Käshirli hem-de Pyrtykally (Apelsin) ýapgy (gözellik üçin)
Käshirli ýapgy. Bu ýapgy ýüzüñ derisini iýmitlendirýär. Käshiri gyrgyjyñ ownuk gözünden geçirip, üstüne bir çemçe bal, bir ýumurtganyñ sarysyny guýmaly-da mazaly garmaly. Ýapgyny ýüzüñe, boýnuña çalmaly. 10 - 15 minutdan soñ mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmaly.
Pyrtykally (Apelsin) ýapgy. Bu ýapgy ýüzüñ derisini çyglandyrýar. Ýarty pyrtykaly gowy ýençmeli we üstüne 1 nahar çemçesi doragy goshup, lokgajyklar galmaz ýaly mazaly garmaly-da ýüzüñe, boýnuña çalmaly. 10 minutdan soñ mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmaly. Ýapgyny deriñ ähli görnüshleri üçin ulanmak bolýar.
Комментариев нет