Sagdyn bolmak üçin näçeräk ýöremeli? Näçeräk ylgamaly? Öý işleri saglyk üçin peýdalymy?
SAGDYN BOLMAK ÜÇIN NÄÇERÄK ÝÖREMELI? NÄÇERÄK YLGAMALY? ÖÝ IŞLERI SAGLYK ÜÇIN PEÝDALYMY?
25-nji noýabrda BSGG, uludan-kiçä, hemmeler üçin fiziki işjeňligiň täze gollanmasyny taýýarlady.
Yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmak, hem beden, hem beýin saglygy üçin peýdalydyr. Bu gollanma göwreli aýallary, çagalary, şeýle-de dürli fiziki aýratynlyklary bolan adamlary hem öz içine alýar.
Gollanmadan umumy maslahatlar:
↪ Fiziki işjeňlik – diňe türgenleşik bilen çäklenmän, oňa: ýöremek, öý işleri, aktiw dynç alyş hem girýär.
↪ Hiç hili hereketsizlikden, az hem bolsa, fiziki işjeňlik gowudyr.
↪ Köp wagtlap oturmajak we ýatmajak boluň. Arasynda ýeňil fiziki hereketleri we maşklary edip duruň.
↪ Fiziki işjeňligiň intensiwligini kem-kemden artdyryň.
Çagalara we ýetginjeklere (5 - 17 ýaş aralygy), şol sanda maýyplygy bolan çagalara maslahatlar:
↪ Her gün azyndan 60 minut aram intensiwlikdäki aerobiki fiziki hereket.
↪ Hepdede azyndan 3 gezek ýokary intensiwlikdäki fiziki hereketler we aerobiki maşklar.
Ululara, şol sanda maýyplygy bolan ululara maslahatlar:
↪ Hepdede 150-300 minut aralygy, aram intensiwlikdäki aerobiki fiziki işjeňlik; ýa-da
↪ Hepdede azyndan 75-150 minut aralygy, ýokary intensiwlikdäki aerobiki fiziki işjeňlik; ýa-da
↪ Hepdelik zerur bolan fiziki işjeňligi üpjün edýän aram we ýokary intensiwlikdäki fiziki işjeňligiň utgaşdyrylmasy. Ýagny, bir minutlyk ýokary intensiwlikdäki işjeňlik – iki minutlyk aram intensiwlikdäki işjeňlige deňdir.
Göwreli we ýaňy dogran aýallar üçin maslahatlar:
↪ Fiziki işjeňlige garşy görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda, hepdede azyndan 150 minut aram we ýokary intensiwlikdäki aerobiki maşklar we fiziki işjeňlik.
↪ Eger göwrelilikden öň diňe ýokary intensiwlikdäki aerobiki maşklar edilen bolsa, bu görnüşde dowam etse bolar.
Goşmaça peýdaly maslahatlar:
Köpräk türgenleşmek: Hepdede azyndan iki gezek, esasy myşsa toparlaryny türgenleşdirýän aram we ýokary intensiwlikdäki maşklary etmek.
65 we ondan uly ýaşly adamlar, şeýle hem dürli keselleri bolan adamlar (onkologik keselleri başdan geçirenler, arterial gipertenziýasy, 2-nji derejeli süýji keseli, AIW ýokuşan adamlar)
Işjeňlige garşy görkezmeleri bolmadyk ýagdaýynda, şol bir umumy maslahatlar ululara hem degişlidir.
Mundan başga-da:
Adaty fiziki işjeňligiň bir bölegi hökmünde, hepdede azyndan üç gezek aram we ýokary intensiwlikdäki deňagramlylyk we güýç talap edýän maşklar edilmeli.
Çeşme: https://www.saglyk.org/makalalar/sagdyn-iymitlenme-we-berhiz/bedeni-sagaldyjy-masklar/1924-sagdyn-bolmak-ucin-nacerak-yoremeli.html

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.