Siriýa iç urşy - Gysga ýazgyda
Şuwagt bilşiňiz ýaly Siriýada gutarmaýan bir uruş gidip dur. Has dogrusy bu iç uruş. Indi näme üçin başlady bu uruş ? Kimler uruşýarlar, näme üçin uruşýarlar, haçan başlady ? Arap bahary diýilip atlandyrylan zat näme ? Umuman bu ýazgyda hemmesine aňsat dilde gysgaça degip geçeliň.
2010-njy ýylda ençeme Arap döwletlerinde gozgalaň başlaýar. Sebäbi bilşimiz ýaly Arap döwletlerinde ynsan haklary we erkinlik ýokdy.
2011-nji ýylda Sudanda, Omanda, Müsürde, Saud Arabystanda, Mowritaniýa, Siriýa, Yrak, Marokko, Bahreýn, Eýran, Liwiýa, Kuweýt, Günbatar Sudanda yzygyderli aýaklanmalar, gozgalaňlar başlady. Müsürde has erbet, ganly gozgalaňlar başlady, döwlet we polisiýa binalary ýakyldy, türmeleri basyldy, protestolar tutuş ýurda ýaýrady, we iň soňunda-da ýurdyň goşuny hökümeti agdaryp häkimiýeti ele aldy. Şuwagdam Müsüri şo harby agdarlyşyk bilen ýykan hökümet alyp barýar. Jemi 875 adam ölýär. Ýemende bolsa 7.000 adam ölýär. Umuman Arap bahary şu gozgalaňlardyr.
Ine şu zatlar bolup durka Siriýa we Yrakda bolsa iç uruş çykdy. Eýleki ýurtlarda gozgalaňlar ýatsada Siriýa-da şondan bäri dowam edip duruşy.
Siriýada ilkinji gozgalaň 2011-de çykdy, we gozgalaňlar derrew ulalyp ýaragly uruşlara öwrüldi. Gozgalaňçylar baran ýerlerini ýakyp barýardylar, hökümet "alarma" geçip goşuny goýberdi gozgalaňlary basdyrmak üçin. Esgerlerem halka ot açdy, al onda saňa hasam erbet gozgalaňlar. Gozgalaňçylar polisiýa merkezlerini basyp işgärleri öldürip, ölüm jezalary berýärdi. Bu zatlar bolup durka gozgalaňçylaram özara uruşa başlaýar. Soňra 2012-de ÝPG terror topary döreýär we bular şäherleri basyp alyp başlaýar. Şuwagt Amerika ÝPG-ny goldap ýurtda bolup ýör. Uruşlar ýatman soň ýurdyň hökümeti Beşşar Esad harbylyga basgy etýär, bulam köp esgerleriň gaçmagyna we köpüsiniň gozgalaňçylara goşulmagyna sebäp bolýar. Işiň işi gaýdyp barýardy, bu zatlara soň has uly we meşhur terror topary bolan IŞID goşulýar. Bularam özüçe häkimiýet gazanmak üçin şäherleri gabap asyp-kesip başlaýar. Köp topary ýeke özi dagatýar. Hökümet has ejizleýär we hökümede Russiýa kömek berýär, netijede Russiýa Siriýa girýär. Hökümet we Rus goşuny bile köp ýerleri täzeden gazanyp başlaýarlar. Bu zatlar bolup durka Amerika durarmy ? Olam ÝPG kömek berip girýär Siriýa. Ençeme çaknyşyklardan soň hökümet köp ýerini gazanýar. 2017-nji ýylda IŞID has ejizleýär we ýurtdan çykarylýar. Kürt, Türkmen, Arap toparlaram özüçe goşun gurup urşa başlaýar. Bu zatlar bolup durka uruşlar Türkiýe serhedine çenli gelip ýetýär. Türkiýe serhedine bombada düşüp ugraýar, Türkiyede "Atmaňow göleler" şeklinde girmezmi Siriýa. Türkiýe ÖSO toparyny goldap Siriýada urşa başlaýar.
Umuman käbir zatlar üýtgesede uruşlar şuwagtam şeýle dowam edip dur. Bolan ýenede halka boldy. 2016-nyň hasaparyna görä 470 müň adam ölüpdir. Müňlerçe günäsiz çaga öldi. Millionlarça kişi başga ýurtlara göçdi. Näme diýipdir Paul Sartre "Uruşy baýlar çykarar, garyplar öler"

41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.