BAE Wenera missiýasyny yglan edýär
Birleşen Arap Emirlikleri şu ýylyň başyndan bäri Mars planetasynyň töwereginde aýlanyp ýören «Umyt» zondunyň üstünliginden soň, 2028-nji ýylda özüniň kosmos missiýasyny Wenera planetasyna ugratjakdygyny mälim etdi. «Umyt» zondy 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda ýapon raketasy arkaly uçurylyp, 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Marsyň orbitasyna üstünlikli girdi, bu bolsa BAE-ni Marsyň daşyndan aýlanan ilkinji arap döwletleriniň birine öwürdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministr Dubaý Emirliginiň häkimi Muhammed bin Raşid Al Maktum hödürlenen köp taslamalaryň arasynda birnäçe kosmos maksatnamalarynyň bardygyny ýatlatdy. Ol kosmos gämisiniň gurluşygyna ýedi ýyl gerek boljakdygyny, 2028-nji ýylda bäş ýyllyk syýahata garaşylýandygyny belledi.
– Eger-de bu başa barsa, 3,6 milliard kilometr syýahatdan soň asteroide ilkinji gonuş bolar – diýdi. 9,8 million ilatly, nebit gorlaryna baý bolan Emirlikler kosmosy özleşdirmegiň ykdysadyýeti ösdürmegiň bir usulydygyny öňe sürýär.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.