Erbetligi Taňry isleýärmi? III
ERBETLIGI TAŇRY ISLEÝÄRMI? III
Izmir ýer titremesi jigerlerimizi paralady. Ýitiren adam pidalarymyza rahmet dileýärin. Hemmämize geçdigi bolsun. Ýene bir gezek şaýat bolduk: bizi ýer sarsgynlary däl-de, ýer sarsgynyna çydamsyz binalar öldürýär. Bular ýaly heläkçilikleri Taňra ýöňkemek ýa-da ýer sarsgynynda bolşy ýaly pespaýa dil bilen meseläni adamlaryň hüý-häsiýetine, geýnişlerine, zyna, spirtli içgilere baglanyşdyryp ''Taňry jezalandyrýar'' diýen ýaly wagyzlary etmek erbetligiň aňrybaşydyr. Şeýle çemeleşmede gezýänlere garaň: tebigaty bilenok, tebigatyň kanunlaryny we işleýşini bilenok, fizikadan ýa-da inženerçilikden başy çykanok, ýer sarsgynlarynyň iň köp bolýan Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň ýeten üstünligini bilenok, emma hamala dini bilýärmiş, hamala Taňryny bilýärmiş. Dine näme ýamanlyk ýeten bolsa, şular ýaly jahyllardan ýetdi. ''Jahyllardan ýüz öwür'' aýatyny ýatladyp, üç hepdeden bäri üstünde durmaga çalyşýan erbetlik problemasyna dowam edeliň.
Hristiýan teologiýasynda erbetlik: Dini taglymat bu dünýäniň gurat maşyn ýaly saz işleýändigini öňe sürýär: hemme zat bolmalysy ýaly we belli bir maksada gönükdirilendir. ''Düzgün-nyzam we maksat'' delili teist kesgitlemeleriň iň möhüm tutarygydyr. Hristiýan teologiýasynyň düýbüni tutujy hasaplanýan Awreliý Awgustyň gopotezalary-da iki hepde öň üstünde durlan musulman teologlaryndan üýtgeşik däldir. Ol şeýle diýýär: ''Ýagşylyk-barlygyň çöwre ýüzüpdir, ýagny, ýagşylyk barlykda geldi-geçer zat bolup bilmez. Barlyk-hakykat bolşy ýaly-da gowudyr we barlyk diýmäge mynasyp bolan diňe Taňry bolandygy üçin hökmany suratda Taňra gowudyr. Erbetlik barlykda baglanyşykly däldir, ýagny, hiç bir närse erbet bolman, hemme zat älemdäki hudawy garmonynyň bir parçasydyr.
Günbatar pelsepesiniň görnükli wekili Leýbnis teodiseýa meselesinde filosofik we teologik hakykatlaryň biri-biri bilen çapraz gelmeýändigini öňe sürýär.
Leýbnisiň pikiriçe Taňry hemme zadyň iň gowusyny saýlapdyr: ''Bolup biläýjek dünýeleriň iň gowusy hemme zada Kadyr Taňrynyň saýasynda bilnipdir, röwüşsiz gowusyny döredip bilmeginden ötri ýaradylmaga saýlanan we hemme zada güýji ýetmesi bilen emele getirilipdir'' kesgitlemesi yslam dünýäsiniň görnükli wekili Ymam Gazalynyň pikiri bilen meňzeşlik berýär. Jöhit jemagaty tarapyndan aforoz edilen (çetleşdirilen) we ''Etikasy'' bilen tanalýan Spinozanyň gelen netijesi bolsa Ibn Sinaňkydan tapawutly däldir, ol ''Närseler Taňry tarapyn ýaýradylan terzinden we düzgüninden başga bir terzde we düzgünde ýaradylyp bilmezler'' diýýär. Şonuň üçin Ibn Sina hem ''eger şeýle bolýan bolsa, başga bir älem bolardy'' diýipdir.
Tekstler we olaryň garşydaşlary: Soňky dört ýazgymyň gysgaça mazmunyny aýdar bolsam Orta asyrlardan modern zamanlara çenli teist akyldarlar erbetligiň ontologik barlygyny inkär edýärler ýa-da adalatyň we ýagşylygyň amala aşmagynda serişde hökmünde kabul edýärler. Umumy netije şu: erbetlik meselesi Taňrynyň ýoklugyna delil bolup bilmez. Ýöne Dewid Ýum muňa garşy çykýar. At(h)eizm Ýumuň pikirlerini özlerine esas edip alýarlar we erbetlik bar ýerinde absolýut Taňrynyň boljagyna ynananoklar. Döwürdeş teistler bolsa bu çemeleşmäni erkin erada arkaly çözmäge synanyşýarlar. Erbetligi erkin eradanyň we jogapkärçiligiň çäginde okamaga başlasak, islesegem-islemesegem ahlak zeminiň emele geler. Indiki hepde ahlak erbetliginiň üstünde durup geçeris.
Aýşe SUJU ''SÖZCÜ'' gazet.
02.11.2020.
Guwanç Mämiliniň terjimesi
kitapcy.ru

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.