«Bitcoin» milli pul birligine öwrüldi
Salwadorda «Bitcoin» kriptowalýutasynyň ýurduň resmi pul birligi hökmünde kabul edilmegi üçin kanun taslamasy taýýarlanypdy. Ýurduň Prezidenti Naýib Bukele «Bitcoin 2021» maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde bu kanunyň güýje girmegi bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan salwadorlylaryň ýurda pul ibermekleriniň amatly boljakdygyny aýdypdy. Kanun taslamasy ýurduň milli parlamentinde kabul edildi. Ses berlişikde 62 deputat oňyn ses berdi, 19 deputat goldamady, 3 deputat saklandy. Şeýlelikde, Salwador kriptowalýutany milli pul birligi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt boldy. Mundan beýläk ýurtdaky söwda nokatlarynda tölegleriň ähli görnüşleri üçin ýörär. Prezident Bukele munuň täze işewürlik ugurlarynyň döremegine ýol açjakdygyny, häzirki wagtda kriptowalýutanyň bu görnüşiniň bazar nyrhynyň 680 milliard dollardygyny belledi.
Ceshme zaman gazeti
Ceshme zaman gazeti
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.