Alymlar sport bilen meşgullanmagyň ýatkeşligi güýçlendirýändigini subut etdiler
Amerikanyň Massaçusets ştatynyň Merkezi hassahanasynyň hünärmenleri sportuň diňe bir nazaryýetde däl, eýsem iş ýüzünde hem aň-bilim işleriniň hilini ýokarlandyrýandygyny subut etdiler. Olaryň geçiren barlagy, esasan, fiziki işjeňligiň ýatkeşlik we akyl işjeňligi bilen baglanyşygyny ýüze çykarmaga gönükdirildi. Bu barada msn.com habar berdi.
Görnüşi ýaly, yzygiderli fiziki işjeňligiň netijesinde irizin diýlip atlandyrylýan gormon bölünip çykýar. Sport bilen meşgullanylanda bolsa bu gormonyň dowamly we köp mukdarda bölünip çykýandygyny çaklamak bolar. Ol süýji keseliniň we semizligiň howpuny azaldýan, şeýle hem myşsalaryň ösmegini höweslendirýän serişde hökmünde giňden mälimdir. Şeýle hem, onuň "goşmaça" funksiýalarynyň bardygy, ýagny esasy ýat merkezleriniň biri bolan gippokampa täsir edýändigi ýüze çykaryldy.
Synaglar syçanlarda geçirilen hem bolsa alymlar bu prosesleriň adamlarda-da edil şonuň ýaly bolup geçýändigine şübhelenmeýärler. Gippokampa ýeterlik mukdarda irizin baranda, ýadyň hili ýokarlanýar we beýni aň-bilim kynçylyklaryny aňsatlyk bilen ýeňip geçýär. Şeýle hem irizin neýronlaryň hiline hem öz täsirini ýetirýär.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.