Erbetligi Taňry isleýärmi? II

ERBETLIGI TAŇRY ISLEÝÄRMI? II

Gurakçylyk, gahatçylyk, ýer-titreme, kynçylyklar, dert-aladalar, keseller, bela-beterler ýaly adamyň güýjüniň we erk-ygtyýarynyň çäginden daşarda bolup geçen hadysalaryň döreýşiniň düşündirilişi köplenç diýen ýaly adamlary kanagatlandyrmaýar. Tebigy erbetlik problemalary ahlak erbetligi problemasyna görä has çylşyrymly we çekişmä açykdyr.
Gadymy Gresiýadan biziň günlerimize çenli dürli pozisiýalardan meseläni jedelleşen akyldarlar kämahal biri-birleriniň üstüni ýetirýän, kämahallaram biri-birlerine çapraz pikirleri orta goýupdyrlar. Ilki musulman dünýäsine ser salalalyň. Eşariler we mutezililer (şol sanda olara ýakyn maturidiler) Taňry göz öňüne getirmelerinde iki dürli düşünjä wekilçilik edipdirler. Eşarileriň pikirine görä tebigy hadysalaryň sebäplerini bilmek mümkin däl. Taňry öz mülkünde islän zadyny etme ygtyýarlygyna eýedir. Onuň işlerinden bir hikmet, bir maksat gözlenmeýär. Adamyň eradasy Taňrynyň eradasyndan özbaşdak däldir. ''Adam-şemalyň ugruna galgaýan gury ýaprak mysalydyr diýen Jebriýäniň sözi muňa pikirdeş jümledir. Mutezile älem-jahandaky erbetlikleriň adalat zemininde okalmagynyň gerekdigini, şeýle-de hiç bir erbetligiň Taňra ýöňkelip bilinmejegini öňe sürýär. Olar erkin çemeleşmeleri halaýar, adamy adam eden we erada kylan barlykdyr, hususanam eden erbetligiň özüňkidir diýýär.
Kelamçylara we pelsepeçilere görä: Türk alymy Maturidi ýagşylygyň we ýamanlygyň biri-birine eriş-argaçdygyny aýdýar we bu ýagdaýy Taňrynyň beýikligi bilen baglanyşdyrýar. Onuň pikiriçe islendik zat sap arassa bolmaýşy ýaly, sap erbedem bolup bilmez. Tebigy hadysalar, heläkçilikler, alada-gaýgylar diňe synagdyr, olarda bu dünýä we o dünýä dahylly hikmetler bar. Ilkinji yslam filosofy Kindi ''Älemdäki düzgün nyzam onuň ýaradanyň hikmetine yşarat edýär'' diýýär. Faraby metafiziki erbetligi kabul etmeýär, ol ''älemiň iň gowy şekilde ýasalandygyny, onda kemçiligiň we adalatsyzlygyň ýokdugyny aýdýar. Farabynyň pikiriçe: ''Älem bir kosmosdyr (haosa garşy, kemçilikler) birligi we bitewiligi aňladýar''. Ahlak erbetligini bolsa Faraby adamyň beden taýdan kemala gelşine we bu bedeniň düzgüne laýyk hereket etmeýänligine we adam eradasyna baglanyşdyrýar. Ibn Sinanyň kesgitlemesi şeýle: ''Eger älem içersine ýagşy-ýaman zatlaryň meýdana geljek hem-de ol ýerdäkilerden, hem-ä dogrulygyň, hemem pisatçylygyň emele gelýän gurluşynda döremedik bolsa, älemiň düzgün-nyzamy asla doly bolmazdy. Çünki bu älemde diňe dogrulyk bar bolan bolsa, bu älem däl-de, başga bir älem bolardy we häzirki gurluşyndan başga bir gurluşda bolmaly bolardy''. Ibn Raştyň pikiriçe, erbetlik hudawy eradanyň we adalatyň amala aşmagynda bir serişdedir. Gazaply ''Hazirki bolşundan has gowy, has doly we has ajaýyp zat mümkinçilik dahylynda däldir'' diýip, bolup-geçýän hemme zady bitewiligini üstüni dolduryjy hasaplaýar. Bu çemeleşme yslam düşünjesinde ''bolşundan has gowusynyň bolmagy mümkin däl'' görnüşinde giňden ýaýrapdyr.
Tasawwufyň çemeleşmesi: Wahdeti-wujut (barlygyň birligi) düşünjesiniň öňbaşçysy Ibn Arany ýagşylyk bilen ýamanlygyň düşündirişini rahmet düşünjesi bilen kesgitleýär. Barlygy tapma, aýan bolma onuň rehmetiniň tejellisidir. ''Rahmetim barça zady gurşap alandyr'' aýatyndaky rahmetdir bu. Erbetlik bolsa gowulygyň ýoklugyndan döreýär''. Adamyň edýän işi gowy ýa-da erbet tapawudy ýok, onuň nebsiniň mowesidir, emma külli nebisler ylahy nebis bilen baglanyşyklydyr'' diýýär. Söhbetimizi soňra dowam ederis.


Aýşe SUJU ''SÖZCÜ'' gazet.
19.10.2020.
kitapçy.ru
1 лайков 20 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.