Siriýa iç urşy - Gysga ýazgyda

Şuwagt bilşiňiz ýaly Siriýada gutarmaýan bir uruş gidip dur. Has dogrusy bu iç uruş. Indi näme üçin başlady bu uruş ? Kimler uruşýarlar, näme üçin uruşýarlar, haçan başlady ? Arap bahary diýilip atlandyrylan zat näme ? Umuman bu ýazgyda hemmesine aňsat dilde gysgaça degip geçeliň.
2010-njy ýylda ençeme Arap döwletlerinde gozgalaň başlaýar. Sebäbi bilşimiz ýaly Arap döwletlerinde ynsan haklary we erkinlik ýokdy.
2011-nji ýylda Sudanda, Omanda, Müsürde, Saud Arabystanda, Mowritaniýa, Siriýa, Yrak, Marokko, Bahreýn, Eýran, Liwiýa, Kuweýt, Günbatar Sudanda yzygyderli aýaklanmalar, gozgalaňlar başlady. Müsürde has erbet, ganly gozgalaňlar başlady, döwlet we polisiýa binalary ýakyldy, türmeleri basyldy, protestolar tutuş ýurda ýaýrady, we iň soňunda-da ýurdyň goşuny hökümeti agdaryp häkimiýeti ele aldy. Şuwagdam Müsüri şo harby agdarlyşyk bilen ýykan hökümet alyp barýar. Jemi 875 adam ölýär. Ýemende bolsa 7.000 adam ölýär. Umuman Arap bahary şu gozgalaňlardyr.
Ine şu zatlar bolup durka Siriýa we Yrakda bolsa iç uruş çykdy. Eýleki ýurtlarda gozgalaňlar ýatsada Siriýa-da şondan bäri dowam edip duruşy.
Siriýada ilkinji gozgalaň 2011-de çykdy, we gozgalaňlar derrew ulalyp ýaragly uruşlara öwrüldi. Gozgalaňçylar baran ýerlerini ýakyp barýardylar, hökümet "alarma" geçip goşuny goýberdi gozgalaňlary basdyrmak üçin. Esgerlerem halka ot açdy, al onda saňa hasam erbet gozgalaňlar. Gozgalaňçylar polisiýa merkezlerini basyp işgärleri öldürip, ölüm jezalary berýärdi. Bu zatlar bolup durka gozgalaňçylaram özara uruşa başlaýar. Soňra 2012-de ÝPG terror topary döreýär we bular şäherleri basyp alyp başlaýar. Şuwagt Amerika ÝPG-ny goldap ýurtda bolup ýör. Uruşlar ýatman soň ýurdyň hökümeti Beşşar Esad harbylyga basgy etýär, bulam köp esgerleriň gaçmagyna we köpüsiniň gozgalaňçylara goşulmagyna sebäp bolýar. Işiň işi gaýdyp barýardy, bu zatlara soň has uly we meşhur terror topary bolan IŞID goşulýar. Bularam özüçe häkimiýet gazanmak üçin şäherleri gabap asyp-kesip başlaýar. Köp topary ýeke özi dagatýar. Hökümet has ejizleýär we hökümede Russiýa kömek berýär, netijede Russiýa Siriýa girýär. Hökümet we Rus goşuny bile köp ýerleri täzeden gazanyp başlaýarlar. Bu zatlar bolup durka Amerika durarmy ? Olam ÝPG kömek berip girýär Siriýa. Ençeme çaknyşyklardan soň hökümet köp ýerini gazanýar. 2017-nji ýylda IŞID has ejizleýär we ýurtdan çykarylýar. Kürt, Türkmen, Arap toparlaram özüçe goşun gurup urşa başlaýar. Bu zatlar bolup durka uruşlar Türkiýe serhedine çenli gelip ýetýär. Türkiýe serhedine bombada düşüp ugraýar, Türkiyede "Atmaňow göleler" şeklinde girmezmi Siriýa. Türkiýe ÖSO toparyny goldap Siriýada urşa başlaýar.
Umuman käbir zatlar üýtgesede uruşlar şuwagtam şeýle dowam edip dur. Bolan ýenede halka boldy. 2016-nyň hasaparyna görä 470 müň adam ölüpdir. Müňlerçe günäsiz çaga öldi. Millionlarça kişi başga ýurtlara göçdi. Näme diýipdir Paul Sartre "Uruşy baýlar çykarar, garyplar öler"
2 лайков 381 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
09 янв 2022, 19:25
Цитата: Shahrukh khan
Цитата: Liwerpul_fc
Temadan daşary sorag: -Gülen ölüpdir diýdiler weli,çynmyka?


bar eshitdim gulup gulup gyrlanlar. yone sen nama gulenini bilelile?

Fethullah Gülen diýýän :)
Hanguly
Автор 09 янв 2022, 19:25
Цитата: Shahrukh khan
Цитата: Wlad
Shahrukh khan,
Amerika Ruslar bolany üçin bize girip bilenokmy ? Ilki bilen Amerikanyň bu ýerler bilen köp işi ýok, hem gozgalaň bolmaýandygynyň sebäbi ruslar däl, ruslary sokaslary gelenok indi. Azerbeýjana hasam. Ho günjek Türkleriň birleşiginiň ýygnagy boldy, Russiýa begenendir öýtýäňmi şoňa ? Modura meselesä wapşe, goşulmasyn Russiýa, Modura diýilýän adamyň nähilidigini bilýämiň sen ? Halk oýnamana gozgalaň etýändir öýtýäňmi ? Ukraýina meselesine gelsek Ukraýina Russiýanyň gurjagy bolmakdan ýadady, näme diýse gizlin şekilde Russiýanyň eli bardy. Şo sebäpli Ýewropa ýanaşyp ugrady. NATO girjek derejä geldi eger giräýse kim bilýär nämeler bolar. Russiýanyň agentleriniň öldüren ýüzlerçe hatda müňlerçe žurnalistdyr wekilleri näme ? Umuman bular eden işini aktiw edýär şo sebäpli günäsiz ýalydyr


hazir hokman ya ruslara yada amerika garashly bolmaly. eger amerika diresen ruslar gysya seni ruslara diresen amerikanlar gysya seni. sende 2 yol bar ya rus ya amerika. hazir sheyle boldy. biz daje oz gazymyzam russiyanyn usti bn satmaly. azerbeyjanyn usti bn yewropa satjak bolanymyzdada ruslar goldanok. garaz name etjek bolsanam bir tarapynda ya ruslar ya amerikanlar bolaymaly. bolmasa Liwiya Siriya Yrak yaly gune dushyas

Şonuň bolmazlygy üçin ösmek gerekdä, meselem Türkiýä seret, iki tarapada ýüzem berýär ýüzem berenok, ýagny ikisinem deň alyp barýar zato ikisem çekinýãr
Shahrukh khan
09 янв 2022, 19:26
Wlad,

shu turklerde ayal bolup dogulsana bagtyn getirdgi. olarda "Kadin jenayaty" barda "Erkek jenayaty" yok. nowostilerini gorsena turkde ayallar azalyp barya dine ayal uruldy dine ayal dowuldi parasini chaldilar sholar yaly zatlar
Shahrukh khan
09 янв 2022, 19:27
Wlad,

yurdy dolandyrmakda Shawkat Mirzoyewin dolandyryshyny halayan.
Hanguly
Автор 09 янв 2022, 19:31
Shahrukh khan,
Aýdyşym ýaly deňsizlik ýokda, ynanylmaz şekilde jahyllar köp haýran galarsyň. Aýallarada düşünmek gerek ilki, sähel bir zat bolsa aýal öldürýänler bar. Anyk kanun ýok diýýänim şo sebäpli, çykarsyn ölüm jezasy hany etýälermi soň. Bir tarapdanam aýallary mal, "erkekler ölsün", "erkekler zyýan", "erkekler ýok bolmaly" ýaly zatlar diýip ýörenler bar. Bak okasaň haýran galarsyň, ýene aýala erbetligi aýal etýär. Bak ýurtda "meni kösedi" diýip töhmetem ataýsalar gutardyň sen, a tak müňlerçe töhmet bar ekeni habarlarda görkezenok ekeni. Umuman mal ýurtlaý bir tarapdan, öz ýurduňdan gowsy ýok
Hanguly
Автор 09 янв 2022, 19:31
*deňlik
Shahrukh khan
09 янв 2022, 19:35
Wlad,

turkler gaty kelleli hereket etdi. onler amerika bn bir bolup ustunden yarag gecirdip pul ishledi. hazir orslar bn bir bolup ustunden gaz gecirdip indi pul ishlap otyrlar. turkler 2024den son hasam osyar sebabi oz baylygyny satyp bashlayalar. hazir ondan alyp ona satyp ustunden zat gecirdip turistlerden gelyan pullary olary osushe getirdi. mustafa kemal ataturkin "100 yyllap baylygymyza el degirmeli dal" diyip gol chekip gidipdir. hazir 98 yyl boldy yene 2 yyldan Amerika Russiya Hytay Germaniya yaly gigant dowlete owrulya
Hanguly
Автор 09 янв 2022, 19:39
Shahrukh khan,
Hawwa dogry, gaty köp ýerde görkezildi tebigy gaz tapdylar, demir ýollary ulanyşyga goýberýärler, kosmosa adam ugratýalar zat diýip. Ärdogany şonuň üçin öwdüm men
Shahrukh khan
09 янв 2022, 19:39
Wlad,

ayallary olduryandikleri we uryandyklary bashga bir medenyetden habar beryar. musulman medenyetinde ayala el galdyrmak ya oldurmek goldanylmayar. sho ucin oz yurdumyzyn adamlaryndan ayyrmasyn. entek bizde sylashyk olmedi yykylsan galdyryanlar kop bizde
Aýnur
09 янв 2022, 21:15
Gazaklaňky näme diysene... cilimkesh
Leyli Amanowa
09 янв 2022, 22:25
Goşuljak däl