IMMUNITET ULGAMY

Immunitet bedeniň ýat maddalara, ýagny antigenlere garşy özüni
gorama ukubydyr. Bedene zyýan berip biljek ýa­da özünde ýörite
häsiýetlerini üýtgedip biljek her görnüş antigenleri (ýat maddany) tanap,
bedeni bulara garşy dürli goranmak usuly bilen goramak Immunitet
ulgamynyň esasy funksiýasydyr (wezipesidir).
Antigenlere mysal bolup, saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeýän iýmit, toksiki
madda, himiki we sintetiki derman ýaly jansyz maddalary, wirus, kömelekler,
bakteriýalar, mutasiýa bolup başlaýan genler we öýjükler ýaly janly organizmleri
görkezip bileris.
Immunitet ulgamy, bedeniň içindäki detally we dinamiki bir ar agatnaşyk
ulgamy ar kaly, millionlar ça tapawutly duşmany tanap, aýr yp bilmek we
ýatda saklamak ukybyna eýedir.
Immunitet ulgamynyň zyýanly maddalaryň (antigenleriň) bedene
girmesiniň öňüni alýan daşky we içki böwetleri bardyr. Daşky böwetlere
deri, dyrnak, gyl, kirpik, saç, göz, agyz, burun mukozasy, gözýaş fermentleri we der degişlidir.
Sagdyn bedende zyýanly maddalar daşky böwetlerde saklanyp galar we
olara içeri girmäge ýol berilmez. Antigenler daşky böwetlerden geçmegi
başaran ýagdaýynda, içki böwetler tarapyndan garşylyk görerler. Içki
böwetler janly antigenleriň köpelmesiniň we ýaýramagynyň öňüni alar ýa­da
olary ýok eder. Jansyz antigenleri bolsa, ýa neýtralizasiýa eder ýa­da daşary
zyňar. Mysal üçin, azyk bilen alnan zyýanly maddalar aşgazan ýa­da içegeleriň
immuna böwetlerini geçip bilmez. Fermentler bilen bölünip, zyýansyz edilýär
ýa­da izolýasiýa edilip gusmak ýa­da iç geçme bilen daşary zyňylar.
Içegelerden bagyra geçmegi başaryp bilse, bagyr fermentleri bilen ýok ediler.
Deri, dem alyş ýa­da bagyr arkaly gana geçse, gan böwedi bilen gabatlaşar.
Immunitet ulgamynda içki böwet hökmünde iň uly wezipelerden biri lenfosit
atly ak gan öýjükleriniň üstündedir. Şu linfositleriň bir bölegi antigenlere garşy
antikor öndürer. Antikorlar zyýanly maddalara (antigenlere) ýapyşyp, olary
aňsat bölünýän ýagdaýa getirer. Gandaky leýkositler bolsa, bölünmäge taýyn
ýagdaýa gelen şu antigenleriň daşyna dolanyp, olary ýok eder. Käbir linfositler
bolsa, gös­göni zyýanly maddalara hüjüm edip, daşyna aýlanyp ýuwudar we
ýok eder.
Immunitet ulgamy, geçirilen her kesel bilen birlikde oňa laýyk goraýyş
usulyny işläp düzer we muny ýadynda birnäçe ýyllap saklar. Şu maglumat
ene süýdi bilen çaga geçer. Immunitet ulgamy gaýtadan şol bir kesele ýa­da
antigen bilen gabatlaşanda, çalt we täsirli bir görnüşde reaksiýa berer.
Tebigatda milýonlarça tebigy antigen (saglyk ýagdaýyna laýyk bolmadyk
iýmitler, zäherli ösümlikler, zäherli mör­möjekler, mikroplar we şm.) bardyr.
Adam bedeninde şu antigenleriň her birine garşy antikor öndürilýändir.
Immunitet ulgamynyň antigenlere (duşmanlara) beren reaksiýasy ýeterlik
derejede täsirli bolsa, her dürli ýagdaý, kesellik, bakteriýaly ýa­da himiki
hüjüme garşy goraýyşy üpjün ediler, ýeterlik täsirli bolmasa, allergiýa dörär.
Ilkinji döwürlerde bedeniň antigenlere beren her dürli reaksiýasy «allergiýaly
reaksiýa» görnüşde atlandyrylýardy. Bu tebigydyr, çünki, öňler gündelik
durmuşda emeli ýa­da sintetiki antigenler bolmandygy sebäpli immunitet
ulgamynyň reaksiýalary hem adatyň daşyna çykmaýardy. Ýöne häzirki
döwürde iýmitlerde 3000­den köp himikat bardyr we bir ýylda alnan diňe bir
pestisidiň mukdary 1,81 kg­dyr. Munuň bilen birlikde immunitet ulgamynyň
hiç bir şekilde tanamaýan sintetiki goşundy maddalary we GDO önümleri
ulanylýandyr. Şu görnüş antigenlere garşy immunitet ulgamynda häli­häzire
çenli bir goranma programmasy ýokdur. Immunitet ulgamy şu antigenleriň her
birine garşy aýry­aýry we dolulygyna täze goranma strategiýalary işläp
düzmäge mejburdyr. Şu goranma strategiýalary tebigy antigenlere garşy görkezilen reaksiýalara meňzemeýänligi üçin «allergiýaly reaksiýa»
görnüşde däl­de, «kesellik» görnüşde kabul edilýändir.
Bu ýerde immunitet ulgamynyň işini kynlaşdyrýan beýleki bir faktor hem
azyk we beden ideg etme senagatynda ulanylýan goşundy maddalarynyň
müňlerçe tapawutly wersiýasynyň bolmagydyr. Şu goşundylar dowamly
görnüşde täzelenýändir we täzeleri goşulmaga dowam edýändir. Şu hem
ýetmeýän ýaly, dürli­dürli kombinasiýalar görnüşinde ulanylýandyr.
Häzirki döwürde çaga we ýaşlardaky allergiýanyň iň uly sebäbi
sanjymlar we GM goşundy maddalary, ýetginjeklerde bolsa, kortizon,
androgen, estrogen we insulin ýaly belok gurluşly rekombinant DNK
dermanlardyr. Şeýle­de käbir dermanlar (antibiýotikler, salisilatlar we şm.) öz
gurluşynda belogyň ýokdugyna garamazdan, bedendäki belok bilen birleşip,
özüni belok ýaly alyp barar we immunitet ulgamynyň goranmasyny ezer.
Allergiýa bejergisinde umuman, allergiýaly reaksiýany aktiw bir görnüşde
depeleýän kortikosteroidler (kortizon ýaly) we antibiýotikler ulanylýar. Ýöne
allergiýanyň täsirini peseltmekde ulanylýan şu hili dermanlar immunitet
ulgamyny bozup, has çuň we has güýçli allergiýalara ýol açýar.
Allergiýa garşy derman ulanmagyň nähili ullakan bir gapma­garşylyk we
çözgüt getirmeýän ýagdaýlaryň gaýtalanmasy boljakdygyna has gowy düşünip
bilmek üçin allergiýanyň hereketini gözden geçireliň:
Bedende metaboliki zyňyndylar (antigenler) ýygnanan wagty gyzgynlyk
beýgeler we gandaky leýkosit sany artar. Gyzan gan we leýkositler metabolik
zyňyndylary aňsatlyk bilen böler we burun akmak, üsgürmek, asgyrmak we
derlemek bilen bedenden daşary zyňar. Margarin, gidrogenerirlenen ýag,
goşundy maddalary ýaly sintetiki çeşmeli zyňyndylar bolsa, bedenden diňe
iriň, örgün we çybanlar arkaly daşary zyňylyp bilner.
2 лайков 188 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.