Dünýä habarlary gysga setirlerde
Prezident saýlawlary geçiriler. Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda Özbegistanda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri mälim edýärler. Özbegistanda Prezident saýlawlary bäş ýylda bir gezek geçirilýär. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, bu wezipä dalaşgärler diňe syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenip bilner. Respublikada soňky Prezident saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilip, Özbegistanyň Liberal Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew sesleriň 88,61%-i bilen ýeňiş gazanypdy.
Tunisde täze hökümet. Tunisde täze Ministrler Kabineti döredildi. Degişli karara Prezident Kais Said gol çekdi. Premýer-ministr Najle Buden Romdanyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň agzalary döwlet baştutanynyň öňünde kasam etdiler. Iýul aýynda Prezident Kais Said parlamentiň işiniň togtadylýandygyny we Premýer-ministr Hişam Maşişiniň işinden çekilýändigini habar berdi. Najle Buden Romdan Tunisiň taryhynda hökümete ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan boldy.
Parlament saýlawlary geçirildi. Bagdadyň merkezinde müňlerçe adam Muktada al-Sadryň parlament saýlawlaryndaky ýeňşini belleýärler. Saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna görä, al-Sadryň tarapdarlary 329 orundan 73 mandata (22%) eýe bolarlar. Bu öňki çagyryş wekillerine garanyňda has köp. Muktada al-Sadr uzak ýyllardan bäri ýurduň ilatynyň arasynda uly meşhurlygyny saklap gelýär. Yrakda nobatdan daşary saýlawlar 10-njy oktýabrda geçirildi. Saýlawlara gatnaşyk pes bolsa-da, saýlawlar dogry diýlip ykrar edildi.
Pikassonyň çeken suraty satyldy. Pablo Pikassonyň çeken suraty Gonkongda 24,6 million dollara satyldy. Bu barada «Sotheby’s» auksion öýüniň guramaçylary habar berdiler. «Surat 191,651 müň gonkong dollaryna (24,61 million dollar) satyldy» diýlip, beýanatda bellenilýär. Bu mukdar garaşylýan nyrhyň çäklerinde boldy. Gürrüň bu ýerde suratkeşiň 1954-nji ýylda aýaly Žaklin Roky şekillendirýän «Oturan zenan» atly suraty barada barýar. Şeýle-de, bu auksionda niderland suratkeşi Winsent Wan Goguň natýurmorty hem 9,1 million dollara satyldy.
Aýlanýan jaý gurdy. Bosniýaly 72 ýaşly Wojin Kusiç ynjyk aýalynyň penjireden dürli-dürli manzary synlamagy üçin aýlanýan jaý gurdy. Onuň aýaly penjireden dürli görnüşleri synlamagy arzuw edýän eken. Ol alty ýyldan soň, bu taslamany durmuşa geçirmegiň hötdesinden geldi. Ol täze jaýyň ýertitremesine hem çydamlydygyny ynamly aýdýar. Onuň aýaly indi islendik otagdan tokaýy, derýany, ekin meýdanlaryny synlap bilýär. Jaý iň pes tizlikde bir gije-gündizde, iň ýokary tizlikde bolsa 22 sekuntda doly aýlaw edýär.
«Emeli Gün» işe giriziler. Hytaýda termoýadro synag reaktoryny (CFETR) döretmek boýunça işler tamamlanyp, ýakyn on ýylda «emeli Günüň» işe giriziljekdigi habar berilýär. Taslama dolandyrylýan termoýadro pudagynyň iň soňky ösüşlerine esaslanýar. CFETR kärhanalar we ilat üçin 200 MWt möçberinde elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýär. Taslama Hytaýyň plazma fizikasy institutynda durmuşa geçirilýär. Taslama şowly bolsa, ilkinji bolup termoýadro reaksiýasy netijesinde arassa energiýa alnar.
Neolit döwrüniň desgalary. Hytaýly barlag geçirijiler daş asyry döwrüne degişli birnäçe uly göwrümli agaç desgalaryň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Hunan welaýatynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologik toparyň wekilleri mälim etdiler. Hünärmenleriň pikiriçe, täze açyş gadymyýetde binagärligiň ösüşi baradaky bilimleri çuňlaşdyrar. Lisian etrabyndaky Sziszýaoçen harabaçylygy 1978-nji ýylda açylypdy. Deslapky barlaglar bu ýeriň gurluşygynda ulanylýan agaçlaryň miladydan 2800 ýyl öňki döwre degişlidigini görkezýär.
Gadymy medeniýetiň şekilleri. Çinhaý-Tibet ylmy ekspedisiýasynyň agzalary Tibetiň Namso kölüniň golaýynda gaýalaryň ýüzüne çekilen şekilleriň üstünden bardylar. Hünärmenler şekiller we tapylan daş gurallar bu ýerlerde bir wagtlar çarwa siwilizasiýasynyň ýaşandygyny görkezýär diýip hasaplaýarlar. Namso kölüniň töweregindäki gaýalaryň ýüzüne çekilen şekilleri öwrenmek üçin ekspedisiýalar 2017-nji ýyldan bäri geçirilýär. Alymlar bu gezek petroglifleriň tutuş bir toparyny tapmagy başardylar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.