Okaň peýdasy deger

Tomus ýapgylary

Bir bulgur zeýtun ýagynyň üstüne 1 limony sykyp garyşdyrmaly. Soňra endigan
edip ýüze çalmaly. On minutdan soň ýuwmaly. Bu ýapgy ýüze öwüşginlik berýär,
ýüzüň derisini ýumşadýar hem-de ondaky tegmilleri azaldýar. Ýapgy gurak ýüzler
üçin niýetlenendir. Bu ýapgyny diňe ýüz üçin däl, eýsem, bedenimiziň çalt guraýan
bölekleri üçin hem ulanmak bolar.
* * *
Ýigrimi sany zeýtun çigidini blenderden geçirmeli. Emele gelen garyndyny ýüze
çalyp, 3 minutlap saklamaly. Soňra sowuk suwa ýuwmaly. Ýapgy ýüzi iýmitlendir­
ýär we nemlendirýär.
* * *
Bir ýumurtganyň agyna 1 çaý çemçe ary balyny goşmaly. Soňra aloe şiresini we 1 çaý çemçe gaýmagy garmaly. Garyndyny gözüň töweregine çalmaly we
20 minutdan soňra ýuwmaly. Ýapgy gözüň töweregindäki ýygyrtlaryň aýrylmagyna we olaryň öňüni almaga ýardam eder.
* * *
Bir çaý çemçe zeýtun ýagyna 1 ýumurtganyň sarysyny we gyrgyçdan geçirilen
3 çaý çemçe ýeralmany garmaly. Garyndyny gözüň töweregine ýapmaly we 20 —
25 minutdan soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy hepde-de iki gezek ýapylsa, gözüň töweregindäki ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam eder.
* * *
Ter hyýaryň şiresine gatygy we ary balyny goşmaly. Garyndyny ýüze çalmaly we
15 — 20 minutdan soňra gaýnap, sowan suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýüze ýygyrt
düşmeginiň öňüni alýar.
* * *
Iki nahar çemçe noýbany gaýnadyp, süle görnüşine getirmeli. Soňra 1 çemçe
limon şiresini we bir ýumurtganyň sarysyny onuň üstüne goşup, ýüze çalmaly. Ýigrimi minutdan soňra ýuwmaly. Bu ýapgyny hepdede 1 gezek ulansaňyz hem bolar.
Ýapgy ýüzde bar bolan ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam edýär.
* * *
Bir banany ezmeli, bulguryň dörtden bir bölegine gaýmak guýup, oňa garmaly
we ýapgyny ýüze çalmaly. Ýapgyny 45 günüň dowamynda her 2 — 3 günden ýüze
ýapmaly we 30 minutdan soňra, mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýygyrtlaryň
emele gelmeginiň öňüni alýar.
* * *
Ýeralmany gaýnadyp, süle görnüşine getirmeli we onuň üstüne süýt bilen ýumurtganyň sarysyny goşmaly. Mylaýym wagty ýapgyny ýüze çalmaly we 20 minutdan soňra, ilki mylaýym, soňra sowuk suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýüzüň iýmitlenmegine we ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam edýär.
* * *
Gyrgyçdan geçirilen 1 çaý çemçe bulgar burçuna, 1 çaý çemçe gaýmagy we
1 ýumurtgany goşmaly. Garyndyny ýüze we boýna çalmaly, 30 minutdan soň ýuwmaly. Ýapgy deriniň iýmitlenmegine we ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam edýär.

Baha bermegi unutmaň!
2 лайков 236 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
08 авг 2021, 17:33
like