Garagumyñ datly nygmatlary
ÝUWA - ir baharda ýetishýär. Witaminlere juda baý bu ösümligi çöl sogany diýip hem atlandyrýarlar. Ol naharda soganyñ ýerini tutsa, ishdä açarlara gök soganyñ deregine goshulýar.
ÝELMIK - iýilýän otuñ bir görnüshi. Geçmishde azyk gytçylygy bolanda ol çörek ornuna hem ulanylypdyr.
Hojamshükür hanymyz,
Ýuwa-ýelmik nanymyz,
Ýuwa-ýelmik gutarsa,
Niçik geçer halymyz -
diýip, halk döredijilik eserlerinde hem ýelmik ýatlanylýar. Witaminlere baýlygy üçin ol häzir hem iýilýär.
KÖSÜK - adatça çöl käshiri, çöl ýeralmasy hem diýýärler. Bahar aýlarynda ol terligine iýilýär.
ÇOMUÇ - dermanlyk ösümlik. Ony terligine hem iýýärler. Suwuny sykyp, toshap gaýnadýarlar. Ony saryýag bilen goshup, alaçaly ýag etseñ hem bolýar. Çomujyñ düýbünde ýylasha getirýän kömelegini hem seýrekläp alyp iýýärler. Ol edil ýeralmanyñ tagamyny berýär. Bereketli gelen ýyllarda ony kakadyp, gyshda gowrup iýmek üçin hem alyp goýýarlar.
GELIN KÖMELEK - baharyñ irki lezzetleriniñ biri bolan gelin kömelekleriniñ nämedigini hiç kime düshündirip oturmagyñ hajaty ýok. Ýöne çarwa obalarynda gelin kömeleklerini arassalap, ýukajyk kesip, duzlap gysh üçin kakadyp hem goýýarlar. Kakadylan kömelekler ýyly suwda biraz saklansa, ýene bashdaky terligine eýe bolýar.
GÖÝÜL - Garagumda köp dushýan dermanlyk ösümlikleriñ biri. Ýöne onuñ sähel ajy kakýan süýjümtik miwesi hem bar. Onuñ dashky gabygy göksowult, içki eti edil garpyz ýaly çog gyzyl bolýar. Göýüliñ miwesi bishensoñ, edil pagta gozasy ýaly açylýar. Göýüliñ miwesini towshanlardyr gushlar hem iýýärler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.