Okaň peýdasy deger

Ýüzdäki düwürtiklerden nädip gutulmaly

1. Hyýardan ýasalan maska.
Bular ýaly önüm adamyň derisine gowy siňýär we sowuklama hem täsir edýär. Ony ýasamak üçin 1 sany hyýary gyrgyçdan geçirip ýüzüňe basyrmaly. 20 minut geçenden soň maskany aýyryp ýüzüňi ýuwmaly.

2. Aloý gülüniň baldagy.
Aloý gülüniň ýapragy köp sanly kosmetologik problemalardan gutulmaga kömek edýär. Ony ýasamak üçin suwda gowy edip gaýnatmaly we bir sagada golaý sowaýança garaşmaly. Soňra onuň suwuny günde ýüzüňize çalyp bilersiňiz.

3. Zweroboý ösümliginiň ýagy.
1 litr banka ýarymyna çenli zweroboý gülünden doldurmaly we gowy edip ýençmeli, soňra üstünden günebakar ýagyny guýup doldurmaly, 10 güne golaý garaňky ýerde goýmaly. Wagt geçenden soň güllerini aýyrmaly emele gelen ýagy günde agşam ýatmazdan öň ýüzüňize çalmaly.

4. Kalenduladan ýasalan serişde.
Bu ösümligiň guran gülüni dermanhanalardan alyp bilersiňiz. Birazragyny (1 çemçe) ýarty stakan gaýnan suwda garmaly we bir sagada golaý sowaryna garaşmaly. Soňra bu serişdäni wagtal-wagtal ýüzüňize çalmaly.

Baha bermegi unutmaň!
3 лайков 181 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
08 авг 2021, 17:32
Like
Burnuň usdunde gara (mayda nokat)duwurdikleri näme ayyrya bileňokmy ony
Perishdejik
Автор 08 авг 2021, 19:53
Mähri,
ony ýumurtganyň agy bilen maska edip bilersiň, ýumurtganyň agyny gury salfetkaň üstüne goýup ýüzüňe ýapmaly gatyp maska ýaly bolýa soň biraz goýup aýyrmaly, ýöne menem edip gördüm muny biraz gidirýä hepdede 2-3 gezek etmeli. has bolmasada ýörite gara nokatlar üçin maskalar satylýa şoňam peýdasy bar
Mähri
08 авг 2021, 20:01
Perishdejik,
Yumurtganyň agy bilen gury kagyz salfetka bn men hem edip gordum, yone 1 gezek. hepdede 3 gezek etsem peyda edermika onna, arada 1 gezek etdim peydasy yok diyip etmän goydum soňra
Perishdejik
Автор 08 авг 2021, 21:08
Mähri,
dogry menem 1 gezek etdim soň etmäge ýaltandym 1 gezek edemdede biraz gidirýä ýöne soň ýene ertesi gün hemmese öňki-öňkilik bolup dur
Perishdejik
Автор 08 авг 2021, 21:09
Mähri,
meň pikirimçe gara nokatlar ýagly ýüzlerde bolýamyka diýýän meňem ýüzüm ýagly, meň jigimiňki gurak onyňkyda ýok
Perishdejik
Автор 08 авг 2021, 21:11
eger ýene şeýle maslahatlary tapsam goýaryn, meň pikirimçede meň başdaky salgy beren ýapgymam edip otyrma barybir ertesi gün şol öňki durkyna gaýdyp gelýär mundan dynma ýok
Ýury
08 авг 2021, 22:15
Perishdejik,
Lik