HADYSLARDA KESELIŇ SEBÄPLERI WE BEJERGI

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: «Allany zikir etmekligi
goýmaýan haýwany awçy awlap bilmez»­diýipdir. Sagdyn haýwany ýyrtyjy-
da, awçy­da awlap bilmez. Allany zikir etmekden aýrylmaýan beden hem
kesellemez. (Ylmy barlaglar, awlanan haýwanlaryň hemmesiniň hassa
bolandygyny görkezendir).
Hadysy­şeriflerde hassalyk barada şeýle diýilýär: «Bir kimsäniň yzly­yzyna
üç gije gyzgyny galsa, eneden doglan günündäki ýaly günälerinden
päklener».
«Gyzgynlygyň altyn we kümüşiň kirini arassalaýşy ýaly, guluň keseli
hatalaryny giderer».
«Az iýmek az günädir».
«Keseliňiziň günäler, dermanyňyzyň hem istigfardygyny unutmaň!».
«Hassalaryňyzy iýip­içmäge mejbur etmäň, Alla olary iýdirer we içirer».
Şu hadyslarda ýalňyş, günä we kesel sözleri şol bir manyda ulanylýandyr.
Diýmek bejergi almazdan ozal kesele äkiden ýalňyşlaryň barlagy zerurdyr.
Bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: ­Eý, Resulullah! Meniň tutgaýym bar. Meniň üçin Alla Tagaladan doga
edeweri­diýipdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
­Isleseň sabyr et, saňa J ennet berilsin. Isleseň, saňa şypa bermegi üçin
Alladan doga edip bereýin­diýende, ol aýal:
­Onuň ýaly bolsa, sabyr etjek­diýipdir.
Bu aýal, jennete derek Alladan hem şypa dilemändir, sabyr etmegi saýlapdyr.
Biz bolsa, iň kiçi birahatlykda, düzümini barlamadyk dermanlar bilen
gomeostatisi (organizmde kadaly şertleriň dowamlylygyny) baş­aşak edip,
operasiýa arkaly organlarymyzy aldyryp, jennedi umyt edýäris.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün hassany soramaga
baryp, onuň ýanyna iki sany tebibi getirýär we olara:
­Bu adamy bejeriň!­diýýär. Tebipler:
­Eý, Resul Alla! Biz jahylyýet döwründe derman taýýarlardyk, bejergi
bererdik. Yslamy kabul edelimiz bäri Allaha töwekgellik etmegi (boýun
bolmagy) saýladyk­diýýärler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
­Ony bejeriň!­diýip tabşyrýar.
Diýmek, hassalyga sabyr etmek we töwekgellik etmek (boýun bolmak) gowy
zat. Emma töwekgellik etmedikler (boýun bolmadyklar) üçin bejergi hem
dogrudyr, bir çykalgadyr. Emma bejergide: «Haram bilen bejergi etmek
bolmaz»­diýen hadysy­şerifi ýatdan çykarmazlyk gerekdir. («Lukmançylyk
dermanlary» we «Immunitet ulgamy» diýen bölüme serediň!).
Az iýmäge başlanlar bu hadyslardaky hakykata gysga wagtyň içinde
düşünerler.
1 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.