Bäşinji plita ýazgysy (3-dowamy)

ENLIL, ENKI, NINMAHYŇ SÖÝGI ÜÇLÜKLERI

Indi bu hekaýa Enki, Enlil we Ninmah dagylaryň söýgi, duýgulary we jübütleşikleriniň we ondan dogan ogullar sebäpli bolup geçen wakalar hakynda aýdylýar.
Üç ýolbaşçy Anunyň perzentleridir; enebaşga perzentler bolup dogulypdylar. Ilkinji ogly Enki; ejesi Anunyň gyrnagydy.
Anunyň ejesi Antudan doguldy Enlil; şeýdip mirasdüşer boldy. Ninmahy doguran hem başga bir gurnakdy; iki erkek doganyň öweý gyz jigsidi.
Anunyň birinji gyzydy, ady we lakamy Ninmah şol manyny berýär. Ol örän owadandy, akylly we köp zady bilýärdi we köp zady çalt öwrenýärdi. O wagtlar Enkiniň ady Eady, Ea lakamyndaka Enkä ýan-ýoldaş edip saýlapdy Ninmahy Anu. Şeýlelikde olaryň perzentleri mirasdüşer bolup galmalydy. Ninmah bolsa atylan daş ýaly serkerde Enlile göwün beripdi. Başdan çykarypdy Enlil ony; ýatgysyna tohumyny akydypdy; Enlilden bir ogul dogurdy Ninmah, adyny Ninurta diýip bilelikde goýdular.
Anunyň bu bolan zatlara gaty gahary geldi, Ninmaha durmuşa çykmazlyk buýrugy bilen jezalandyrdy.
Anunyň buýrugy bilen aýaly boljagyndan mahrum boldy Ea; onuň ýerine Damkina atly bir şagyzyna öýlenipdi. Bir ogly boldy, adyna Marduk dakdylar, sap arassa ýerde dogulan diýen manyda.
Ninmahyň Enlilden bolan ogly bolsa olar durmuş gurmazdan dogulandy, indi Enliliň ýanynda ýoldaşy ýokdy. Nibiruda däl-de Ýerdekä ýan-ýoldaş saýlap - seçjekdi.

ÝERDE ENLIL BIR GYZ BILEN SÖÝÜŞÝÄR

Bu hekaýada bolsa eýe bolmaklygyň, sürgün edilip kowulmagyň we ötünç soradan söýgüni; ene başga doganlaryň, beýleki ogullaryň dogulmaklygy hakynda bolup geçýär... Ýerde Ýaz pasly höküm sürýärdi. Enlil sedir baglygyndaky tokaýlyga barypdy.
Ninmahyň ýaş goşunlaryndan gonuş ýerine ornaşanlaryň biri bir sowuk dag pynaryna ýuwunýardy. Sud owadanlygy we özüne çekijiligi bilen Enlili jadylady, Enlil ony sedir bagyndan edilen öýüne çagyrdy. ''Gel, men saňa Nibiru miwesiniň şerabyndan hödür-kerem edeýin'' diýdi ýaş gyza. Sud kabul edip Enliliň öýüne girdi. Enlil oňa bir bulgur şerap guýup berdi. Sud içdi. Enlil hem içdi. Gyzy aldatjak boldy. Islänokdy ýaş gyz: ''Men heniz kiçijek gyz, bular ýaly zatlary bilemok'' diýdi Enlile. Enlil Sudy kömekçi boldy. Islänokdy ýaş gyz. ''Dodaklarym näzikdir, hiç kime ogşatdyrmaryn'' diýdi Enlile.

ENLIL SÜRGÜN EDILÝÄR

Enlil gülüp gujaklady gyzy, gülüp ogşady gyzy we onuň ýatgysyna tohumyny goýberdi. Suduň serkerdesi bolan Ninmaha aýdyp berdi bu ahlaksyzlygy. Ninmah Enlile ''Bu eden işiň üçin höküme çekilersiň'' diýip gaharlandy. Elli Annunakiniň huzurynda ýygnandy höküm çykaryjy ýediler. Höküm çykaryjy ýediler Enlile şeýle jezany berdiler. Enlil bütin şäherlerden kowulmaly, yzyna bu diýarlara dolanyp gelmez, sürgün edilsin diýdiler.

ENLIL ENKINIŇ SARSDYRYJY, ÝOK EDIJI ÝARAGLARYNYŇ BUKULUP GOÝLAN ÝERINI TAPÝAR

Bir gök asman otagyna mündürip gonalga ýerden ugratdylar ony; ýolbeledi Abgaldy. Barsa gelmez diýaryna äkitmelidi Enlili, ol indi asla yza dolanyp gelmez edilipdi.
Ikisi Gök otagynda ýola rowana boldylar. Ugurlary başga diýarlar bolmalydy. Gorkunç daglaryň edil ortasynda ýol aldylar, başga bir diýardy ugurlary...
Abgal gök otagyny gorkunç daglaryň ortarasynda sessizlik ýere gondurdy: ''Seniň galmaly ýeriň şu ýer'' diýdi Abgal Enlile. Soňra bolsa: ''Belkäm bu ýeri men saýlap almadym, Enkiniň bir gizlin syry bar, şu ýerde. Sarsdyryp ýok etýän ýaraglary şu golaýdaky gowaklaryň birinde bukulyp goýlan. Alalunyň asman ulagyndan çykarlypdy ol ýaraglar. Ýaraglary sen al, bu ýaraglar bilen erkinligiňi gazanyp bilersiň'' diýdi. Abgal serkerdesi Enlile Enkiniň syrlaryny şeýdip açdy. Abgal bu ýerden daşlaşdy we Enlil şol ýerde ýeke galdy. Edinde Sud serkerdesi Ninmaha baryp şeý diýdi: ''Enliliň tohumyndan göwreli boldum, Enliliň perzendi içimde galdy.

SUD ENLILI ÄRI HÖKMÜNDE KABUL EDENINDEN SOŇ ENLILIŇ GÜNÄSI GEÇILÝÄR

Ninmah Suduň buz sözlerini Enkä aýdyp berdi; ''Näme-de bolsa Ýeriň hojaýynydy Enlil! Ýerde iň ýokary derejeli bolandy ol! Sudu höküm çykaryljak ýere çagyrdylar we: ''Enlili äriň hökmünde kabul edýärsiňmi'' diýip soradylar. Sud razylygyny aýtdy. Bu sözler Abgal tarapyndan Enlile ýetirildi. Suda öýlenmek üçin yzyna dolanyp bardy Enlil. Şeýdip Enki we Ninmah ony bagyşladylar. Enliliň resmi aýaly hökmünde yglan edildi Sud; ''Ningil'' buýruk berýän hanym lakamyny aldy. Soňra bolsa Ninlil we Enliliň bir ogly boldy. Ninlil oňa Nannar adyny berdi, parlak diýen manyda. Ýerde ýatga düşen ilkinji Anunnakidi ol. Nibirunyň nesilşalygyndan başga bir planetada doglupdy. Enki Ninmaha şeýle diýdi: ''Gel Abzuda meň bilen bol''.

ENKI NINMAH BILEN BIRLIKDE ÝAŞAÝAR


Abzunyň merkezinde, arassa suwlaryň ýerleşen ýerinde bir mesgeni bina etdim. Ady kümüş bolan parlak bir metal bilen gapladym, goýy mawy bir daş bilen lajiwertden bina etdim. Gel Ninmah meň bilen bol, Enlile göwün berme indi. Abzu tarap ýola düşdi Ninmah. Enki oňa duýgulandyryjy sözler diýdi, biri-birleri üçin ýaradylandyklaryny aýdyp gulagyna şirin-şirin sözleri pyşyrdady.
Sen integem meň söýgülimsiň diýdi Enki oňa. Ony gujaklady, öpdi ogşady. Tohumyny Ninmahyň ýatgysyna guýdy. Ogul dogrup ber maňa, ogul dogur maňa diýip haýkyrdy. Ninmah tohumy ýatgysyna aldy, Enkiniň tohumyndan göwreli boldy. Ýeriň bir aýy Ninmah üçin Nibirunyň bir güni ýalydy. Bäş alty we ýedi, sekiz, aý güni tamamlandy; eneliginiň dokuzynjy sanynda Ninmahyň dogum sanjysy tutup başlady...

ENKININ OGLY BOLANOK

Bir perzendi boldy; täze doglan çaga gyzdy. Abzudaky derýanyň gyrasynda Enki we Ninmahyň bir gyzy doglupdy. Enki gyz perzendini görüp gaty gynandy. ''Öp kiçijek gyzyňy'' diýdi oňa. Weziri Isimuda dert düşdi: ''Öp kiçijek gyzyňy diýdi maňa. Bir oglan çaga isleýän. Enebaşga gyz jigimden dogan bir oglum bolmaly. Soňra ýene öpdi Ninmahy, ýene söýüp gujaklady, tohumyny onuň ýatgysyna guýdy.

NINMAH NÄLET OKAÝAR

Ninmah ýene göwreli boldy; Enki ýene bir çagajyk dünýä inderdi. Bir oglum bolmazmy senden diýip haýkyrdy Enki. Ýene-de öpdi Ninmahy. Şonda Ninmah Enkä nälet okady.
Ninmah näme iýip-içse garny agyrýardy, agzy agyrýardy, dişleri agyrýardy, elleri-aýaklary agyrýardy. Anunnakiler Ninmaha Isimudy ýolladylar. Çäre tapsyn diýip ýalbardy. Enki elini galdyryp Ninmaha golaýlaşmajakdygy hakda ant içdi.

ENKI AÝALY DAMKINANY ÝERE ÇAGYRÝAR

Ol ýuwaş-ýuwaşdan syrkawlyga çäre tapdy. Enkini näletden halas etdi. Edine dolanyp bardy Ninmah. Ol indi asla durmuşa çykmajakdygy hakda Anudan perman gelipdi.
Enki aýaly Damkinany ogullary Marduk bilen gelsin diýip Ýere çagyrdy. Oňa Ninki ''Ýeriň hanymy'' diýen lakamy berildi.
Ondan we bäş sany gyrnakdan (jarýe) bäş sany ogly ýene bardy Enkiniň. Atlary şulardyr: Nergal we Gibil, Ninagal we Ningişzidda; iň kiçileri bolsa Dumuzi...

ENLIL OGLUNY ÝERE ÇAGYRÝAR

Enlil we Ninmah ogullary Ninurtany Ýere çagyrdylar. Enliliň aýaly Ninlilden bir ogly ýene doguldy. Nannaryň öz jigsiniň ady Işkurdy.
Jemi üç ogly bardy Enliliň; olar gyrnakdan dogulmadykdy. Şeýlelikde iki taýpa emele geldi Ýerde. Aralaryndaky gatnaşyklar bolsa barha söweşlere iterýärdi.

ALTYNY ÄKITMEK ÜÇIN ŞERT DÖREDILÝÄR

Indi bu hekaýat Igigileriň gozgalaňynyň, täleý tabellerini ogurlandygy üçin Anzunyň nähili öldürilýändigi hakynda bolar. Ýeriň damarlaryndan çykarylan altyn Abzunyň gonalga ýerine daşalýardy. Ol ýerden Igigiler tarapyndan roketa gämiler bilen Lahmudaky (Mars) aerodroma daşalýardy.
Lahmu planetasyndan bolsa metal gök ulaglaryň üsti bilen Nibiruna äkidilýärdi.
Nibiruda altynlar inçejik tozga bolýança böleklenip atmosferany goramak üçin ulanylýardy. Gökdäki gädik ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýardy. Nibiru halas edilýär. Edinde bäş sany şäher binýat edilipdi. Enki Eriduda ýagty mesgen gurupdy, topragyň üstünden göge çenli beýgeldipdi başyny. Edil dag ýaly ýerden göge diräp durdy. Amatly ýerde gurupdy şol binany. Aýaly Damkina şol ýerde ýaşaýardy. Ogly Marduka şol ýerde ylym-bilim öwredýärdi Enki. Enlil Nibru-kide ýer gök bagyny gurupdy. Ol göräýmäge beýik kaşaň ymaratdy. Edil ortasynda asmana direýän we göge uzanan uzyn bir sütün, düňderilmez ýaly platformaň üstünde gurlupdy. Enliliň sözleri ol ýerden bütin ýerleşenlere esdilip durýardy. Lahmuda we Nibiruda hem eşidilýärdi. Ses tolkunlar şol ýerden beýgelip bütin diýarlara eşdilip durýardy...
Gözleri bütin diýarlary barlaýardy. Agyrlygy belli bolmadyk zadyň ýakynlaşýandygyny aýdyp durýardy. Beýiklikdäki öýüň ortasynda täje meňzeş bir otag bardy. Örän uzakdaky göklere gözegçilik edip durýardy. Hemme ýere seredýärdi gözi, gögüň başujyndaky nokadyna dogry ýetýärdi. Mukaddes garaňky otagda Gün maşgalasynyň on iki nyşany yşaratlandyrylan görnüşdedi. MEler üstüne Gün we Aýyň, Nibirunyň we Ýeriň sekiz Gök taňrynyň gizlin formalary bellenilipdi.


(dowamy bar)

Zakariýa SEJIN

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.