal” diýmegi aňladýan gödek sözleriň dürlüligi öň görlüp-eşidilmedik zat. Dürli ýollar bilen hapa paýyş sözler bilen sögünmek isleseň, ýöne aýalyň ahlagyna töhmet atmakdan has kemsidiji zat ýok bolsa, näme etmeli?
Şeýlelik bilen,aslynda şol bir zady aňladýan täze terminologiýany oýlap tapmakda bar ukybyňyzy görkezdiňiz. Ýöne käwagt uly rol oýnap biljek inçelikler bar. Iň ýaýranlary üç wersiýada bar bolan lenç edilen sözler "Whore", "Harlot" we "Quean" . Bularyň hemmesi özüni pul üçin satýandygyna ýa-da tertipsiz jynsy gatnaşyk etýändigine garamazdan, jyns taýdan ahlaksyz aýaly aňladýar.
Men rus dilinde analoglary saýlap oturmaryn, her kim muny özbaşdak edip biler, bu sözleriň arasyndaky tapawudy düşündireýin: “Quean” köçe dilde; "Harlot" edebi dilde, "Whore" köplenç ilatyň iň giň gatlaklarynda ulanylýar. Şonuň üçin wagyzçylar hatda Mesih bilen duşuşmazdan ozal Mariýa Magdaliny şeýle atlandyrdylar (Harlot diýip).
"Slut", "Strrumpet", "F L AP", "Draggletail", "Waggletail", "F L irt" ýa-da "Bitch" aýdyňlygy gowşak bolan aňlatmalardyr- olar "Kelçik gyzdan"-dan başlap, "Jelebe" çenli ahlaksyzlygyň dürli derejelerini aňlatýarlar. Umuman jemläp aýtsak,
“Gill”, “Drab”, “Trul”, “Jade”, “Punk” adalgalary-jelepçiligi ýagny, özüni satýan aýal-gyzy aňladýar.
Olar hem kemsitmek derejesinde öz aralarynda tapawutlanýarlar-
aýal-gyzy jelep diýip atlandyrmakdan has kemsidiji ýaly bolup görünýär.
Şeýlelik-de, "jade" sözi arzan hakyna tutulan aty aňladýar- meniň pikirimçe manysynyň sögünç ýükünden dolydygy düşnüklidir. "Punk" diňe bir satlyk aýal däl, eýsem ogry hem.
Onda näme üçin bölümiň adyna "Messepsiz jelep aýalyň" "Ýoldan çykan jelepden" has gowudygyny ýazdym? Iki söze-de psihologiýa we kanun nukdaýnazaryndan serediň. Mysal üçin kimdir biri edepli şäher ýaşaýjysyna jelep diýdi. Näme bolar?
Birinjiden, hiç kim muňa çynlakaý garamaz, pul üçin jynsy hyzmatlary hödürlemeýändigini bilýärler, sebäbi muny hemme zadyň göze ilýän orta asyr şäherlerinde hem gizläp bolmaz. Ikinjiden, töhmet atylandygy aňsatlyk bilen subut eder - jyns gatnaşyk üçin pul alýandygynyň subutnamasy, ýok!
Ýene bir zat, jelep diýip atlandyrsaňyz ýa-da “has kemsidiji” bolar ýaly haýsydyr başga bir termini ulansaňyz, onda başga gürrüň. Beýle adama baha bermek has kyn bolar, sebäbi nämäni we nädip subut etmelidigi belli däl.
Emma "шлюха" (ýoldan çykan aýal) sözi töweregindäkilerde "проститутка" (messepsiz jelep) sözünden den has uly täsir galdyrar.
Özleriniň edepli goňşy aýalynyň "iş panelindäki" işlerine ynanmazlar, gizlinlikde günäleri bolsa aňsatlyk bilen...
Terjime eden: M. Yousef,
dowamy bar...(terjime etýen eger gyzyklansaňyz, ýöne boş wagtym:))

14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.