Sanjym etdir we awtoulag al

Dünýäniň dürli şäherlerinde koronawirusa garşy sanjymy höweslendirmek maksady bilen utuşly baýraklar hödürlenip başlandy. Russiýanyň paýtagty hem şeýle şäherleriň hataryna goşuldy. Şäheriň meri Sergeý Sobýanin 14-nji iýun 11-nji iýul aralygynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň birinji dozasyny alanlaryň arasynda utuşly baýragyň ýola goýlandygyny we bijesi çykana baş baýrak hökmünde awtoulag beriljekdigini mälim etdi. Her hepde bahasy 1 million rubl (13 900 dollar töweregi) bolan 5 sany awtoulag üçin baýrakly utuş çäresi geçiriler. 23-nji iýundan başlap, her hepdäniň çarşenbe güni ýeňijiler “Moskwa 24” teleýaýlymyndan mälim ediler. Bu çäre hemaýatkär kompaniýalaryň ýardam bermegine guralýar.
1 лайков 134 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
MerdaNazarov
24 июн 2021, 07:22
Bizde Safi'den massyn utjak bolyan yaly bolyada onno
S❤
24 июн 2021, 11:37
Mbah gen. Pul ucin ozlerini howpa atmak bolyat
Ogulşirin Bayramowa
24 июн 2021, 13:02
Men sanjym etdiryan getir limuzinimi