Dubaýda uçýan taksileri işe giriziler

Du­ba­ýyň hö­kü­me­ti uç­ýan tak­si mak­sat­na­ma­sy­nyň gaý­ta­dan baş­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Il­kin­ji ge­zek emir­lik­de uç­ýan ula­gyň işe gi­ri­zil­me­gi 2017-nji ýyl­da mas­la­hat­la­şy­lyp baş­lan­dy. Şon­dan soň il­kin­ji sy­nag­lar ge­çi­ril­di.
BAE-niň Prem­ýer-mi­nist­ri we Du­ba­ýyň emi­ri Mo­ham­med bin Ra­şid Al-Mak­tum uç­ýan tak­si­le­ri iş­läp düz­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Emir­li­giň hö­kü­me­ti tak­si­le­ri 2026-njy ýy­la çen­li işe gi­riz­me­gi wa­da ber­di. Gel­jek­de tas­la­ma­nyň aw­tor­la­ry tak­si­le­riň do­ly de­re­je­de sü­rü­ji­siz bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Uç­ýan EV-tak­si­niň nus­ga­ly­gy 2022-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da uç­ýan tak­si­le­riň işe gi­ri­zil­ýän­di­gi­ni mä­lim eden “Jo­by Avia­ti­on” ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­di. Ol ak­ku­mul­ýa­to­ryň bir zar­ýa­dy bi­len sa­gat­da 320 ki­lo­metr tiz­lik­de 240 ki­lo­metr­den gow­rak ýo­ly uçup ge­çip bil­ýär. Emir­li­giň ýol we ulag eda­ra­sy res­mi şert­na­ma he­niz gol çe­kil­män­di­gi­ni bel­le­ýär. “Jo­by Avia­ti­on” ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len tak­si go­laý­da Du­baý­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä hö­kü­met sam­mi­tin­de gör­ke­zil­di. Du­ba­ýyň Emi­ri “Twit­ter” ak­ka­un­tyn­da elekt­rou­ça­ryň ma­ha­ba­ty­ny ýer­leş­dir­di.
Du­baý uç­ýan tak­si­le­riň gon­ma­gy üçin ho­wa men­zi­lin­de, şä­her mer­ke­zin­de, eme­li Pal­ma ada­syn­da we Ma­ri­na se­bi­tin­de dört sa­ny “ver­ti­ports” gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Her bir “ver­ti­port” iki go­nuş meý­dan­ça­sy­na we EV-tak­si üçin zar­ýad be­ri­ji stan­si­ýa eýe bo­lar.
Ba­ha­lar ada­ty tak­si­ler­den has gym­mat bol­ma­ly däl. Du­baý­da tak­si bi­len gat­na­wyň iň pes ba­ha­sy, tak­my­nan, 3,25 dol­lar, ýo­luň her ki­lo­met­ri üçin bol­sa 5 dol­lar alyn­ýar. Des­lap­ky ha­sa­ba gö­rä, uç­ýan tak­si­ler üçin ba­ha­lar ada­ty bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 30% gym­mat bo­lar. Uç­ýan tak­si­ler Du­ba­ýyň çalt ös­ýän ila­ty­nyň köp aw­tou­lag gat­na­wyn­da uly ýe­ňil­lik dö­re­dip bi­ler. Şä­he­riň ýol­la­ryn­da ýur­duň beý­le­ki al­ty emir­li­gin­den ge­len­le­ri ha­sa­ba al­ma­saň, 1,8 mil­li­on­dan gow­rak ulag he­re­ket ed­ýär. “Uber”, “Air­bus” we “Kit­ty Hawk” ýa­ly beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar eý­ýäm bir­nä­çe ýyl bä­ri uç­ýan tak­si­le­ri ös­dür­ýär­ler, em­ma şu wag­ta çen­li hiç bir kom­pa­ni­ýa köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge baş­la­ma­dy.
1 лайков 64 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.