Dil öwrenmek üçin peýdaly maslahatlar

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy we söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny bar­ha iş­jeň­leş­dir­ýän ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni pug­ta öz­leş­dir­me­gi­ne hem uly üns be­ril­ýär. Ýaş­lar bi­len bir ha­tar­da dür­li kär­ler­de zäh­met çek­ýän il­deş­le­ri­mi­ziň ara­syn­da dür­li dil­le­ri öw­ren­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi, öw­re­diş usul­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len in­di dür­li dil­le­ri öw­ren­mek üçin has-da amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Biz hem bu gün şeý­le ni­ýe­ti ýü­re­gi­ne dü­wen il­deş­le­ri­miz üçin gym­mat­ly bo­lup bil­jek peý­da­ly mas­la­hat­la­ry oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
Öw­ren­me­giň ter­ti­bi­: Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mek­de ony yzy­gi­der­li gaý­ta­la­mak örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Kä­bir­le­ri öw­ren­mä­ge gi­ri­şen­le­rin­de her gün ag­şam mu­nuň üçin bir­nä­çe sa­gat sarp ed­ýär­ler we öz üst­le­ri­ne ju­da uly gö­nük­me­le­ri al­ýar­lar. Özü­ňe çen­denaşa ag­ram sal­mak bol­sa hö­we­siň pe­sel­me­gi­ne, öz­leş­di­riş de­re­je­si­niň peselmegine ge­tir­ýär. Şeýlelikde, dil öw­ren­mek üçin hep­dä­niň di­ňe bel­li bir gü­nü­ni kes­git­le­mek hem-de ga­lan wagt­lar­da şol öz­leş­di­ri­len­le­ri gaý­ta­la­mak ne­ti­je­li­li­gi has ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu beý­ni­niň ka­bul edip bi­li­ji­lik uky­by­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy üçin peý­da­ly­dyr.
Kagyzdan peý­da­la­nmak: Öw­ren­ýän di­li­ňi­ziň söz­le­ri­ni gys­ga wagt­da ýat tut­mak is­le­se­ňiz onuň iň amat­ly ýo­ly ter­ji­me­si bi­len bi­le ka­gyz bö­le­jik­le­ri­ne ýaz­mak­dyr. Söz ýa­zy­lan ka­gyz­lary öýüň gö­ze gör­nüp du­ran ýer­le­rin­de, sto­luň öňün­dä­ki di­war­da, so­wa­dy­jy­da, aý­na­nyň öňün­de we ş.m ýer­ler­de ýel­mäp çyk­mak ge­rek. Şu ýol ar­ka­ly siz öý­de baş­ga iş­ler bi­len meş­gul­lan­ýan wag­ty­ňyz­da hem dil öw­ren­me­gi do­wam edip bi­ler­si­ňiz.
Film­le­re to­ma­şa etmek, aýdym diňlemek: Öw­ren­mek is­le­ýän di­li­ňiz­de dü­şü­ri­len film­le­re ter­ji­me­siz ýag­daý­da to­ma­şa et­mek hem da­şa­ry ýurt di­li­ni çalt öz­leş­dir­mek üçin örän peý­da­ly usul­la­ryň bi­ri­dir. Bu usul si­ze bir­ba­da kyn­çy­lyk dö­ret­se, sub­titr­de ter­ji­me­si be­ril­ýän film­le­ri saý­lap bi­ler­si­ňiz. Şeý­le-de, öz de­re­jä­ňi­zi kä­mil­leş­dir­mek üçin giň­den mas­la­hat be­ril­ýän zat­la­ryň bi­ri şol dil­ler­dä­ki aý­dym­la­ry diň­le­mek­dir. Söz­le­ri eşit­mek ar­ka­ly öw­ren­mek we ýat­da sak­la­mak bi­len bir­lik­de, ola­ryň aý­dy­lyş ähe­ňi­ni-de has go­wy öz­leş­dir­mek müm­kin.
Söz­ler ba­ra­da pi­kir­le­nmek: Söz­le­ri aň­sat­lyk bilen ýat­da sak­la­mak üçin ola­ry de­ňeş­dir­mek usu­ly­ny ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Has ta­ky­gy, öw­ren­ýän di­li­ňiz­dä­ki söz­le­ri türk­men di­lin­dä­ki bar bo­lan şo­ňa meň­zeş söz­le­re bag­lap ýat­laň! My­sal üçin, iň­lis di­lin­dä­ki “can” (ba­şar­mak) sö­zi bi­len türk­men di­lin­dä­ki “kän” sö­zü­ni bir-bi­ri­ne meň­ze­dip ýat­la­sa­ňyz, ha­ky­da-da has go­wy ga­lar.
Şol dil­de gep­le­şmegi we pi­kir­len­me­gi en­dik etmek: Dil öw­ren­mek­de my­da­ma ne­ti­je­li­li­gi­ni sak­lap bil­ýän usul şol dil­de gep­leş­ýän adam­lar bi­len söh­bet­deş bol­mak­dyr. Unut­maň, şeý­le yn­san­lar bi­len nä­çe köp gür­leş­se­ňiz, şon­ça-da kä­mil­le­şer­si­ňiz. Dog­ry, bir­ba­da söz­le­ri ýal­ňyş aýt­mak, söz­lem­le­ri nä­dog­ry düz­mek ýa­ly kem­çi­lik­le­ri­ňiz ýü­ze çy­kyp bi­ler, ýö­ne şol kem­çi­lik köp­rü­sin­den geç­me­se­ňiz aňyr­da­ky kä­mil­lik ke­na­ry hem si­ze ýet­dir­mez. Gep­leş­me­gi öw­re­nen­soň özü­ňi­zi edil şol ýurt­da sy­ýa­hat ed­ýän ýa­ly göz öňü­ne ge­ti­riň! Ýol­da-yz­da gö­ren zat­la­ry­ňy­zyň — aw­to­bus­la­ryň reň­ki­ni, ýo­lag­çy­la­ryň geý­nen eşik­le­ri­ni, bir ýe­re ba­ra­ny­ňyz­da ol ýer­de nä­çe adam bar­dy­gy­ny şol dil­de pi­kir ediň we özü­ňi­ze gür­rüň be­riň!

Internet maglumatlaryndan.

Baha bermegi unutmaň!
2 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.