Uruş hakda

Uruş bilen 5 günde çözülen mesele, asudalyk bilen 5 ýylda çözülýän bolsa, ikinji ýoly saýlamak gerek!

***

Ynsanyň taryhy — uruşlar taryhyndan ybarat. Ertekilerde — uruş. Dessanlarda — uruş. Kitaplarda — uruş. Kinolarda — uruş. Milletçiler urşy. Kontinentler urşy. Şalyklaryň urşy. Jahan urşy...
Alymlaryň hasap-kitabyna seredenimizde, soňky alty müň ýyl içinde Ýer ýüzünde 5700 gezek uruş bolupdyr eken. (Ownuk-uşak uruşlar bu hasaba girmeýär.) Ýene şol alymlaryň aýdyşyna görä, adamzat ortaça 60 ýyl ömür sürýän eken. Şundan hasaba alsak, ynsan çagasy ömrüniň dowamynda 57 ýyl uruş içinde, üç ýyl hem "dynç alýar" eken. Estagfirullah! Biz kim özi?!

***

Bir zamanlar uruşda esgerler ölse-ölendir. Häzirki uruşlarda ýarag göterýänden görä, ýarag götermeýän köpüräk gyrylýar. Zamanabap ýaraglar akop bilen çagalar bagynyň, harby baza bilen dogruşhananyň tapawudyny bilmeýär.!

***

Uruş diýen peläketi, köplenç, akly kelte syýasatşynaslar oýlap tapýar. Şöhratparaz generallar başlaýar. Jebrini bolsa bigünäler çekýär. Bigünä esger. Bigünä ata. Bigünä ene. Bigünä gelin. Bigünä çaga...
8 лайков 148 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jonatan
24 май 2022, 23:14
bravo
Soho
24 май 2022, 23:16
berekella drug oglan, yzy gur bolsun