Özbegistanda pomidordan koronawirusa garşy sanjym aldylar
Howply ýokanja garşy antigen almak üçin pomidor iýmek ýeterlik, ýöne munuň üçin olary terligine iýmeli, sebäbi ter pomidorda kesele garşy bedenleri işläp çykarýan ösümlik öýjükleri has köp saklanýar.
Özbegistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Genomika we biohabarlar merkeziniň alymlary pomidoryň esasynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy işläp düzendiklerini habar berdiler.
Bu ugurdaky barlaglara gatnaşan alymlaryň biri ýurduň “Zamon” teleýaýlymynda eden çykyşynda pomidor aşgazana düşen badyna ondaky antigeniň boşaýandygyny we böleklere bölünýändigini gürrüň berdi.
“Biz Özbegistanda ýüze çykarylan koronawirusy alyp, onuň bir bölegini nusgaladyk we ösümligiň öýjügine girizdik. Barlaglaryň üsti bilen, waksinanyň, hakykatdanam, ösümligiň öýjüklerinden boşaýandygyny hasaba aldyk” diýip, merkeziň işgäri gürrüň berdi.
Özbek alymlaryna şeýle derman serişdesini işläp taýýarlamak üçin ýarym ýyldanam köp wagt gerek boldy. Indi alymlar ilkinji “sanjym edilen” pomidor hasylynyň ýetişmegine garaşýarlar, oňa bolsa iki aý galdy.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.