«Ak ýol» firmasynyň aksiýasynda goýlan maşynlaryň biri eýesini tapdy
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti-wokalisti Gülälek Şirowa «Toyota Corolla» kysymly ulag utdy. «Ak ýol» firmasynyň utuşly aksiýasyna gatnaşan aýdymçynyň satyn alan içgisiniň gapagynda hut şu utuş bar eken.
Öň habar berşimiz ýaly, awgust aýynda «Ak ýol» firmasy dürli utuşly baýraklar bilen aksiýa yglan edipdi. Utuş gazanmak isleýän müşderiler firma tarapyndan hödürlenilýän gapagynda «Utuşly» diýlip ýazylan «Boss» we «Ýiti» atly içgileri satyn alaýmaly. Utuş çüýşäniň gapagynyň iç ýüzünde ýazylan.
Aksiýa yglan edilenine soň bir töweregi wagt geçeninden soň ilkinji bagty çüweniň ady belli boldy. Aksiýa dowam edýär. Ýene-de bir «Toyota Corolla» awtomobili we beýleki baýraklar eýelerine garaşýar.
Gülälek Şirowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öň ýanynda «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň hem ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglanyldy.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.