****
1. Orta asyrlarda ýuwunmaklyk,suwa düşmeklik diňe bir garyplar üçin däl hatda baý gatlak üçin hem hökmany hasaplanmandyr. Muny Ýewropa haçly ýörüşe gatnaşyjylar getirýär. Olar bolsa ýuwunmagy,suwa düşmegi araplardan öwrenýärler.
2. Orta asyrlarda mergi (чума) adamlar üçin iň uly mesele hasaplanypdyr.
3. Orta asyrlarda itlerden giňden peýdalanypdyrlar. Itler ýere taşlanan,gaçan iýmitleri iýip, tabaklary ýalap arassalamak üçin saklanypdyr. Şu ýol bilen itler gap-gaç ýuwujylaryň işini ep-esli ýeňilleşdiripdirler.
4. Bu döwürde hatda patyşaň köşgünde hem wanna otagy,hajathana bolmandyr. Adamlar basgançaklaryň arkasynda ýa-da suňa meňzeş ýerlerde "işini" bitiräýýän ekenler.
5. Orta asyrlarda polatdan ýasalan kemer dakmak däp bolupdyr. Şu kemer aýalyň erkege,erkegiň aýala bolan wepalylygynyň kepilnamasy hasaplanypdyr(nähili kemerdigine düşünensiňizä?!). Ýöne köp ýagdaýlarda kemer dakynanlaryň saglyk ýagdaýyna zyýan ýetipdir (düşünensiňiz).
6. Gymmatbaha eşikleri orta asyr adamlary ýuwmaýan ekenler. Diňe syryp arassalapdyrlar.
7. O döwürler suwy arassalap soň içmek diýen zat adamlara mälim däldi. Hatda,suwy gaýnadyp içmek hem hiç kimiň kellesine gelmändir. Şonuň üçin köpçülik aşgazan hassalygyndan ejir çekipdir. Käbir adamlar bolsa hapa suw içenden şerap içenlerini göwne makul hasaplapdyrlar.
8. Orta asyrda adamlar 12-14 ýaş töweregi durmuş gurupdyrlar.
9. Orta asyr wraçlarynda hassany barlamazdan öň el ýuwmak düşünjesi ýokdy.
10. Iýmitiň zaýalanmazlygy üçin adamlar ony duzlap guradypdyrlar. Bu usul peýda edipdir,iýmit zaýalanmandyr emma tagamy örän ýakymsyz bolupdyr. Nahara atylýan zatlar (приправа) bolan o wagtlaram, ýöne juda gymmat bolan.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.